
Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren eneleriň 253 sanysyna “Ene mähri” diýen at dakyldy. Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky karara 7-nji martda gol goýdy.
TDH-niň maglumatynda “mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna gadymdan gelýän milli däplerimize görä edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde olar bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler” diýilýär.
Resmi maglumatda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dabarada köp çagaly eneleriň ordendir medallar we beýleki sowgatlar bilen sylaglanandygy aýdylýar.
Şeýle-de, köp çagaly maşgalalara ýokary amatlykly täze öýleriň açarlarynyň gowşurylandygy hem bellenilýär. Ýöne resmi mediada bu öýleriň anyk näçe maşgala gowşurylandygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.
Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysy köp çagaly enelere dakylýan “Ene mähri” diýen ada dalaşgär bolmak isleýän zenanlardan edilýän talaplaryň sanawyna ýene biriniň goşulandygyny habar berdi.
Şonda ol sekiz we ondan köp çagaly eneleriň “üç arka” barlagyndan geçirilýändigini we diňe üç arkasy “arassa” hasaplanan zenanlaryň hormatly ada mynasyp bolup bilýändigini aýtdy.
Bu maglumatlar, Ministrler kabinetiniň 28-nji fewralda geçirilen mejlisinde köp çagaly eneleri “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlemek işleriniň dowam edýändigi barada mälim edilmeginiň yz ýanyna gabat gelipdi.
2023-nji ýylyň fewralynda bolsa, habarçylarymyz “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlenjek köp çagaly enelerden ýörite dilhaty alynýandygyny habar berdiler. Şonda enelerden döwlet tarapyndan sowgat berlen altyn zynjyrlary we ordenleri, şeýle hem beýleki gymmatbaha sowgatlary satmajakdyklaryna kepil geçmek talap edilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.