Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat – Bäherden aralygynda gysga wagtda häkimiýetler tarapyndan onlarça jaý ýykyldy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Aşgabat şäheri bilen Bäherden etrabynyň arasyndaky sebitlerde martyň başlarynda, gysga wagtyň içinde, 50-den gowrak hojalygyň ýaşaýyş jaýlary, öňünden duýduryş berilmezden, häkimiýetler tarapyndan ýykyldy. Jaý eýelerine kompensasiýa tölegleri tölenmedi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu wakanyň töweregindäki käbir jikme-jiklikler barada habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylar öz jaýlarynyň ýykylmagynyň martyň ilkinji hepdelerinde Bäherden etrabyna amala aşyrylan ýokary derejeli saparlar bilen baglanyşykly bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji martda Bäherden etrabyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde täze keramika zawodunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara we ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, şondan on gün çemesi ozal, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň bir orunbasarynyň hem, prezidentiň iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde, Aşgabatdan Bäherden etrabyna dikuçarda sapar edendigini, ýykyljak jaýlaryň sanawynyň, megerem, şonda anyklanandygyny aýdýar.

“Uly ýoluň ugrunda ýerleşýän üpjünçiligi pes hojalyklaryň 5-10 ýyl ozal gurlan, hem-de emel edilip göçülen jaýlary ‘owadan däl jaýlar’ hasaplanyp ýykyldy. 50-ä golaý jaý ýykyldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.

“Bu jaýlar adamlaryň üpjünçiligine görä, emel edilip gurlan jaýlar, hatda käbir jaýlarda heniz suwag işleri hem geçirilmändir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýerli ýaşaýjylar, hususan-da oba ýerlerinde ýaşaýyş jaý kodeksine, ýa-da degişli kanunçylyk namalaryna laýyklykda ýaşaýyş binalary üçin zerur bolan resmi kagyzlaryň, şol sanda döwletnamalaryň düzedilmeýändigini aýdýarlar. Ýagdaý şeýle bolansoň, olar ýykylan jaýlarynyň öwezine kompensasiýa ýa-da ýaşamak üçin täze jaý talap edip bilmeýändigini aýdýarlar.

“Prezidentiň Bäherden etrabyna amala aşyran saparyndan on gün ozal gelip, jaýlary ýykdylar we bir günüň içinde ähli binalaryň galyndylaryny ýük ulaglaryna ýükläp, hamala, ol ýerde ozal jaý bolmadyk ýaly tekizläp gitdiler” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Ýykylan jaýlaryň arasynda heniz penjire oturdylmadyk jaýlar hem bar ekeni, şeýle jaýlarda ýaşaýan adamlar, sowukdan goranmak üçin, penjiräniň ornuna klýonka kakyp oňşup ýören ekenler.

Ýerli ýaşaýjylar häkimligiň işgärleriniň örän gysga wagtyň içinde gelip, ýaşaýyş binalaryny ýykan-ýumran edip, tekizläp gidendiklerini aýdýarlar.

“Adamlar kanun tarapdan-da, beýleki tarapdan-da çäre görüp bilmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjy aýdýar.

“Häkim ‘sesiňiz çyksa, ähliňize dälihanadan jaý bererin’ diýip haýbat atýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Bulardan başga-da, prezidentiň Bäherden etrabyna amala aşyran saparynyň öňüsyrasynda, bu sebitde ýerleşýän beýleki jaýlaryň ençemesiniň üçekleriniň hem ýaşyl reňke boýalmagy talap edilipdir.

Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda, şuňa meňzeş arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlanýar, köplenç binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň göz ilýän taraplarynda boýag işleri geçirilýär.

Maglumata görä, prezident dabara bilen açylan keramika zawodynyň ýerleşýän ýerine dikuçarda barypdyr.

Bäherden etraby Aşgabatdan 110 kilometr çemesi günbatarda ýerleşýär. Paýtagtdan Bäherdene barýan awtomagistral Arkadag şäheriniň hem üstünden geçýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyna amala aşyrylan ýokary derejeli sapardan bir hepde çemesi ozal, 6-njy martda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.

Bu saparyň dowamynda Berdimuhamedow Aşgabatdan Arkadag şäherine çenli welosiped ýodalarynyň gurulmagyny, şeýle-de atlar üçin çägeli ýollaryň gurulmagyny maslahat berdi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu sebitde onlarça ýaşaýyş jaýynyň ýykylmagynyň welosiped ýodalarynyň, ýa-da atly gezelençlere niýetlenen çägeli ýodalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly bolmandygyny aýdýarlar.

“Bir wise-premýer prezidentiň Bäherdene etjek saparyndan on gün ozal, dikuçarda sebite aýlanyp, prezidentiň dikuçarynyň geçjek ýerlerinde, prezidentiň gözüne ilip biläýjek gelşiksiz jaýlary surata düşüripdir” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Aşgabat şäher häkimliginden, ýa-da Bäherden etrap häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda öňki ýyllarda hem şähergurluşyk taslamalarynyň çäklerinde ilatyň ýaşaýyş jaýlarynyň köpçülikleýin ýykylýan halatlary köp bolýardy. Şeýle ýagdaýda öý eýelerine kompensasiýa hökmünde täze jaýlaryň berilýän halatlary hem bolýardy.

Ýöne ýerli ýaşaýjylar we çeşmeler Bäherdene barýan magistral ýoluň ugrunda ýykylan jaýlara derek ne kompensasiýa, ne-de täze jaýlaryň berlendigini we bu ýagdaýyň gönüden-göni ýykylan jaýlaryň eýeçiligi boýunça resmi kagyzlaryň bolmazlygy bilen düşündirilýändigini aýdýarlar.

“Kompensasiýa ýok, sebäbi oba ýerlerindäki jaýlar üçin döwletnama berilmeýär. Häkimlik diňe binagärlik talaplary berjaý edilip gurlan jaýlara, taslama esasynda gurlan jaýlara döwletnama berýär. Oba ýerlerinde gurulýan jaýlaryň tas ählisi diýen ýaly seýsmiki ölçeglere, ýa-da beýleki talaplara gabat gelmeýär. Şol sebäpden olara ne döwletnama berilýär, ne-de kompensasiýa berilýär” diýip, gurluşyk pudagyndan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Häzirki wagtda jaýlary ýykylan adamlara heniz jaý wadasy hem berilmedi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyk taslamalarynyň çäklerinde häkimiýetler tarapyndan jaýlary ýykylýan adamlar öňki ýyllarda köplenç dogan-garyndaşlarynyň jaýlarynda wagtlaýyn ýaşaýardy.

Prezidentiň Bäherden etrabyna sapar eden gabatlary, 11-12-nji martda bu sebitden geçýän Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunda hem hereket çäklendirilipdir.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaý meselesi ilatyň ýiti problemalarynyň hatarynda galýar.

Ilat ýazuwynyň netijelerine görä, 2022-nji ýylyň dekabryna çenli ýurtda 1 million 300 müňden gowrak ýaşaýyş jaýy, 1 million töweregi ýaşaýyş binasy bellige alnypdyr.

Resmi sanlara görä, Türkmenistanda ýaşaýyş binalarynyň sany on ýyl çemesi wagtyň dowamynda 12,4 göterim artypdyr. Şeýle-de, ýaşaýyş jaýlarynyň sany 13,6 göterim, olaryň tutýan umumy meýdanynyň göwrümi 24,5 göterim artypdyr. Bu görkezijiler resmi statistikalara salgylanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG