Ahal welaýatynyň çäklerinde bäş güne golaý dowam eden ýagyşly howa 26-njy martda Balkan welaýatynyň çäklerine aralaşyp başlady. Dyngysyz ýagýan çabgaly ýagyşlaryň netijesinde gelen sil suwlary şäher we oba infrastrukturasyna, hususan-da, gara ýollara we demirýollara ýiti zyýan ýetirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 28-nji martda Ahaldan we Balkandan maglumat berdiler.
“Iki günden bäri dynuwsyz ýagýan çabgaly ýagyş welaýatyň günorta böleklerine, Balkan dagyndan sil suwunyň dolup, ýokardan gaýtmagyna getirdi. Siliň güýji Bereket şäheriniň deňinden geçýän ýoly kowup, onuň bir bölegini köwüp geçdi” diýip, ýagdaýlardan habarly bereketli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyzyň redaksiýamyza iberen suratlarynda Bereketiň golaýynda demir ýoluň onlarça metre ýetýän bölegini sil suwlary basyp, onuň bir bölegini opurandygyny görse bolýar. Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli bu suratlary çap etmekden saklanýar.
“Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyndaky demirýolda ýolagçy we ýük otlularyny aragatnaşygy kesilip, gatnaw togtady” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli dermirýol gullugynyň işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Käbir ýollarda ulag aragatnaşygy togtady
Ýatlatsak, geçen ýylyň maý aýynda ýagan güýçli ýagşyň getiren sil suwlarynyň netijesinde, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň golaýynda hem, demirýoluň bir bölegi opurylypdy.
Bereket etrabynyň käbir ýerlerinde, hususan-da, obalarynda ýeke-täk gara ýollaryň asfalt gatlagyndan sil suwlary geçip, ýollarda uly çukurlar emele geldi we olarda ulag aragatnaşygyny togtady.
“Bu ýollarda sil suwlarynyň derejesi peselenden soň, ulag sürüjileri öz güýçleri bilen, pil bilen ýollarda emele gelen çukurlary gömüp, 4-6 metr uzynlykdaky ýoly köpçülikleýin bejerdiler. Şondan soň ulaglaryň ýollardan geçmegine mümkinçilik döredi” diýip, bereketli ýaşaýjy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, soňky onýyllygyň dowamynda ýygjamlaşan tebigy hadysalaryň netijeleri bilen, ilat özbaşdak göreşmeli bolýar.
Bellesek, häzirki wagtda habarçylarymyz sil suwlarynyň gowaça ekişiniň dowam edýän şu günlerinde ekin meýdanlaryna ýetiren täsirlerini anyklamaga hem çalyşýarlar.
Häkimiýetler we resmi media dymýar
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda ýerli demirýol gullugyndan teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň çäklerine ýagynly howa 23-nji martda aralaşyp başlady. Habarçylarymyz 26-njy martda beren maglumatlarynda esasanam Ahal welaýatynyň çäklerine dyngysyz ýagan güýçli ýagyşlaryň köçeleri ýagyn suwlarynyň basmagyna getirendigini, käbir obalarda bolsa, sil suwlarynyň köçeleriň we köprüleriň gyrasyndaky topragy ýuwup, transport aragatnaşygyny, elektrik we gaz üpjünçiligini kesendigini habar berdiler.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi web sahypasynda howa hadysalary barada hiç hili maglumat ýa-da duýduryş göze ilmeýär.
Şeýle-de, döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 22-23-24-25-26-njy martda efire berlen sanlarynda hem, ýurtda ýagşyň ýagjakdygy barada aýdylsa-da, onuň depgini, ýetirip biljek ýa-da ýetiren täsirleri barada hiç zat aýdylmaýar.
Adamlaryň ýüzünde gülki we şatlyk...
Adatça türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda boljak adatdan daşary howa hadysalary we onuň ýetirmegi mümkin ýa-da ýetiren täsirleri barada ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan duýduryş, maglumat berýärler.
Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri Türkmenistanyň köp ýerinde gaty gurak bolan mart aýynyň ilkinji 20 gününden soň, 20-nji martdan 24-nji mart aralygynda, hususan-da, 23-24-nji martda ýyldyrym çakyp, güýçli şemallar bilen güýçli ýagyş ýagandygyny, ýurduň käbir sebitlerinde 1,5 aýlyk ýagyş normasynyň ýagandygyny habar berdi.
“Käbir sebitlerde, esasan, Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir ýerlerinde, Lebap welaýatynyň günortasynda, ýagyşlar 25-27-nji mart aralygynda hem dowam eder, ýöne ygalyň mukdary 23-24-nji mart aralygyndakydan has az bolar” diýip, neşir 24-nji martda çap eden maglumatynda belleýär.
Bu aralykda, Ahaldaky habarçymyz sebitde ýagşyň diňendigini we köp maşgalanyň toparlanyşyp, ýagyşdan soň peýda bolan kömelekleri çöplemek üçin, meýdanlara çykýandygyny habar berýär.
“Käbir işewür adamlar kömelek çöpleýän çagalardan olary arzan bahadan satyn alyp, paýtagtyň bazarlarynda satýarlar. Meýdanda kömelek çöpleýän adamlaryň ýüzünde gülki we şatlyk alamatlary görünýär” diýip, ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum