Çärýek asyrdan gowrak mundan ozal Stambulyň meşhur häkimi wezipesinden aýryldy we tussag edildi. Tarapdarlary onuň tussag edilmeginiň syýasy matlaplydygyny aýtdylar. Soňra bolsa ol ýurduň häzirki taryhynda iň uzak wagtlap işleýän lider hökmünde täzeden peýda boldy.
Bu, Türkiýäniň häzirki prezidenti Rejep Taýyp Erdogan.
Emma Erdogan häzir soňky iki onýyllygyň içinde barha artýan awtoritar dolandyryşynda iň çynlakaý krizis bolup biljek syýasy krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Geň tarapy, muňa Stambulyň başga bir meşhur häkiminiň tussag edilmegi getirdi.
19-njy martda Stambulyň häkimi Ekrem Ymamoglunyň korrupsiýa we terrorçy topara kömek bermek aýyplamalary bilen tussag edilmeginden soň, Stambulda, Ankarada we beýleki şäherlerde we welaýatlarda bir hepdeden gowrak wagt bäri protestler dowam edýär.
Bu, 2013-nji ýylda birnäçe hepdäniň dowamynda dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çeken Gezi seýilgähindäki protestlerden bäri ýurtda geçirilýän iň uly we iň giň ýaýran protestdir.
Häzirki demonstrasiýalarda ölüm hadysalary barada habar berilmese-de, olarda 1500 töweregi adam tussag edildi - olaryň käbiri Erdogany we maşgalasyny kemsitmekde tussag edildi. Käbir žurnalistler türmä basyldy we BBC-niň habarçysyna onuň "jemgyýetçilik tertibine howp salýandygy" habar berlenden soň, ol Türkiýeden deport edildi diýip, britan neşiri habar berdi.
Ýöne analitikler häzirki krizisiň, esasanam ykdysady we syýasy gurşawyň üýtgemegi sebäpli Erdogan we Türkiýäniň demokratiýasy üçin has uly öwrülişik bolup biljekdigi aýdýarlar.
"Şol döwürde Erdoganyň hakykatdanam özüne çekiji bäsdeşi ýokdy, ykdysadyýet has gowudy we iň esasysy konserwatiw saýlawçylar AKP [Adalat we ösüş partiýasyna] wepaly bolup galypdylar" diýip, Türkiýe baradaky kitabyň (Turkey Under Erdogan: How A Country Turned From Democracy And The WesT) awtory Dimitar Beçew aýtdy.
"Häzirki wagtda yzly-yzyna geçirilýän anketalarda türk raýatlary üçin iň esasy mesele hökmünde durmuş-ýaşaýyş çykdajylary görkezilýär. Ymamoglu bu meseläniň üstünde durup geçýär we şol sebäpli saýlawçylaryň uly bölegi bilen arabaglanyşyk gurýar" diýip, Beçew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Sanlardaky güýç
Karizmatik Ymamoglunyň tussag edilmegi, 23-nji martda geçiriljek deslapky saýlawdan birnäçe gün öňe, 2028-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna oppozisiýa Respublikan Halk Partiýasynyň (CHP) kandidaty hökmünde tassyklanylmagyndan birnäçe gün öňe gabat geldi.
CHP Ymamoglunyň kandidaturasyny 24-nji martda yglan etdi.
Ymamoglu tussag edilmezinden ozal, Türkiýede prezidentlige dalaşgärler üçin hökmany talap bolan ýokary bilim alandygy baradaky diplomyndan Stambul uniwersiteti tarapyndan jedelli ýagdaýda mahrum edildi.
"Bagtymyza, bu hereketler [Ymamogluny] has-da meşhur eder" diýip, Kiýewdäki Ýakyn Gündogary öwreniş merkeziniň müdiri Ihor Semywolos Azatlyk Radiosyna aýtdy.
71 ýaşly Erdogan CHP-ni esasan zorluksyz bolan protestleri goldamak arkaly "zorluk hereketini" öjükdirmekde aýyplady.
CHP Ymamoglunyň tussag edilmegini "agdarylyşyk" hökmünde kabul etdi we 29-njy martda meýilleşdirilýän uly ýörişiň öňüsyrasynda 25-nji mart gijesi Stambulyň häkimliginiň daşynda soňky partiýa ýörişiniň bolýandygyny aýtdy.
Emma talyplaryň protestleri dowam edýär. Talyplaryň bir topary 27-nji martda Ankaradaky Ýakyn Gündogar tehniki uniwersitetiniň daşynda protest geçirýän mahaly polisiýanyň hüjümine sezewar boldy. Polisiýa olara güýçli derejede suw sepýän ulaglar we plastmassa bölejikleri bilen hüjüm etdi.
'Saýlanan diktatorlyga" tarap?
Köçelerdäki wakalar haýsy tarapa ugruksa-da, häzirki Türkiýäniň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Ataturk bilen iň ýakyn gatnaşygy bolan CHP güýçlenýän ýaly bolup görünýär.
Munuň aglabasy, häkimiýet başyndakylaryň has bölünişikli ritorikasyndan düýpgöter tapawutlanýan, "hemme zat gowy bolar" sözbaşysy bilen partiýanyň bazasyny emele getirýän şäher, dünýewi we bilimli gatlaklaryň çäginden geçmegi başaran Ymamoglunyň üstünligidir.
Konstitusiýa çäklendirmeleri, parlament gyssagly saýlaw geçirmegi çagyrmasa ýa-da esasy kanunyň özi üýtgedilmese, Erdoganyň häzirki prezidentlik möhletinden soň prezidentlige dalaş edip bilmejekdigini aýdýar.
Ýanwar aýynda Erdoganyň AK partiýasynyň metbugat sekretary, prezident bolmazdan ozal premýer-ministr bolup işlän türk lideri üçin dördünji prezidentlik möhletiniň "gün tertiplerindedigini" tassyklady.
Milletçi Hereket Partiýasynyň (MHP) lideri we Erdoganyň esasy goldawçysy Dewlet Bahçeli hem bu pikiri goldaýandygyny aýtdy.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Azatlyk öýi (Freedom House) guramasy dünýäde erkinlikleriň ýagdaýy boýunça taýýarlan nobatdaky 2025-nji ýyldaky hasabatynda Türkiýäni soňky on ýylda demokratik azatlyklary iň pese gaçan 10 ýurtdan biri diýip atlandyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.