Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

 Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär.
Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär.

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 321 bendiniň günäsi geçildi. Bu barada resmi media 20-nji martda habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadylar.

Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Synçylar türkmen häkimiýetleriniň raýatlary türme howpy bilen gorkuda saklaýandyklaryny aýdýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankyt edýärler.

Diňle: Azatlyk Radiosy Türkmenistanda 'halkyň sesi hökmünde tanalýar', diňleýjiler goldaw beýan edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:11:38 0:00

ABŞ-da Azatlyk Radiosyna Kongres tarapyndan bölünip berlen granty ýatyrmak ugrunda edilýän synanyşyklaryň arasynda, media guramasynyň auditoriýalary, şol sanda türkmenistanly diňleýjiler Azatlygyň 75 ýyldan gowrak wagt bäri alyp barýan žurnalistiki işine goldaw beýan edýärler.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG