Sepleriň elýeterliligi

 
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
Soňky habar

ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar


Kaýa Kallas
Kaýa Kallas

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas şu ýyl Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda Aşgabatda, Türkmenistanyň guramagynda 27-nji martda geçirilýän sammite, ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň 20-nji duşuşygyna başlyklyk eder. Ýewropanyň daşarky gatnaşyklar gullugy bu habary 26-njy martda çap etdi.

2025-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji ÝB-Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk görmekden başga, bu duşuşyga gatnaşyjylar Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň sebitleýin täsiri, ulag we sanly baglanyşyk, möhüm çig mal, energiýa we suw, söwda, adamlar bilen aragatnaşyk, bilim we ylmy barlaglar ýaly, köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýokary wekil duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn görnüşde duşuşyk geçirer.

Ministrleriň duşuşygy 27-nji martda, ýokary wekil Kallasyň gatnaşmagynda geçiriljek metbugat ýygnagy bilen tamamlanar.

Soňra ýokary wekil Özbegistanyň paýtagty Daşkende ugrar we ol ýerde bu ýurduň daşary işler ministri Bagtyýor Saidow, prezident Şawkat Mirziýoýew dagy bilen duşuşar.

Soňra, 28-nji martda ol Gazagystanyň Almaty şäherine baryp, Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşar. Hanym Kallas Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen hem ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer diýip, habarda aýdylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, Kaýa Kallasyň Aşgabada 4-nji martda etmeli, ýöne ýatyrylan saparynyň öňüsyrasynda hukuk goraýjy toparlar ony Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna üns bermäge çagyryp, ýüzlenme çap etdiler.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” we Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlygy guramalarynyň bilelikde çap eden ýüzlenmelerinde ýewropa resmisi türkmen ýolbaşçylary bilen geçirjek duşuşyklarynda, durnukly ösüşi gazanmak üçin, adam hukuklarynyň ähmiýetini nygtamaga çagyryldy.

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekçidigini, bileleşigiň 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa boýunça kabul eden strategiýasynyň sebitde adam hukuklary meselelerini ileri tutýandygyny aýdýar.

Hukuk toparlary bilelikde çap eden ýüzlenmelerinde ýokary derejeli ýewropa resmisinden Türkmenistanda Internet tizliginiň hem-de elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, raýat işjeňligi zerarly tussag edilen adamlaryň boşadylmagy, raýatlara girizilen eden-etdilikli syýahat gadaganlyklarynyň aradan aýrylmagy ýaly, adam hukuklary meselelerini gozgamagy soradylar.

Hukuk goraýjy toparlar adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny yzygiderli tankytlap gelýärler. Türkmen häkimiýetleri bu meseleler boýunça edilýän tankydy belliklere umumy sözler bilen, başdansowma jogap berýär.

ÝB şu ýylyň 3-nji we 4-nji aprelinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän ÝB-Merkezi Aziýa sammitinde adam hukuklaryny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryň has işjeňleşmeginiň merkezinde goýmaly diýip, Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy 27-nji martda aýtdy.

"ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen ýokary derejede gatnaşyk gurýandygy gowy habar, ýöne bu gatnaşygyň netijeli bolmagy üçin, gepleşikler sebitdäki adam hukuklary meselesini çözmäge görünkdirimeli” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça aklawçy müdiri Iskra Kirowa aýtdy.

Türkmenistanda garaşsyz raýat jemgyýeti hakykatda ýok diýerlik. Döwlet hakyky we mümkin bolan tankytçylary, aktiwistleri we olaryň garyndaşlaryny yzarlaýar, olaryň daşary ýurtlara syýahat etmegini esassyz we eden-etdilikli gadagan etmegini dowam etdirýär diýip, Kirowa 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri häkimiýetleriň azyndan üç aktiwistiň, Soltan Açylowanyň, Nurgeldi Halikowyň we Pygambergeldy Allaberdiýewiň daşary ýurda gitmegini esassyz gadagan edendigini belledi.

Türkmenistan daşary ýurtdaky dissidentleri we olaryň ýurduň içindäki maşgalalaryny yzygiderli basyp ýatyrýar diýip, ol aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 19-njy fewralda ÝB wekilleri bilen wideo arkaly geçiren iş duşuşygyna türkmen tarapyndan ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gatnaşypdy.

Bellemeli ýeri, şonda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmesiniň tankyt edilýän we gynandyryjy ýagdaýy, adam hukuklary meseleleri sammitiň gün tertibine girizilen meseleleriň biri bolup bilmedi.

Adam hukuklary ýagdaýyny gowulaşdyrmak meselesi soňky ýyllara çenli ÝB-niň sebitdäki ýurtlar, hususan-da Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin goýýan esasy şertleriniň biri bolýardy. Ýöne soňky ýyllarda bu mesele kem-kemden yzdaky orunlara geçirilip başlandy.

“Biz bulam-bujarlyk we bölünişik dünýäsinde ýaşaýarys, bu ýerde ÝB üçin ýeke-täk çözgüt parahatçylygyň we abadançylygyň hatyrasyna gurulýan hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolup durýar. Köp polýarly dünýäde has işjeň we anyk maksatly hyzmatdaşlyk zerur. Ilkinji ÝB-Merkezi Aziýa sammiti, halkara hukugyna doly hormat goýmak bilen, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bilelikde işlemek baradaky borçnamamyzy güýçlendirer" diýip, Ýewropa geňeşiniň prezidenti António Kosta aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Forum

XS
SM
MD
LG