Ak tamyň onlarça daşary ýurt döwletiniň raýatlaryna garşy girizmegi meýilleşdirýän we türkmenistanlylary hem öz içine almagyna garaşylýan wiza çäklendirmeleriniň metbugatda habar berilmeginiň yz ýany, ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary we emeldarlary şeýle habarlary ýakyndan synlaýar.
Türkmenistan
Çarşenbe 19 Mart 2025

Tramp administrasiýasynyň onlarça daşary ýurt döwletiniň raýatlaryna garşy girizmegi meýilleşdirýän we türkmenistanlylary hem öz içine almagyna garaşylýan wiza çäklendirmeleriniň metbugatda habar berilmeginiň yz ýany, ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary we emeldarlary şeýle habarlary ýakyndan synlaýar.
Reuters habar agentligi 15-nji martda Tramp administrasiýasynyň daşary ýurt döwletlerine degişli täze syýahat gadaganlygyny girizmegi meýilleşdirýändigini habar beripdi. Heniz tassyklanmadyk çäklendirmeler onlarça daşary ýurt döwletiniň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara girmegini çäklendirýär.
Maglumata görä, bu ýurtlaryň sanawyna Türkmenistanyň hem girizilmegine garaşylýandygy habar berilýär.
“Şeýle çäklendirmeler güýje girizilse, Birleşen Ştatlarda emlägi bolan ýokary wezipeli türkmenistanlylar ýa-da olara ýakyn adamlar uly zyýan çekerler. Olaryň arasynda ABŞ-nyň çäginde millionlarça dollara barabar biznesi ýa-da gozgalmaýan emlägi bolan türkmenistanlylar bar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy Balkanabat şäherinde ýaňy-ýakynda geçirilen iri şahsy çäreleriň, toý-sadakalaryň birinde esasan bank işgärleriniň hem-de mugallymlaryň ABŞ-nyň türkmenistanlylara garşy girizmegi meýilleşdirýän syýahat gadaganlygyny giňden ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdýar.
Reuters habar gullugyna görä, amerikan häkimiýetleri 40 çemesi ýurduň raýatlarynyň ABŞ-a girmeklerini çäklendirmekçi bolýar.
Sanawdaky ýurtlar üç topara bölünýär. Birinji toparda 10 döwlet, şol sanda Owganystan, Eýran, Siriýa, Demirgazyk Koreýa we Kuba raýatlary bar. Plana görä, olaryň Birleşen Ştatlara girizilmegi doly gadagan edilýär.
Ikinji toparda Eritreýa, Mýanma, Haiti, Günorta Sudan we Laos ýaly döwletler bolup, olar bölekleýin syýahat gadaganlygyna sezewar edilýär. Maglumata görä, ABŞ bu ýurtlaryň raýatlaryna syýahatçylyk we talyp wizalaryny, şeýle-de immigrant wizalarynyň käbir görnüşlerini bermegi gadagan edýär.
Türkmenistan üçünji topardaky 26 ýurduň hataryna goşulyp, Reuters habar agentligine görä, amerikan häkimiýetleri bu ýurtlaryň hökümetlerinden 60 günüň dowamynda bar bolan ýetmezçilikleri aradan aýyrmagy soraýar, ýogsa-da bulara garşy hem giriş gadaganlygynyň giriziljekdigini aýdýar. Üçünji toparda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan Türkmenistan we Belarus bar, galyberse-de Afrika yklymynda ýerleşýän birnäçe ýurt hem-de Günorta Aziýa ýurtlaryndan Pakistan bar.
The New York Times neşiriniň Amerikada göz öňünde tutulýan syýahat gadaganlygy barada çap eden maglumatynda Türkmenistan, Reuters habar gullugynyň maglumatyndaky ýaly üçünji toparda däl, eýsem, ikinji topardaky ýurtlaryň hatarynda agzalýar.
NY neşiriniň bu barada çap eden infografik maglumatynda syýahat gadaganlygynyň girizilmegi göz öňünde tutulýan ýurtlar “gyzyl”, “mämişi” hem-de “sary” kategoriýalar bölünýär. Reuters neşiriniň maglumatlaryndan tapawutlylykda, The New York Times Türkmenistan bilen bir hatarda Russiýany hem “mämişi” topara goşýar. Bu topar neşir tarapyndan ABŞ wizalarynyň berilmegi “berk çäklendiriljek ýurtlar” atlandyrylýar.
Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinden şeýle sanawlara goşulan ýeke-täk ýurt bolup durýar.
ABŞ prezidenti Donald Tramp özüniň ilkinji prezidentlik möhletinde hem käbir daşary ýurt döwletlerine garşy şuňa meňzeş syýahat gadaganlygyny girizipdi. Şonda bu sanawa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan diňe Gyrgyzystan girizilipdi.
Şol syýahat çäklendirmeleri öňki prezident Jo Baýdeniň 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda wezipä girişen güni ýatyrylypdy.
Häzir göz öňünde tutulýan gadaganlyklar heniz Tramp administrasiýasy tarapyndan tassyklanmady, Reuters habar agentligi, täze sanawyň hatda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan hem tassyklanmandygyny aýdýar.
“Trampyň bu karary adaty türkmenistanlylara kän bir täsir etmez. Biziň halkymyz köplenç türk ýa-da slawian dilli ýurtlara syýahata gitmegi, şol ýerlerden iş gözlemegi ýa-da okuw okamagy saýlap alýarlar. Ýöne hökümet emeldarlary, pully adamlar, biznesmenler syýahat çäklendirmelerinden zyýan çekerler” diýip, Azatlyk Radiosynyň türkmenistanly çeşmeleri aýdýar.
Türkmenistanyň hökümeti onsuzam özüniň adaty raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerine syýahat etmegini çäklendirmek synanyşyklary bilen tanalýar.
Ýatlasak, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkiýe Respublikasy türkmen tarapynyň haýyşy boýunça adaty türkmenistanlylara degişli wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. 2007-2023-nji ýyllar aralygynda türkmen raýatlary bu ýurda wizasyz syýahat edip bilýärdi.
Türkiýe, Russiýa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlar daşary ýurtlara syýahat edýän türkmenistanlylar üçin iň esasy ugurlaryň hatarynda gelýär.
Ýöne soňky ýyllarda ilat arasynda Birleşen Ştatlarda hemişelik ýaşamaga rugsat berýän we bije görnüşinde çekilýän “grin-kart”, ýagny ýaşyl kart alyp Birleşen Ştatlara göçýän türkmenistanlylaryň sanynda hem artyş göze ilýär. Sosial ulgamlarda hem bu ýurtda kemala gelip barýan täze türkmen diasporalary barada maglumatlar ýygjamlaşýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web sahypasyna görä, 2023-nji ýylda ABŞ-nyň “Green Card” lotereýasyny utan türkmenistanlylaryň sany 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 14 esse artdy. Resmi sanlara görä, 2016-njy ýylda 91 türkmenistanly bu usul bilen Amerikada hemişelik ýaşamaga hukuk gazanan bolsa, 2023-nji ýylda bu san 1313 adama baryp ýetdi. Azatlyk Radiosy bu barada awgust aýynda habar berdi. Şeýle habarlar ABŞ-da hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny almaga gyzyklanma bildirýän türkmenistanlylaryň sanynyň artýandygyny görkezdi.
Birleşen Ştatlarda gozgalmaýan emlägi bolan türkmen baýlarynyň, ýa-da ýokary wezipeli adamlaryň sany barada anyk maglumat ýok.
Ýöne, mundan ozal, Azatlyk Radiosy turkmen.news neşiriniň derňew maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Meret Orazowyň bu ýurtda bahasy millionlarça dollara barabar bolan gozgalmaýan emläge eýe bolandygyny habar berdi.
Bulardan başga-da, soňky ýyllarda türkmen-amerikan işewürler toparlarynyň özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşmagy barada berilýän habarlar ýygjamlaşdy.
Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary Türkmenistan-ABŞ işewürler geňeşi bilen hem-de onuň ýerine ýetiriji direktory Erik Stuart bilen wagtal-wagtal duşuşyk geçirip, türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşýar.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty Birleşen Ştatlarda göz öňünde tutulýan syýahat gadaganlygy we munuň türkmenistanlylara ýetirip biljek täsirleri, galyberse-de, bolup biljek şeýle çäklendirmeleriň türkmen-amerikan işewür toparlarynyň gatnaşyklaryna ýetirip biljek oňaýsyz täsirleri barada kelam agyz gürrüň etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.