Özbegistanyň Namangan welaýatynyň obalarynyň birinde balyk ösdürmek üçin emeli suw howuzlary guruldy we suwly ýaplara öý ördeklerini goýberdiler. Bu çäre döwlet telekanalynyň ýaýlymynda, hökümetiň goşmaça hojalyklary ösdürmek maksatnamasynyň barşyny görkezmek üçin surata düşürildi. Wideolar alnandan soň, balyklar-da, guşlar-da ýitirim boldy. Bu diňe bir mysal däl: Merkezi Aziýada telewideniýäniň toparlary we hormatly myhmanlar gidenden soň, diňe bir tebigy görnüş ýa haýwanlar däl, eýsem adamlar hem ýitip gidýärler.
“ÝUMURTGALARY BIR GOÝSADYLAR”
Emeli suw howuzlara forel – menekli balyklar goýberdiler. Öý ördekleri akar ýapda ýüzýärdi. Özbegistanyň gündogarynda ýerleşýän Namangan welaýatynyň Hojakurgança obasy döwlet telewideniýesinde gülläp ösýän ýer hökmünde görkezildi.
Welaýatdan düşürilen wideo şekiller oba hojalyklaryna balyk we suw guşlaryny ýetişdirmegi öwredýän seminar barada gürrüň berdi. Bularyň bary döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, hojalyklary ösdürmek boýunça amala aşyrylýan ösüşi görkezýär. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we onuň emeldarlarynyň aýtmagyna görä, ýurduň ykdysadyýeti daşary ýurtlarda işleýän zähmet migrantlarynyň ýollaýan pullaryna bagly we ony hojalyk şertlerinde netijeli peýdalanmak arkaly ilatyň girdejisini artdyryp bolýar.
Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, iki garyp maşgala saýlanyp alnyp, olaryň mellek ýerlerinde emeli suw howuzlar gurlupdyr. Telewideniýe işgärleri gelen güni emeli howuzlara balyk goýberilip, akar ýapda bolsa ördekler ýüzýärdi. Seminaryň guramaçylary balykçylygyň ýylda 50-60 million sum (3,8-4,6 müň dollar) girdeji getirip biljekdigini öňe sürdüler.
Bu 20-nji fewraldy bolan waka. Ertesi gün hem balyk, hem guş ýitirim boldy.
“Bu gaty täsin boldy. Ördekleri Nurillahonyň öýünden getirip, ýumurtgalary gözenekde goýdular. Telewideniýe operatorlary ördekleri ondan-oňa kowup, olary surata düşürdiler. Seminar gutaran badyna, bar zat dargady. Olar hatda ýumurtgalaryny-da alyp gitdiler. Iň bolmanda, ýumurtgalary bir goýsadylar, biz hakyny tölärdik” diýip, şol obadan bolan bir daýhan adyny aýtmazlyk şerti bilen gürrüň berdi.
Başga bir ýaşaýjy bolsa, goňşy etrapdaky balykçylyk hojalygyndan, Hojakurgança balyklaryň wagtlaýyn getirilendigini, hatda onuň eýesine balyklary ulanmak üçin, töleg hem tölenmändigini aýtdy.
“SURAT ÜÇIN”
Owadan telewideniýe şekillerini surat düşürmek üçin nämeler edilmeýär? Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýasama dabaralar we bezeg käte ägirt uly derejelere baryp ýetýär.
22-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümi geçirilende, bu çärä döwlet emeldarlary bilen bir hatarda, býujet işgärleriniň we talyp ýaşlarynyň müňlerçesini köpçülikleýin gatnaşmaga mejbur etdiler. Olaryň 12 sagatlap açyk meýdanda iýmitsiz we suwsuz saklanandygy barada, adamlar Azatlyk Radiosyna habar berdiler. Şuňa meňzeş çäreler ýurtda ýylda iki gezek geçirilýär. Her gezekde hem köpçülikleýin habar serişdelerinde daşky gurşawy goramak boýunça üstünlikli çäreleriň amala aşyrylýandygy habar berilýär. Habar serişdeleri ekilen agaçlara alada-idegiň ýoklugy sebäpli tizden guraýandygy barada welin dymýarlar.
Dünýäde iň repressiw we ýapyk ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanda, gözboýagçylyk däpleriniň köneden taryhy bar. Mysal üçin, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze Berkarar Zaman obasyny açmak üçin, Lebap welaýatyna geldi. Onuň uçardan düşjek ýerine halylar ýazyldy, döwlet baştutanyny resmi geýnüwli emeldarlar garşyladylar. Reňbe-reňk eşikli çagalar “Salam, biziň mähriban atamyz!” diýen sözler bilen ony gutladylar.
Ýüzlerçe adam ýol ýakalaryna düzülip, baýdaklary galgadyp durdular. Berdimuhamedow täze gurlan jaýlaryň ýanyndan ýöräp, aýdym-saz çykyşlaryna tomaşa etdi, näz-nygmatdan dolup duran bazara seretdi.
Prezident we telewideniýäniň işgärleri giden badyna diňe bir baýdaklardyr halylar däl, eýsem adamlar hem ýitirim boldy. Berkarar zaman boşap galdy. Girelgedäki belent derwezäniň ýokarsyndan, obanyň adyny süpürip öçürdiler.
Geçen ýylyň tomsunda Gazagystanda ýol hereketindäki düzgün bozulmalary ýazga alyjy elektron enjamlary öndürýän kärhana açyldy. Dabaradan biraz öň, ol edara kameralary ýygnamak, mikro ulgamlary goýmak we ýeňil maşynlar bilen işlemek üçin, käri aktýor bolan ýaş ýigitleri we gelin-gyzlary gözleýändigi barada bildiriş ýaýratdy. Bu kompaniýanyň direktory Içeri işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşan çäresinde, daşardan getirilen adamlaryň peýdalanylandygyny boýun aldy.
“4-5 adam aktýorlardy, galanlary öz işgärlerimiz. Surata düşürmek üçin, olar ýaş hem owadan görünýär” diýip, Tengrinews Alatau Smart Technology kompaniýasynyň başlygy Aýžan Seýlhanowa aýtdy.
“BU HAÇAN BES EDILER?”
Merkezi Aziýa ýurtlarynda döwlet ýolbaşçysyny we ýokary wezipeli işgärleri garşylamak üçin, owadan “şekilleri” döretmek köp wagtdan bäri adata öwrüldi. Wezipeli myhmanlar gelmezden öň, adatça, merkezi köçeleriň ugrunda jaýlaryň daş tarapyny bejerilýär, ýollar asfaltlanýar (käte ýagyş ýa-da gar hem ýagdyrylýar), käte bolsa ösümlikler reňklenýär...
2016-njy ýylda Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitiniň we türki dili ýurtlaryň hyzmatdaşlyk maslahatynyň duşuşygynyň öňüsyrasynda, bir gijäniň içinde agaçlar reňklendi. Ýoluň gyrasyndaky guran agaçlar ýaşyl reňke öwrüldi. Olara reňk sepildi, ýöne diňe bir tarapyna, agaçlaryň beýle tarapy gurap, sary bolmagynda galdy. Gyrgyzystanyň paýtagtynda bu çäre bilen baglanyşykly jaýlaryň fasady aýnalary bilen birlikde reňklendi.
2015-nji ýylda Fergana welaýatyndaky özbek daýhanlary ýurduň şol wagtky premýer-ministri Şawkat Mirziýoýewiň gelmezinden öň, gowaça meýdanlarynda “bol hasyly” görkezmek üçin, eýýäm ýygnalan pagtalary ýene-de çaňňalaga ýelmeşdirmegiň buýrulmagyndan nägile boldular. Beýle görkezme alty ýyl ondan ozal prezident Yslam Kerimowyň gelmeginiň öňüsyrasynda hem berlipdi.
2022-nji ýylda Almatydaky Al-Farabi adyndaky Gazagystanyň Milli Uniwersitetine prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň gelmeginiň öňüsyrasynda, uniwersitetiň suw çüwdürimleri we seýilgäh meýdançasyndaky howuzlarda ahyr soňy suw peýda bolup başlandy diýip, Kursiv.media gazeti ýazdy.
2020-nji ýylda Täjigistanyň telekanallarynda prezident Emomali Rahmonyň Rudaki etrabynda uly söwda merkezini we 100 iş orunlyk tikinçilik fabrigini açandygy görkezildi. Döwlet baştutany gidenden soň, ähli tikin maşynlary aýryldy, işçiler bolsa öýlerine iberildi. Bir ýyldan soň Azatlygyň Täjik gullugynyň habarçylary welaýata baryp, gözgyny ýagdaýy gördüler: tikinçilik fabriginde bary-ýogy bäş sany tikinçi otyrdy, ägirt uly söwda merkezindäki jaýlar bolsa ýarym boşdy.
Gazagystanda ilkinji prezident Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan açylan onlarça “ösüşli” kärhanalar önüm öndürmän ýapyldy. Ol açylyş dabarasyna gatnaşan Garaganda şäherinde oba hojalyk maksatlary üçin “Fermer” ýeňil uçarlary öndürýän zawodyň işlemeýändigini boýun aldy. Onuň bahasy takmynan 1,65 milliard tenge bolup, ýylda 36 sany uçar öndürmelidi, ýöne ýekejesi hem ýygnalmady.
Başky meselä dolansak, Özbegistanyň Hojakurgança obasynda görkezilen balyklar we ördekler ýitip gideninden soň dawa döredi: Telegram kanalynda boş howuzlaryň we ördeksiz ýaplaryň wideosy çap edildi. Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, etrap häkimi gaharlanyp, ýerli ýolbaşçyny wezipesinden boşadypdyr.
Soňra onuň buýrugy boýunça balyklaryň az bölegi howza gaýtaryp berlipdir.
Gahar-gazaba münen oba aktiwisti adynyň aýdylmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna: “Bu gözboýagçylyk bilen aldawçylyk haçan bes ediler?” diýdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum