Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biz barada

Biz barada

RFE/RL-niň missiýasy hökümetleri tarapyndan erkin metbugaty gadagan edilen ýa-da doly ýola goýulmadyk döwletlerde habar bermek arkaly demokratik gymmatlyklary we institutlary wagyz etmekden, şeýle-de adam hukuklaryny ilerletmekden ybarat. RFE/RL-niň žurnalistleri ýerli derejede köpler üçin elýetersiz bolan: senzurlanmadyk habarlary we açyk çekişmeleri hödürleýär. RFE/RL obýektiw žurnalistikanyň iň ýokary ülňülerine laýyk gelmäge we basyş ýa-da täsir synanyşyklaryndan täsirlenmän faktlary habar bermäge çalyşýar.

20 döwletde, 28 dilde: Biziň gepleşiklerimiz 20 döwletde 28 dilde efire berilýär. 400-den gowrak žurnalisti, 750-den gowrak ştatdan daşary habarçysy we 19 sany ýerli býurolary bolan RFE/RL dünýäňiň iň uly habar serişdeleriniň biri hasaplanýar. (Karta serediň.)

Demokratiýanyň binýadynyň habardar edilen raýatlardygy baradaky düşünjä esaslanyp hem-de ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan tejribesine daýanyp, RFE/RL aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:

1. RFE/RL obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwründe zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça çekeleşikleri halk köpçüligine ýetirýär.

2. RFE/RL demokratiki gymmatlyklary göz öňünde tutup, graždan jemgyýetçiligini güýçlendirýär.

3. RFE/RL etniki we dini çydamsyzlyklara garşy göreşýär.

4. RFE/RL ýerli media üçin nusga bolýar, metbugatyň professionallygyny we garaşsyzlygyny güýçlendirmek boýunça türgenleşdiriş arkaly olara ýardam berýär hem-de ýerli habar serişdeleri bilen giňişleýin hyzmatdaşlyk edýär.

5. RFE/RL regiondaky ýurtlar bilen dünýäniň ösen demokratiki jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.

Azatlyk Radiosynyň 70 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan ýörite maglumatlar

Azatlyk Radiosy 70 ýylyň dowamynda size garaşsyz maglumat ýetirmek, dünýädäki we Türkmenistanyň içindäki ýagdaýlardan habarly etmek missiýasyny berjaý edýär. Azatlyk Radiosy awtoritar prezidentleriň zory astynda sem edilen, öz edýän pikirini aýdyp bilmän dymmaga mejbur bolan türkmenleriň hem 'öz sesiniň' bolmagyna ýol açdy.

Azatlyk Radiosy 70 ýaşady
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:14 0:00

1953-nji ýylyň 1-nji martynda Germaniýanyň Mýunhen şäherinden gepleşik berip başlan Amerikan radiosy, başda “Azat ediş” radiosy diýlip atlandyrylan Azatlyk 70 ýaşady. Şol döwürde, ozalky sowet esgerleri we uruş ýesirleri bolan Aman Berdimyradyň, Myrat Täçmyradyň gatnaşmagynda düýbi tutulan neşir bu gün türkmen dilindäki ýeke-täk garaşsyz ses bolup, dünýäniň çar künjeginde ýsaşaýan türkmenler üçin öz ene dillerinde deňagramly maglumat bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Hepdäniň jemi #9 (04.03.2023 ý.)
please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00

Azatlyk Radiosynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan gepleşikler toparyndan birinji söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.

Hepdäniň jemi #10 (11.03.2023 ý.)
please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00

Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Azatlyk Radiosynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan gepleşikler toparyndan ikinji söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.​

Hepdäniň jemi #11 (18.03.2023 ý.)
please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00

Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Azatlyk Radiosynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan gepleşikler toparyndan üçünji gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.​

Hepdäniň jemi #12 (25.03.2023 ý.)
please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00

Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Azatlyk Radiosynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan gepleşikler toparyndan ‘Azatlygyň dürli ykbally tankytçylary, habarçylary we hyzmatdaşlary’ barada taýýarlan söhbedimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.​

XS
SM
MD
LG