
Hytaýda öndürilen Jetour markaly ulagym mundan bir hepde gowrak ozal Aşgabat-Mary asfalt ýolunda ýene döwlüp, akkumulýatory hatardan çykyp, meni kyn güne saldy diýip, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Baýram aýtdy. Ol geçen ýylyň güýzünde hytaý ulagyny satyn alandan bäri uly maddy çykdajylardan we kösençliklerden başga zat görmändigini hem sözüne goşdy.
“Ulagymyň soňky alty aýyň dowamynda näçe gezek hatardan çykandygyny men hem ýatdan çykardym. Ýöne onuň iň köp hatardan çykýan zatlary tekerleri, pružin we amertizatorlary, galyberse-de, dwigiteli motory tiz gyzýar we karopkasy tizlik çalyşman, onuň sowamagyna garaşmaly bolýar” diýip, Baýram (red: howpsuzlyk aladalary sebäpli ady üýtgedildi) belledi.
Soňky ýarym ýyldan gowrak wagtyň dowamynda hytaý ulagyny satyn alan we Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolan onlarça raýatdan diňe biri bolan Baýram ony saýlap almagyna onuň bahasynyň ep-esli amatly bolmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.
Bellesek, soňky bir ýyl çemesi wagtyň dowamynda Aşgabadyň, Balkanyň we ýurtda iň uly ulag bazarlarynyň ýerleşýän sebiti bolan Marynyň bazarlarynda hytaý ulaglarynyň sany göz-görtele köpeldi.
Bu bazarlarda Hytaýyň esasan Jetour, BYD, Chery, JAC ýaly awtoulaglary ilata hödürlenip, olar 300-800 müň manat aralygynda bahalanýar. Bu Merkezi bankyň kursy boýunça 87 müň bilen 228 müň, gara bazaryň nyrhynda 15 müň 40 müň ABŞ dollary aralygyndadyr.
Käbir firmalar bu ulaglary hiç bir prosentsiz, ýagny göterimsiz ýeňillikli kredit bilen hem hödürleýärler. Şeýle ýeňillikleriň birinde paýtagtyň we oňa golaý sebitleriň ýaşaýjylaryndan ulag üçin başlangyçda 100 müň manat geçirmek talap edilýär.
“Ulagy satyn alan adam onuň bahasynyň galan bölegini her aýda 5 müň manat möçberinde geçirip, birnäçe ýylyň dowamynda üzüp bilýär” diýip, ahally bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sosial ulgamlarda mahabatlar
Munuň bilen bir wagtda, soňky aýlarda sosial ulgamlaryň türkmen dilli sahypalarynda hytaý ulaglarynyň reklamadyr mahabatlaryna hem has köp duş gelse bolýar.
Instagram we TikTok ýaly sosial ulgamlarda paýlaşylýan wideolarda ýurduň meşhur bloggerleri Aşgabat-Daşoguz ýa-da beýleki ýollarda wideo düşürip, ulaglary synagdan geçirýän ýaly bolup, olaryň hiliniň, hamana, gowudygyny mahabat etdiler.
“Türkmen ulanyjylary bu wideolaryň tas hälisiniň aşagyny negotiw teswirlerden doldurdylar. Şondan soň, köp blogger paýlaşan wideolarynyň köpüsini pozdular” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, bu mahabat wideolarynda bloggerler “çakanakly-çukanakly ýollarda hem, hytaý ulagynyň bir kemsiz hereket edýändigini” aýdyp, Aşgabat-Daşoguz ýolunyň hiliniň hem näderejede pesdigini görkezdiler.
“Ak towuk saman saçar, öz aýbyny özi açar diýilişi ýaly, mahabatlaryň hem ýurduň, hem-de hytaý ulaglarynyň abraýynyň tersine işläp başlandy görüldi. Häkimiýetler hem wideolaryň ýurdy dünýä masgara edýändigini görüp, olary pozduran bolmagy gaty ähtimal” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Günbatar, ýapon we beýleki ulaglara garşy çäklendirmeler
Türkmenistanda hytaý ulaglarynyň köpelmeginiň we giňden mahabat edilip, ýeňillikli bahadan hödürlenmeginiň arasynda, ýurda öňden bäri getirilýän we ilat arasyda ýokary isleg bildirilýän ulaglaryň Dubaýdan getirilmegine häkimiýetler tarapyndan dilden çäklendirmeler girizilýär.
Şu aýyň birinji hepdesinde ulanylan ulaglaryň söwdasyny edýän balkanly söwdagärleriň ençemesi Dubaýdan getirilýän dürli, şol sanda Toyota, BMW, Lexus, Kia ýaly awtoulaglaryň ýurda getirilmeginde uly päsgelçilikleriň bardygyny aýtdy.
“Türkmen gümrük resmileriniň ulaglaryň tehniki guratlygy ýa-da beýleki zatlary bilen bagly dürli bahanalary mysal getirip, olary ýurda goýbermezligi bilen baglanyşykly wakalar göz-görtele köpeldi. Olar anyk resmi düşündiriş bermeýärler” diýip, balkanly söwdagär anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Söwdagärler Döwlet gümrük gullugynyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleriniň özlerinden Hytaýda öndürilen ulaglary Türkmenistana getirip satmagy dilden talap edýändigini hem aýdýarlar.
“MHM we gümrük resmileri “Hytaý Türkmenistandan köp mukdarda gaz satyn alýar, öz gezeginde, Türkmenistan hem hytaý ulaglaryny satyn almaga borçly. Bu, Türkmenistanyň Hytaý hökümeti bilen degişli söwda borçnamalarynyň bir bölegi. Şol sebäpli Türkmenistana hytaý ulaglaryny getiriň. Bu, ýokardan edilýän talap” diýip aýdýarlar” diýip, balkanabatly ýene bir telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Häkimiýetleriň dilden edýän bu çäklendirmesi we talaby, Germaniýa, Günorta Koreýa we Ýaponiýa ýaly döwletlerde öndürilen ulaglaryň göz-görtele azalmagyna we bahalarynyň ep-esli gymmatlamagyna getirdi.
Soňky alty aýyň dowamynda bu ulaglaryň bahasy Balkanda azyndan 50% we Maryda azyndan 30% gymmatlady.
“2015-nji ýylda zawoddan goýberlen Toyota Land cruiser Prado 35 müň dollar bahalanýar. 2011-nji ýylda zawoddan goýberlen Prado 26 müň dollara deň. Bularyň ýarym ýyl ozalky bahalary degişlilikde takmynan 25 müň we 15 müň dollara barabardy. Häzir 18 müň dollar çemesi bahalanýan, 2018-nji ýylda zawoddan goýberlen Toyota Camry ulagy alty aý çemesi ozal 12-13 müň dollara satyn alyp bolýardy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Guratlyk barlagy we çäklendirme
Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ulanylan ulaglara garşy dürli, şol sanda olaryň tehniki guratlyk barlagyndan geçirilmegine çäklendirmeleri hem girizdiler.
Aşgabatdaky habarçymyzyň 14-nji martda beren maglumatyna görä, häzirki wagtda paýtagtda we oňa ýakyn bolan sebitlerde ýaşaýjylaryň 2015-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglary tehniki guratlyk barlagyndan geçirilmeýär.
“Aşgabadyň, Ahal welaýatynyň, hususan-da, Änew şäheriniň ýaşaýjylary 2015-nji ýyldan ozal öndürilen ulaglaryny welaýat ýaşaýjylaryna satmaga mejbur bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, häkimiýetler welaýatlarda, hususan-da, Balkanda 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglaryň tehniki guratlyk barlagyndan geçirilmegine rugsat bermeýärler.
Hytaý ulaglarynyň bazarlarda köpelip, ýeňillikli bahadan hödürlenýändigine garamazdan, täze ulag eýeleriniň köpüsi hytaý ulaglarynyň hilinden nägile bolýar.
Sosial ulgamlarda hem, käbir ulag eýeleri täze hytaý ulaglarynyň hiliniň günbatar döwletleriniň ulanylan ulaglarynyň hilinden hem pesdigine ünsi çekýärler. Bu baradaky wideolara sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda ýygy-ýygydan duş gelse bolýar.
"Häzir mugt berseler-de almazdym"
Olar hytaý ulaglarynyň Türkmenistanyň tebigy, şol sanda toprak, howa, hususan-da, ýol şertlerine çydamly däldigini aýdyp, olar üçin tekiz we abat ýollaryň gerekdigini aýdýarlar.
“Olaryň tekerleri hatardan çykyp galýar. Dwigiteli motory tiz gyzýar we karopkasy tizlik çalyşman, onuň sowamagyna garaşmaly bolýar. Gibrid görnüşli Jetour ulagy obalarda we ýoly erbet magistrallarda, zigzag ýollarda akumlýatorlary hatardan çykýar. Hatda öz-özünden ýangyn dörän hytaý ulaglary bar. Hytaý ulagyny alanyma puşman boldum. Häzir mugt berseler-de almazdym” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga, awtoulag ussalarynyň ençemesi hytaý ulaglarynyň tehniki gurluşynyň günbatar döwletlerinde, Ýaponiýada ýa-da Günorta Koreýada öndürilen ulaglaryňkydan tapawutlydygyny belläp, sandan çykan hytaý uaglaryny abatlamak üçin ýöriteleşdirilen ussahanalaryň hem entek juda azdygyna ünsi çekýärler.
“Şol sebäpli häzir ussalar bu ulaglara doly düşünmeýär. Ýöne hytaý ulaglary has köp hatardan çykýar, olary abatlatmak üçin getirýän sürüjiler hem köp bolmagynda galýar” diýip, ahally awtoulag ussasy anonimlik şertinde aýtdy.
"Pekin ýurtdaky täsirini artdyrjak bolýar"
Şol bir wagtda, ussalar hytaý ulaglarynyň ýurduň köçelerinde ozaldan hereket edýän tanymal brendli ulaglara bäs gelip bilmejekdigini aýdýarlar.
“Mysal üçin, 1995-nji ýylda öndürilen Toýota Сamry Türkmenbaşydan Garabogaza sag-aman baryp gelýär. Ýöne Hytaýyň 2024-nji ýylda zawoddan goýberen ulaglarynyň köpüsi bu ýolda ot alýar, ýa-da tekeri, demir diskasy döwlüp, ýoldan çykyp, awariýa bolýar” diýip, balkanly awtoulag ussasy anonimlik şertinde aýtdy.
Ulag söwdagärleri Hytaýyň ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň esasy gaz müşderisidigini ýatladyp, türkmen hökümeti bilen degişli söwda borçnamalaryna salgylanyp, Pekiniň ýurtdaky täsirini artdyrjak bolýandygyny aýdýarlar.
“Olar ýurduň awtolag bazarynda monopoliýa öwrüljege meňzeýärler” diýip, ulag söwdagäri aýtdy.
Soňky ýyllarda Hytaý diňe Türkmenistanda däl, eýse Merkezi Aziýanyň häli ýurtlarynda hem öz täsirini güýçlendirýär. Azatlyk Radiosynyň Özbek, Täjik, Gyrgyz we Gazak gulluklarynyň žurnalistleriniň tassyklamagyna görä, Merkezi Aziýanyň beýleki dört ýurdunda hem hytaý ulaglarynyň sany göz-görtele köpelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.