Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin urşy soňlamak üçin, Ukrainada wagtlaýyn häkimiýetiň esaslandyrylmagyny teklip edýär


Rus prezidenti Wladimir Putin (arhiw suraty)
Rus prezidenti Wladimir Putin (arhiw suraty)

Rus prezidenti Wladimir Putin saýlawlara hem-de möhüm ylalaşyklara gol çekilmegine ýol açmak maksady bilen, Ukrainada häkimiýetiň wagtlaýyn halkara administrasiýasynyň garamagyna berlip bilinjekdigini teklip edýär.

Şeýle administrasiýanyň uzak möhletli maksady urşy soňlamak üçiň ylalaşyga barmakdan ybarat bolup biler, diýip Putin 28-nji martda Murmanskdaky Demirgazyk flotyna amala aşyran saparynyň dowamynda aýtdy.

“Bu, wariantlaryň diňe birisidir. Men başga wariantlar hem ýok diýemok” diýip, ol söweş meýdanynyň içinde we daşynda Ukrainanyň pozisiýasyny güýçlendirmek boýunça Parižde bolup geçen gepleşikleriň yz ýany sözlän sözünde aýtdy.

Bu pikir BMG-niň, ABŞ-nyň, Ýewropa ýurtlarynyň, hem-de Russiýanyň “hyzmatdaşlarynyň we dostlarynyň arka durmagynda” durmuşa geçirilip bilner diýip, Putin aýtdy.

Munuň maksady demokratik saýlawlary geçirmekden hem-de halkyň ynam bildirýän ukyply hökümetini häkimiýet başyna getirmekden, soňra bolsa, olar bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamakdan ybarat bolar, diýip Putin aýtdy.

Ol Ukrainadaky häkimiýetleriň gepleşik geçirmek üçin kanuny häkimiýetler bolmandygy barada öňden bäri şikaýat bildirip gelýär, sebäbi Zelenski özüniň bäş ýyllyk möhletinden soňra hem häkimiýet başynda galdy.

Harby ýagdaýda saýlaw geçirilmeýär

Ukrainada prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirilmelidi, ýöne ukrain kanunçylygyna görä, täze saýlaw geçirilýänçä Zelenski prezident galar. Olar harby ýagdaýda saýlaw geçirip bilmeýär. Bu ýurtda Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda çozuşa girişeli bäri, harby ýagdaý dowam edýär.

Putin Ukrainanyň häzirki ýolbaşçylaryny özüniň bikanun hasaplaýandygyny gaýtalap gelýär we şonuň üçin olar bilen resminamalara gol çekmäge garşy çykýar.

Şeýle-de, Putin Russiýanyň parahatçylyk ylalaşygyna taýýar bolandygyny aýtdy. Ol Russiýanyň çozuş başlaly bäri “öňde goýan ähli maksatlaryny erjellik we ynam bilen gazanmaga tarap barýandygyny” aýtdy. “Biziň olary gazanjakdygymyza ynanmaga esas bar” diýip, ol belledi.

Putin ABŞ prezidenti Donald Trampyň akýüreklilik bilen çaknyşygy soňlamak isleýändigini hem-de Trampyň ABŞ we Russiýa arasynda göni gepleşikleri geçirmäge isleg bildirmeginiň Trampyň parahatçylyk isleýändigini görkezendigini aýtdy.

Ukraina Putiniň soňky belliklerine heniz reaksiýa bildirmedi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Russiýa bilen arada ýokary derejeli gepleşiklere garaşmak üçin ‘heniz örän ir’ diýdi.

“Iki tarap bilen-de heniz edilmeli işler kän, hususan-da rus tarapy bilen, biz olar bilen uzak wagt bäri gepleşmedik” diýip, Rubio 27-nji martda kariblere amala aşyran saparyndan Birleşen Ştatlara gaýdyp gelýärkä aýtdy.

Rubio öňe gidişlikleri gazanmakda näçeräk wagtyň gerek bolup biljekdigi barada özüne berlen soraga “men bu babatynda wagt aýdyp bilmeýärin, sebäbi ol bize bagly däl” diýip jogap berdi.

27-nji martda ‘isleg koalisiýasynyň’ liderleriniň sammitine beýemçilik eden fransuz prezidenti Emmanuel Makron özleriniň Ukrainanyň daşynda öňküsinden has-da jebis bolandyklaryny, hem-de ‘Russiýanyň has köp territoriýalary ele geçirmek maksady bilen gepleşikleri uzaga çekdirmek planlaryna garşy’ özleriniň göreş mümkinçiliklerini üpjün edip bilmekleriniň zerur bolandygyny aýtdy.

“Biziň maksadymyz aýdyň” diýip, Makron 27 ýurduň liderleriniň gatnaşan sammitinden soň geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy. “Bu, parahatçylygy gazanmakdyr – munuň üçin bolsa, biz Ukrainany ýetip biljek iň ýokary derejesine çykarmalydyrys” diýip, ol aýtdy.

Bu sammitde geljekde gazanyljak ýaraşygyň ýa-da parahatçylyk ylalaşygynyň dowamy hökmünde ýewropa güýçlerini Ukraina ýerleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

“Ol ýerde birnäçe ýurduň adyndan Ukrainada kepil güýçler hereket ederler” diýip, Makron aýtdy.

Ol häzirki wagtda Ýewropa ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk güýçlerini ibermek babatynda biragyzdan ylalaşylmandygyny hem-de agza döwletleriň hemmesiniň muňa gatnaşmak babatynda ylalaşmandygyny, ýöne öňe gidişlik üçin munuň zerur däldigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Fransuz prezidenti Ýewropa ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk güýçleri boýunça aýry-aýry soraglara garamak işleriniň koalisiýadaky ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň üstüne ýüklenendigini, hem-de olara üç hepdäniň içinde hasabat bermegiň tabşyrylandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG