Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda, şeýle-de paýtagt Aşgabatda häkimiýetler gije işleýän hususy eýeçilikdäki awtoýuwalgalaryň we dükanlaryň onlarçasyny ýapyp, olarda barlag geçirýärler.
Häkimiýet wekilleri bu çäreleriniň sebäbini “ýokary derejeli döwlet emeldarynyň geçen hepde ýary gije duýdansyz geçiren barlaglary” bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 27-nji martda maglumat berdiler.
“Ýerli salgyt gullugynyň we polisiýanyň işgärleri dükanlary we awtoýuwalgalary ýapyp, olaryň gapysyna möhürli gulplary asdylar. Şu hepdäniň başyndan bäri dowam edýän bu çärelerde onlarça ýuwalga we dükan doly ýapyldy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, hususy eýeçilikdäki bu dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň eýelerinde ýörite rugsatnamasy bolup, olar döwlete salgyt töläp, kanuny esasda işleýän telekeçilerdir.
"Emeldar gizlin aýlandy"
Dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň eýeleriniň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, olar özlerinde rugsatnamalaryň bardygyny düşündirmäge çalşypdyrlar.
Ýöne dükanlary ýapýan häkimiýet wekilleri bu çäreleriň sebäbiniň rugsatnama bilen baglanyşykly däl-de, ýokary derejeli emeldaryň geçen hepde ýary gije käbir sebitlere duýdansyz aýlanyp, barlag geçirmegi bilen ilteşiklidigini” aýdýarlar.
“Döwlet emeldary paýtagta, Gökdepä we Ahalyň Änew şäherine gizlin aýlanyp gördi we şonda gije sagat 1:00 töwereginde hem awtoýuwalgalaryň, hususy dükanlaryň köpçülikleýin halka hyzmat etdirmegi dowam etdirýändigini anyklady. Ol şondan soňra ýurt boýunça gije işleýän awtoýuwalgalaryň we dükanlaryň ählisiniň işlerini çäklendirip, barlag geçirmegi tabşyrdy” diýip, balkanabatly dükan eýesi anonimlik şertinde polisiýa işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.
Telekeçileriň ençemesiniň tassyklamagyna görä, polisiýa we salgyt gullugynyň işgärleri barlaglaryň näçe wagt dowam etjekdigi we olaryň dükanlary, awtoýuwalgalary gaýtadan açmagyna rugsat beriljekdigi ýa-da berilmejekdigi barada anyk bir zat aýtmaýarlar.
Sürüjiler awtoýuwalga tapman kösenýärler
Ýöne telekeçileriň ençemesi özleriniň kanuny esasda işländiklerini aýdyp, bu çärelere nägilelik bildirýär.
“Biz halkyň hyzmatyny edip, maşgala ekleýäris. Ýary gije bolsa-da, ulaglary ýuwup bersek, halk üçin-de, döwlet üçin-de peýdaly iş edýäris. Kanuny patent töleýärdik. Häzir biziň gündiz hem işlemegimizi gadagan etdiler” diýip, awtoýuwalgasy bolan bir telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Bu çäreler diňe telekeçilere däl, eýse olaryň hyzmatlaryndan peýdalanan ilata hem oňaýsyz täsir edýär. Häzir Balkanabatda ýagyşly günlerden soň adamlar ulaglaryny ýuwdurmak üçin awtoýuwalga tapman kösenýärler.
Türkmenistanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýagşyň yz ýanynda, hapa ulaglaryň sürüjilerine jerime salmak çärelerini güýçlendirmekde giňden tanalýar.
Duralgalardaky dükanlar hem ýumrulýar
Bu aralykda, habarçymyz Balkanda ýol ugrundaky duralgalarda ýerleşýän ähli hususy dükanlary söküp aýyrmak işlerine hem badalga berlendigini aýdýar.
“Polisiýa işgärleri munuň sebäbini golaýda ýeňil ulag Aşgabat-Türkmenbaşy magistral ýolunyň ugrunda Bereket şäheriniň golaýyndaky duralgada ýerleşýän hususy dükana ýokary tizlik bilen baryp urmagy bilen düşündirýärler. Munuň netijesinde, dükanyň eýesi we onuň 5 ýaşyndaky çagasy ölüpdir. Şol sebäpli duralgalardaky dükanlaryň ählisiniň işi togtadylýar” diýip, dükany ýumrulan telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Ol kanuny esasda salnan we iş alyp baran dükany üçin döwlet tarapyndan kompensasiýa berilmändigini hem belledi.
Adatça bolşy ýaly, ýurduň metbugat serişdelerinde bu ýagdaýlar barada hiç hili maglumat göze ilmeýär. Azatlygyň bu barada agzalýan sebitleriň häkimliklerinden, şeýle-de Polisiýa müdirliklerinden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Türkmen hökümetiniň iş maslahatlarynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri goldamak barada ýygy-ýygydan tekrarlanýar.
Muňa garamazdan, häkimiýetler hususy eýeçilikdäki dükanlara, awtoýuwalgalara garşy wagtal-wagtal gözegçiligi güýçlendirip, olara garşy çäklendirmeleri girizýär. Häkimiýetler köplenç bu çäklendirmeleriniň sebäbini aç-açan düşündirmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum