Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistan öz raýatlaryna pasporty diňe ýurt içinde berýär. Migrasiýa gulluklarynda biometriki pasporty almak isleýänleriň nobatlary iki ýyla uzady.
Türkmenistan öz raýatlaryna pasporty diňe ýurt içinde berýär. Migrasiýa gulluklarynda biometriki pasporty almak isleýänleriň nobatlary iki ýyla uzady.

Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen raýatlarynyň pasport almakda we ýurduň daşyna çykmakda kynçylyk çekýän wagtynda bu meseläniň gyssagly çözülmeginiň zerurlygyna ünsi çekýärler.

Türkmenistana gaýdyp baransoň, raýatlaryň köpüsi ýene-de çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Täze pasport alyp, daşary ýurda gidip bilmeýärler diýip, "Türkmen Helsinki Fondy" tarapyndan 26-njy fewralda ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

"Migrasiýa gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň raýatlarynyň käbir kategoriýalary üçin syýahat etmek üçin köp ýyllyk gadaganlyk girizip, bu gadagançylygyň - özbaşdak bir jeza görnüşidigini dilden aýdýarlar. Bu raýatlaryň daşary ýurtlarda maşgalalary we ýakynlary galýar we planlary puja çykýar" diýlip, maglumatda bellenýär.

Syýahat gadaganlyklaryny girizmek bilen, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň hereket azatlygyna bolan esasy hukugyny gödek bozýarlar. Şeýle syýasat döwletiň içerde we daşary ýurtlarda türkmen raýatlaryna barha artdyrýan gözegçiligi baradaky aladalary döredýär diýlip, habarda aýdylýar.

Şu sebäpden adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýüzlenme çap edip, türkmen häkimiýetleriniň pasport bermekden ýüz öwürmegi sebäpli daşary ýurtlarda bikanun galan türkmen raýatlary üçin “pasport amnistiýasy” barada karar çykarmaga çagyrýarlar.

Beýanatda, hususan-da, raýatlara daşary ýurtdaky konsullyk we diplomatik wekilhanalary arkaly täze daşary ýurt pasportlaryny almaga we resmileşdirmäge rugsat bermek; raýatlaryň özlerine degişli syýahat çäklendirmeleri onlaýn barlamaga mümkinçilik döretmek; pasportlaryň möhleti geçen we raýatlaryň Türkmenistandan çykmagyny çäklendirýän eden-etdilikli tejribeleri ýatyrmak ýaly talaplar öňe sürülýär.

Bilelikdäki beýanata gol çeken 11 guramanyň arasynda adam hukuklaryny goraýjy türkmen, halkara we merkezi aziýaly guramalar bar.

Türkmenistan öz raýatlaryna pasporty diňe ýurt içinde berýär. Bu türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahat etmegini kynlaşdyrýar. Migrasiýa gulluklarynda biometriki pasporty almak isleýänleriň nobatlary iki ýyla uzady.

Şeýle-de, Türkmenistanda raýatlar daşary ýurtlara gaýdýan halkara reýslerinden sebäbi düşündirilmezden düşürilýär. Azatlygyň habarçylary anyk ýagdaýlar barada yzly-yzyna maglumat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Awtobus duralgasynda duran aýal-gyzlar (Illýustrasiýa suraty)
Awtobus duralgasynda duran aýal-gyzlar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara prezidentiň adyndan gowşurylýan pul sowgadynyň möçberi ýene 60 manada barabar bolar. Bu resmi kurs boýunça $17 we gara bazar nyrhynda $3-a deňdir.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan aýal-gyzlaryň ençemesi sowgadyň mukdarynyň “türkmen hökümetiniň abraýyny ýer bilen ýegsan edýändigini” aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda gol goýan buýrugyna görä, aýal-gyzlara 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2025-nji ýylyň 1 – 6-njy marty aralygynda gowşurylar.

Bu sowgat edaralarda we kärhanalarda işleýän aýal-gyzlara, pensionerlere, döwlet kömek puluny alýanlara, aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerde okaýan talyp gelin-gyzlara hem-de okuwçylara berler.

Buýrukda zenanlaryň döwlet berkararlygyny berkitmekde, sagdyn, watansöýüji nesli kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigi aýdyldy.

Bir desse gül satyn alyp bolmaýar

Zenanlaryň köpüsi sowgadyň mukdarynyň azydygyny aýdyp, ondan şatlyk duýmaýar. Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly zenanlaryň ençemesi häzir bu serişdä bir desse gül hem düşmeýändigini aýdýar.

Bellesek, ýurtda manadyň hümmetiniň üýtgeýändigine we azyk, senagat önümleriniň, şeýle-de hyzmatlaryň ýylyň-ýylyna gymmatlaýandygyna garamazdan, türkmen hökümeti sowgadyň möçberini ýedi ýyllap 60 manat derejesinde saklap gelýär.

Habarçymyz häzir iň arzan bahadan satylýan bir desse gülüň 150 manada, bir sany şampunyň 130 manada barabardygyny aýdýar.

Şeýle-de bolsa, bu serişdä käbir zatlary, has takygy, aşakdaky sanawda, hususan-da, zenanlar üçin niýetlenen harytlardan haýsy-da bolsa diňe birini satyn alyp bolýar:

  • Aýallar üçin arassaçylyk serişdesiniň bir gutusyny
  • Hili pes sabyn ýa-da şampun
  • Iki däne gül

Azyk önümleri babatynda bolsa, 60 manada 2 kg gyzyl sogan, 20 sany öý ýumurtgasy, 1 kg ýokary hilli tüwi düşýär. Şol bir wagtda, bu serişdä 1 kilogram et ýa-da balyk satyn alyp bolmaýar.

Balkanly ýaşaýjylaryň ençemesi sowgadyň mukdarynyň ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň hökümetiniň dünýädäki abraýyny “ýer bilen ýegsan edýändigini” hem aýdýar.

"Dünýä metbugatyna gülki bolduk"

“Gazak, eýran, özbek metbugatlarynda "Berdimuhamedow ýurdundaky aýal-gyzlara $3 pul sowgadyny berýär" diýen kinaýaly maglumatlary okadyk. Goňşy ýurtlara we dünýä metbugatyna gülki bolduk” diýip, balkanabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Aýal-gyzlaryň ençemesi bu serişdäni býujetçi zenanlara berenden ony çagasyny ýeke ekleýän enelere jaý gurup bermek, göwüsde ýa-da ýatgyda düwnük keselleriniň bejergisi üçin sarp edilse has ýerlikli bolardy hem diýýär.

Türkmenistanyň hökümeti aýal-gyzlara her ýyl prezidentiň adyndan gowşurylýan pul sowgatlarynyň maliýe çeşmesini aýdyňlaşdyrmaýar. Ýöne sowgat uly dabara bilen gowşurylýar we bu çäre adatça döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Bu wideo maglumatlarda dürli ýaşdaky aýallar prezidentiň sowgady üçin minnetdarlyk bildirip, ony ýüzlerine sylýar.

Şol bir wagtda, prezidentiň sowgady resmi taýdan işlemeýän aýallara, ýagny öý hojalykçy zenanlara ýa-da gyzlara, pensiýa almaýanlara we okuwa, çagalar bagyna gatnamaýanlara berilmeýär.

Pul sowgadynyň möçberi öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken kararyna laýyklykda 60 manada köpeldilipdi. Şondan öň pul sowgadynyň möçberi 8 ýyllap 40 manat derejesinde saklanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG