Balkanda köp çagaly enelere dakylýan “Ene mähri” diýen hormatly ada dalaşgär bolmak isleýän zenanlardan edilýän talaplaryň sanawyna ýene biri goşuldy.
Häzir sekiz we ondan köp çagaly eneler “üç arka” barlagyndan geçirilýär we diňe üç arkasy “arassa” hasaplanan zenanlar hormatly ada mynasyp bolup bilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji martda sebitden maglumat berdi.
“Döwlet sylagyny almaly zenanlar 8-12 çaga dogran bolsalar-da, olaryň üç arkasynda iş kesilen garyndaşy bar bolsa, onda bu enelere “Ene mähri” diýen hormatly at berilmez” diýip, welaýatyň Zenanlar guramasyndaky ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.
Ol bu talabyň şu ýyldan başlap güýje girizilendigini we munuň bilen bagly, soňky birnäçe hepde bäri köp çagaly enelerde “üç arka” barlaglaryny geçirmek işleriniň dowam edýändigini belledi.
"Ýokardan" we dilden berlen tabşyryk
“Täze talap barada welaýat häkimliginiň Zenanlar guramasyna ýokardan tabşyryk gelip gowuşdy. Dilden berlen tabşyryga laýyklykda, welaýat pensiýa gaznasyna “Ene mähri” sylagyny almaly zenanlaryň ählisiniň resminamalaryny täzeden taýýarlamak, öwrenmek we “üç arka” barlagyndan geçirmek talap edildi” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Türkmenistanda her ýyl köp çagaly eneleriň ençemesine “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýyl bu baradaky permana 28-nji fewralda gol goýdy.
Bu ada mynasyp bolan enelere hormatly adyň nyşany we şahadatnamasy, şeýle-de olaryň käbirine ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary ýa-da mellek ýerleri gowşurylýar.
Köp çagaly enelerde “üç arka” barlaglarynyň geçirilýändigini sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren balkanly zenanlaryň ençemesi hem tassyklaýar.
Olaryň aýtmagyna görä, bu ada dalaş edýän köp çagaly eneler fewralyň başyndan bäri zerur resminamalary ýygnaýarlar we “üç arka” barlagyndan geçmeli bolýarlar.
Köp çagaly eneleriň jaý almagy kynlaşdy
“Ähli çagalarymyz üçin welaýatyň pensiýa gaznasyndan, bilim bölümlerinden, häkimlikden we polisiýanyň adres býurosy atlandyrylýan raýatlaryň jenaýatyna bagly arhiw bölüminden resminamalary alyp, üç arka barlag hatlaryny doldurýarys. Şu ýyl bu adyň diňe üç arkasy “arassa” maşgalalara beriljekdigi aýdylýar” diýip, köp çagaly eneleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.
“Üç arka” resminamasy raýatyň üç arkasynyň, ýagny kakasynyň, atasynyň we garry atasynyň hem-de ejesiniň, enesiniň we garry enesiniň, ýa-da eje tarapyndan üç nesliň wekilleriniň kazyýet jogapkärçiligine çekilendigini ýa-da çekilmändigini anyklamak baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Zenanlaryň ençemesi täze talabyň köp çagaly eneleriň jaýly bolmak ýa-da mellek bilen üpjün bolmak meselesini has-da kynlaşdyrandygyny aýdýar.
“Häzirki wagtda tas her üç hojalykdan birinde jenaýat jogapkärçiligine çekilip, türmä basylan ýa-da türmede oturyp çykan adam bar. Olaryň ählisiniň üç arkasy “gara donly” sanawyna girizilen raýatlar. Olaryň garyndaşlary wezipeli işlerde, kanun goraýjy edaralarda işläp bilmeýärler we olar döwlet sylaglaryna hem hödürlenmeýärler” diýip, balkanly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
25 ýyla golaý saklanýan talap
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkan welaýat häkimliginden we Zenanlar guramasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda beýlekiler bilen bir hatarda, soňky ýyllarda güýç edaralarynda işlemek üçin saýlanýan studentlerden, medisina işgärlerinden, Arkadag şäherinden jaý almak isleýänlerden, daşary ýurtlara gitjek raýatlardan, köpçülikleýin çärelere gatnaşjaklardan “üç arka” barlaglarynyň talap edilýändigi mälim boldy.
Türkmenistanda 25 ýyla golaý wagt bäri saklanyp galýan bu talabyň raýatlary kemsidýändigini we olaryň ýurduň Baş Konstitusiýasynda kepil geçilen deňlik hakyndaky hukugyny depeleýändigini, ýerli synçylar aýdýarlar.
7-nji martda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolan zenanlara hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabaralaryny hem-de şol gün Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum