Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 321 bendiniň günäsi geçildi. Bu barada resmi media 20-nji martda habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadylar.
Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Synçylar türkmen häkimiýetleriniň raýatlary türme howpy bilen gorkuda saklaýandyklaryny aýdýarlar.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankyt edýärler.
Forum