Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ABŞ işewürleriniň tekliplerine garamaga taýýardygyny aýdýar


Serdar Berdimuhamedow 
Serdar Berdimuhamedow 

Türkmenistanyň prezidenti 4-nji aprelde “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny belledi.

Şeýle-de, TDH-nyň habarynda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, “işewürlik geňeşiniň türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn orny bellenildi”.

“ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň strategik taýdan wajyp pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän amerikan işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar” diýip, habarda hiç bir san getirmezden aýdylýar.

Mundan başga, Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG