Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy awtoulagy bilen bagly gadagançylygyň ýene birini güýje girizdiler. Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri käbir awtoulaglary saklap, sürüjilere döwlet belgisi dakylýan çarçuwanyň (ramka) gara reňkde bolmagynyň gadagandygyny aýdýarlar.
"Polisiýa işgärleri bu çärelerine şu hepdäniň başynda girişdiler. Şondan bäri olar sürüjileri saklap, gara reňkde nomer dakylýan ramka ulanmak gadagan diýýärler, ýöne bu baradaky resmi karary ýa buýrugy görkezmeýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 20-nji aprelde aýtdy.
Ulaglar zawoddan çykarylanda, onuň çarçuwasy gara reňkde bolsa-da, tapawudy ýok. PÝGG-niň işgärleri bu gadagançylygyň ähli ulaglara degişlidigini aýdýarlar we sürüjilere jerime ýazýarlar ýa-da olardan şol möçberdäki serişdäni para hökmünde özlerine bermegi talap edýärler.
"Ýokarsynda gözegçilik kameralary ýerleşdirilen, şäheriň merkezi köçelerindäki polisiýa işgärleri parany gizlinräk görnüşde almaga çalyşýarlar" diýip, habarçy belledi.
Sürüjileriň köpüsi PÝGG-niň işgärlerine para bermegi makul hasaplaýarlar. Olar munuň sebäbini jerimäni tölemek we sürüjilik şahadatnamasyny yzyna almak prosesiniň ençeme sagada çekýändigi bilen düşündirýärler.
"Jerimäni tölemek üçin şäheriň çetindäki Çoganly ýaşaýyş toplumyna gitmeli we PÝGG-niň bu ýerdäki edarasyna barmaly. Bu ýerde jerime tölemäge gelen raýatlary kabul edýän diňe üç sany äpişge işleýär. Sürüjiler birnäçe sagat garaşyp, jerimäni töleýärler. Bu proses azyndan ýarym günüňi alýar" diýip, aşgabatly sürüji anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Aşgabadyň PÝGG-sinden kommentariýa alyp bilmedi.
18-nji aprelde garaşsyz neşir "Turkmen.news" Aşgabatda awtoulag sürüjilerine plastik çarçuwalary ulanmagyň gadagan edilendigini habar berdi. Şonda neşir sürüjilere 50 manat jerime salynýandygyny we ulaglaryň polisiýanyň awtoduralgasyna alnyp gidilýändigini hem aýtdy.
Awtoulaglar awtoduralga eltilenden soň, olaryň plastik çarçuwalary sökülip aýrylýar. Ýol polisiýasynyň işgärleri öz hereketlerini bu bölegiň döwlet belgisiniň käbir böleklerini ýapýandygy bilen düşündirýärler diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.
Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, döwlet belgisi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler. Ýurtda, hususan-da, Aşgabatda hususy eýeçilikdäki ulaglaryň gara we garamtyl reňklerde bolmagy gadagan edilip, olaryň ak, çal ýa-da açyk reňklere boýalmalydygy baradaky talap bu çäklendirmeleriň iň esasylarynyň biridir. Çäklendirmeleriň käbiri dilden, käbiri-de resmi karar esasynda ýola goýuldy.
Geçen hepde Balkan welaýatyndaky habarçymyz sebit häkimiýetleriniň 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglaryň “tehniki guratlyk gözegçiliginden geçirilmegine” rugsat bermeýändigini habar berdi.
Şonda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasynyň birnäçe işgäri häkimiýetleriň bu çäräniň esasynda sebiti "köne" ulaglardan arassalamagy maksat edinýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi raýatlaryň şahsy ulaglaryna degişli gadagançylyklar we olaryň sebäpleri barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär. Bu ýagdaýlar barada döwlet metbugatynda hem hiç hili maglumat berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum