Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Telefonlaryna seredýän raýatlar (Illýustrasiýa suraty)
Telefonlaryna seredýän raýatlar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri raýatlaryň käbirleriniň mobil telefonlaryna VPN gurnap bermegi teklip edýän SMS-leriň gelip gowuşmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.

Raýatlaryň ençemesi bularyň kim tarapyndan hödürlenýändiginiň anyk belli däldigini aýdyp, SMS-leriň ýurtda gadagan edilen neşirleri, saýtlary yzarlaýan adamlary anyklamak üçin häkimiýetler tarapyndan iberilýändigine ynanýar.

“SMS-ler raýatlaryň ählisine däl-de, random, ýagny duş gelen görnüşde görnüşde iberilýär. Munuň sebäbi näbelli bolmagynda galýar. VPN satýan adamlar özüni tanyşdyrmaýarlar. Diňe özüniň hyzmatlaryny hödürleýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň bahasy hususy VPN ussalary tarapyndan hödürlenýän VPN-leriň nyrhy bilen deň. SMS-leri ugradýan tarap VPN-i satyn almak isleýän raýatlara telefon belgisini ugradýar.

Raýat şol belginiň hasabyna 400 manat geçirenden soň, oňa VPN-ni açmak üçin ýörite kod ugradylýar. Şondan soň raýatlar ondan peýdalanyp bilýärler.

“Bular beýleki VPN-lerden hem çalt işleýär” diýip, bu VPN hyzmatyndan peýdalanýan Lebap welaýatynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Howatyrlanmalar

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” kompaniýasynyň telefon belgilerinden iberilýän bu SMS-ler käbir raýatlaryň arasynda alada döredýär.

Raýatlaryň ençemesi bularyň kim tarapyndan hödürlenýändiginiň anyk belli däldigini belleýärler.

Şeýle-de, olar VPN-leriň ýurtda gadagan edilen neşirleri, saýtlary, sahypalary yzarlaýan adamlary anyklamak üçin häkimiýetler tarapyndan iberilýändigine ynanýarlar.

“Ilat özüniň maglumat goraglylygyny alada edýän bolsa, bularyň kimler tarapyndan hödürlenýändigini anyklamaga çalyşmaly. Sebäbi SMS-leri ugradýanlar özleriniň şahsyýetini mälim etmeýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

SMS-leriň aç-açan ýaýradylmagy

Bu aladalar bilen türkmenabatly we aşgabatly VPN ussalary we IT hünärmenleri hem ylalaşýarlar.

Olar “VPN-lerden peýdalanmagyň, garaşsyz neşirleri okamagyň gadagan edilýän, köp saýtlaryň petikli saklanýan ýurdunda VPN söwdasy bilen baglanyşykly mahabat SMS-lerini aç-açan ýaýratmagyň örän geň galdyryjydygyny” aýdýarlar.

“Olaryň arkasynda MHM-niň kiber howpsuzlyk bölüminden adamlar bar bolmagy gaty mümkin. Sebäbi MHM gulluklarynda raýatlary yzarlamak üçin ýörite VPN we proksileri döredip bilýän tehnologiýanyň, hünärmenleriň bardygy ikuçsyz” diýip, lebaply IT hünärmeni anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçylarymyz we çeşmelerimiz bu SMS-leri ugradan belgileriň ençemesi bilen habarlaşyp, olaryň kimdigini, haýsy kärhana ýa-da taraplar tarapyndan hödürlenýändigini anyklamaga çalyşdylar. Ýöne VPN-leri hödürleýänler özleriniň kimdigini mälim etmekden saklandylar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kompaniýasyndan hem telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda sosial torlar, şol sanda YouTube, Instagram, TikTok ýaly ulgamlar petik astynda saklanýar. Raýatlar bu saýtlardan peýdalanmak üçin VPN hyzmatlaryny ulanmaly bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär. Halkara barlaglarda ýurtda ilata hödürlenilýän Internet aragatnaşygynyň tizliginiň örän pes galýandygy, bahasynyň aşa ýokarydygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Türkmen esgerleri (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen esgerleri (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri hökmany harby gulluga çagyryş ýaşyny 30 ýaşa çenli ýokarlandyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň howpsuzlyk edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi habar berdi.

“Bu mesele Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň soňky mejlisinde gozgaldy. Prezident, şeýle-de ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hökmany harby gulluga çagyryş ýaşyny 30 ýaşa çenli ýokarlandyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, çeşmämiz geçen hepde iberen maglumatynda aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Ýurtda harby gulluga çagyryş möwsümi ýylda iki gezek bahar we güýz aýlarynda geçirilýär.

“Mejlisde her ýylyň harby gulluga çagyryş möwsümlerinde hökmany gulluk ýaşyndaky ýigitleriň sanynyň ýylsaýyn azalýandygy, katastrofiki ýagdaýdadygy barada Türkmenistanyň goranmak ministri we bu ministrligiň harby gulluga çagyrmak we jemlemek baradaky müdirliginiň serkerdesi prezidente hasabat hem berdiler” diýip, çeşmämiz nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň soňky mejlisi 5-nji fewralda geçirildi. Resmi media mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilendigini mälim etdi.

Harby gulluga ýarawsyz raýatlar we gizlin karar

“Mejlisde harby gullugy berjaý etmäge ýarawsyz hasaplanýan käbir keselleri “gulluk borjuny ýerine ýetirmekden saklaýan keselleriň” sanawyndan aýyrmaklyk hem teklip edildi. Ýagny öň ýasydaban, enurez, garaguş we başga keselleri bolan ýigitler harby gulluga ýarawsyz hasaplanýardy. Häzir bularyň köpüsini ýatyrmak barada gizlin karar kabul edildi” diýip, çeşmämiz belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, mejlise gatnaşan döwlet ýolbaşçylaryna “dowam edýän we ýitileşýän bu meseläniň ilata aýan bolmazlygy” barada berk tabşyryk berildi.

“Ýolbaşçylar hem bu barada harby bölümleriň wekillerine berk tabşyryk berdiler. Mundan başga-da, mejlisde bu mesele barada agyz ýarýan adamlary berk yzarlamak we jezalandyrmak barada Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine tabşyryldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurduň Goranmak ministrliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Resmi media dymýar, garaşsyz neşir tassyklaýar

Resmi media Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň soňky mejlisinde prezidentiň “Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belländigini, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berendigini” habar berdi. Ýöne bu tabşyryklaryň jikme-jiklikleri, we ýokarda aýdylanlar barada hiç hili mesele gozgamaýar.

Harby gulluga çagyryş ýaşyny ýokarlandyrmak mümkinçiligi barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem ýurduň howpsuzlyk edaralarynyň birindäki çeşmesine salgylanyp, 18-nji ýanwarda habar berdi.

“Üýtgeşmeler baradaky kararyň eýýäm işlenip düzülendigi aýdylýar, ýöne ýurduň prezidenti Serdar Berdimuhamedow entek oňa gol çekmändir” diýip, neşir çeşmesine salgylanýar.

Çuňlaşýan demografik mesele, ýaramaz gulluk şertleri

Türkmenistanyň harby bölümlerinde esger ýetmezçiligi ýyllarboýy problema bolmagynda galýar.

Bu problemanyň soňky ýyllarda has-da ýitileşýär, muňa ýurtda çuňlaşýan demografik mesele we soňky ýyllarda 27 ýaşyna ýetmedik erkekleriň köpçülikleýin häsiýetde daşary ýurtlara okamaga, işlemäge gitmegi sebäp bolýar.

Bu barada hökümet edaralaryndaky çeşmelerimiz we ýurduň dürli welaýatlaryndaky harby bölümleriň ofiserleri Azatlyga ençeme gezek maglumat berdiler.

Olar ýaramaz gulluk şertleriniň, saklanyp galýan “dedowşinanyň” hem, ýaşlaryň harby gulluk etmekden saklanmagyna getirýändigini belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda ýurduň Goranmak ministrligi bu ýagdaýlary resmi derejede aç-açan boýun almaýarlar. Ýöne soňky ýyllarda häkimiýetler ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak çärelerini güýçlendirdiler.

Ýurtda harby gulluga ýarawsyz ýaşlaryň harby gulluga zor bilen äkidilmegi bilen bagly wakalaryň hem ençemesi boldy.

Harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga degişli bolan 27 ýaşy dolmadyk öňki bendileriň harby gulluga mejbury çekilmegi bilen bagly ýagdaýlar hem ýüze çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG