Türkmenistanda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak möwsümi dowam edýär. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy harby gullukda para möwsüminiň hem başlanandygyny aýdýar. Ene-atalar şu günler esger ogullaryny wagtyndan öň gullukdan boşatmaga çalyşýandyklaryny, munuň üçin müňlerçe manat möçberinde para berýändiklerini gürrüň berdiler.
"5-nji maýda 'Kelete' okuw-türgenleşik merkezinde harby-taktiki okuwyň geçirilmegine garaşylýar. Oňa Balkanabat şäherindäki 2710 belgili harby bölümden hem 100-den gowrak esger ugradyldy. Olaryň 35 sanysy şu möwsümde harby gullugy tamamlaýan esgerlerdir. Bu okuw gutarandan soň, 7-nji maýda esgerleri harby gullukdan boşatmak çäresi tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylyp başlanar" diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, häzir ogullaryny 7-nji maýda gullukdan boşadyljak esgerleriň sanawyna goşmak isleýän ene-atalaryň azyndan 10 sanysy beýleki welaýatlardan Balkanabada geldi.
Ahally, maryly we lebaply ene-atalaryň aýtmagyna görä, olar harby ofiserler bilen duşuşyp, esger ogullaryny gullukdan bir ýarym ýa-da iki aý ir boşatmaga çalyşýarlar. Olar munuň üçin azyndan 11 müň manat para bermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
"Paranyň 5 müň manadyny ofiserlere bermeli. Ýene 6-7 müň manady hem, esgeriň öýüne geýip gitjek eginbaşy, aýakgaby we ýol kireýi üçin tölemeli. Jemi 11-12 müň manat çykdajy etmeli. Eger bu puly bermeseň, onda esgeriň gulluga başlan güni doly hasaplanyp, ol iki ýyly dolandan soňra, ýagny iýun aýynyň 20-lerine boşadylýar. Bu esgeriň iki aýa golaý köp gulluk etmelidigini aňladýar" diýip, maryly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Ene-atalar para berip, esger ogullaryny gullukdan ir boşatmak synanyşyklarynyň sebäplerini Türkmenistanyň harby bölümlerinde gullukçylaryň "durmuş şertleriniň ýaramazlygy", heniz hem dowam edýän “dedowşina” (agalyk) bilen düşündirýärler.
"Käte gullugynyň tamamlanmagyna bir aý galanda, duýdansyz aradan çykýan we esgeriň öýüne ölüsiniň gelýän ýa-da esgeriň ýiti urlup-ýenjilýän we saglygyna uly zeper ýetýän halatlary bolýar. Şol sebäpli her bir ene-ata öz ogluny mümkin boldugyndan çalt gullukdan boşatmaga çalyşýar" diýip, lebaply bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada kommentariýa almak üçin agzalan harby bölüm we Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.
Türkmenistanyň harby bölümlerinde gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň pesdigi, dedowşina, ýagny eden-etdilikler we olaryň pidasy bolan esgerler hakynda Azatlyk mundan öň ençeme gezek habar beripdi.
Geçen ýyl harby gulluk möhletini tamamlan esgerleriň hem wagtynda öýlerine goýberilmeýändigi barada ençeme maglumat gelip gowuşdy. Noýabr aýynda ene-atalaryň birnäçesi harby ofiserleriň gulluk möhletiniň tamamlanan wagtynda öýlerine gitmek isleýän esgerlerden 1000 manat para soraýandygyny ýa-da öz öýlerini abatlap bermegi talap edýändigini gürrüň berdi.
6-njy aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow “Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda” we “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna täzeden seretmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet metbugaty harby gullukçylara degişli kanun namalaryna girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ugurlaryny, olaryň jikme-jikligini aýdyňlaşdyrmady.
Döwlet baştutany çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky permana 15-nji martda gol çekdi.
Permana laýyklykda, aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we beýleki goşunlarynda, harby edaralarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler gullukdan boşadylýar. Şol bir wagtda, aprel-iýun aýlarynyň dowamynda 18-27 ýaş aralygynda bolan we harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da gulluk möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar harby gulluga çagyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum