Geçen dynç günleri Stambulda ýüzlerçe müň adam köçelere çykyp, şäher häkiminiň tussag edilmegine nägilelik bildirdi. Türmede oturan Ekrem Ymamoglu, häzirki prezident Rejep Taýyp Erdoganyň 2028-nji ýyldaky saýlawlarda esasy garşydaşy hökmünde görülýär. Ymamogluny prezidentlige dalaşgär hökmünde görkezen oppozision Halk-respublikan partiýasy, kazyýet işini syýasy matlaply hasaplaýar we tarapdarlaryny demonstrasiýa gatnaşmaga çagyrýar. Türkiýede ýaşaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary bolup geçýän wakalara nähili garaýarlar?
"ADAMLAR MUNDAN SOŇ BOLJAK ZATLARA BIPARH DÄL - BU AJAÝYP"
53 ýaşly Ekrem Ymamoglunyň tussag edilmeginden soň dessine Türkiýäniň iň uly şäheri bolan Stambuldaky ýagdaý dartgynlaşdy diýip, Karina Şaýh-Zakarina öz pikirini paýlaşýar. Geçen ýyldan bäri Stambulda ýaşaýan gazagystanly aýal, kafede gapdaldaky stollarda oturan adamlaryň bolup geçýän wakalary janly ara alyp maslahatlaşýandygyny eşitdi. Oppozision Halk-respublikan partiýasy tarapyndan hödürlenen syýasatçy we Stambulyň häkimi, 20 ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda bolan Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň esasy bäsdeşi hasaplanýar.
- Ilkibaşda protestler Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinde we Halk-respublikan partiýasynyň binasynyň öňünde geçirildi. Nämäniň bolup geçýändigini görmek üçin men 21-nji martda öýlän şol ýere bardym, diýip, käri boýunça žurnalist Karina Şaýh-Zakarina gürrüň berýär. - Stambul häkimliginiň ýerleşýän we ýörişiň geçirilýän ýeri Saraçhane seýilgähine barmak aňsat däldi. Köp ýol ýapyldy, awtobuslar ugurlaryny üýtgetdiler, ýöne tramwaý bilen ol ýere baryp bildim. Ol ýerde proteste barýan ýaşlara duşdum. Içi adamdan doly tramwaýda olar "Hakykat, kanun we adalat" şygarlaryny gygyrýardy.
Meşhur häkimi korrupsiýada we terror guramasyna kömek bermekde günäkärleýärler. Ymamoglunyň tarapdarlary onuň yzarlanmagynyň syýasy matlaplydygyna ynanýarlar we ony saýlawdan aýyrmak üçin niýetlenen synanyşyk barada aýdýarlar (Saýlawlar 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär, emma onuň möhletinden ir bolup biljekdigi aradan aýrylmaýar).
Syýasatçynyň tussag edilmezinden öň Stambul uniwersiteti onuň diplomyny ýatyrdy. Ýokary bilimli bolmak Türkiýäniň prezidentligine dalaşgär üçin hökmany talap.
- Protestçiler bilen tramwaýdan düşenimden soň, men olary synlamaga gitdim. Olar Ymamoglunyň diplomyny ýatyran Stambul uniwersitetiniň uniwersitet şäherçeleriniň birine gitdiler. Ol ýerde şäheriň öňdebaryjy uniwersitetlerinden bolan köp sanly student ýygnandy -diýip, Gazagystanyň raýaty gürrüňini dowam etdirýär, - Şygarlar ýazylan plakatlar bardy. Ýol ugrunda türk ýaşlary bilen gepleşip başladym. Näme üçin köçelere çykandyklaryny soradym. Ýigitler özleriniň geljegi barada alada edýändiklerini aýtdylar. Olaryň pikirine görä, Ymamoglunyň diplomynyň ýatyrylmagy olaryň hem hukugyny bozýar, kepilliklerden mahrum edýär. Mundan başga-da, olaryň pikiriçe, onuň tussag edilmegi demokratiýa we azatlyga abanýan nobatdaky töwekgelçilik.
Şaýh-Zakarinanyň aýtmagyna görä, Uniwersitet binasynyň daşyndaky protestden soň studentler şäher häkimligine tarap ugrapdyr. Ol ýerde eýýäm häkimiň tarapdarlary bardy. Ymamoglu şäher häkimi wezipesine alty ýyl ozal geçipdi. Ol 2019-njy ýylda häkim saýlawlarynda dolandyryjy Adalat we Ösüş partiýasynyň (AKP) kandidatyny ýeňdi. Emma ses berişligiň netijeleri ýatyryldy - häkimiýetler Ymamoglunyň peýdasyna berlen sesleriň sähel köp bolandygyny aýdyp, täze saýlawlary yglan edipdi. Olarda Ymamoglu has ynamly ýeňiş gazandy. Ol öz tarapdarlaryna "Hemme zat gowy bolar" diýdi. Bu onuň meşhur sözüne öwrüldi.
2024-nji ýylda Ekrem Ymamoglu Erdoganyň partiýasyndan bolan kandidata garşy ýene-de ýeňiş gazandy.
— Men Türkiýäniň raýaty däl, bu ýerde ýarym ýyl ýaşaýaryn we ýurduň syýasatyna baha berip biljek däl, emma Ymamoglunyň alyp baran işlerine soňky üç ýyl syn etdim. Maňa onuň ilat bilen aragatnaşygy örän hoş ýakdy. Şol gün häkimligiň öňüne baran adamlar baýdaklary we plakatlary göterip, "Ýekelikde halas bolmarys, ählimiz ýa-da hiç birimiz" we "Hemme zat gowy bolar" mazmunly şygarlary gygyrýardy" diýip, gazagystanly zenan 21-nji martda gören ýagdaýlary barada gürrüň berýär, - Bu ýerde ýaşlar hem bardy, garrylar hem bardy. Iftar - agyzaçar wagty golaýlaýardy we häkimligiň öňünde suw we azyk paýlanýardy. Bu aralykda golaýdaky rim suw akabasynyň ýanynda polisiýa işgärleriniň uly hatary düzüldi, olar soň gije protestçiler bilen çaknyşdy. Olar ähli ýerdedi. Men polisiýa eşigindäki şunça adamy köpden bäri görmändim.
Demonstrasiýalaryň ilkinji günlerinde polisiýa mähelläni dargatmak üçin suw toplaryny we göz ýaşardyjy gazy ulandy. Iň soňky maglumatlara görä, demonstrasiýa başlaly bäri iki müňe golaý adam tussag edilipdir.
Olaryň arasynda bikanun ýygnanyşyklara gatnaşmakda aýyplanyp, soň boşadylan žurnalistler hem boldy. 20-nji martda BBC britan media korporasiýasynyň habarçysy ýurtdan çykaryldy we onuň deportasiýa edilmegi "jemgyýetçilik tertibine abanýan howp" bilen düşündirildi.
- Mende gorky bolmady, žurnalistiň professional gyzyklanmasy döredi - belki birnäçe ýyldan soň kitaplara girjek taryhy wakalary gördüm. Türkiýe bize ýakyn ýurt we men onuň ýaşlaryna, uly nesline we dymmaýan ählisine buýsanýaryn. Adamlar mundan soň boljak ýagdaýlara biparh däl we bu ajaýyp" diýip, Karina aýdýar.
Türkiýede ýaşaýan gazagystanly student öz adyny agzamazlyk şertinde pikirini paýlaşyp, oppozisiýanyň çagyryşlarynyň ilatyň arasyndaky meşhurlygy esasan ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen bagly diýýär. Ýurtda inflýasiýa ýokary. Türksat statistika institutynyň sanlaryna görä, 2024-nji ýylda inflýasiýa 42% bolupdyr, bir ýyl ozal 64%-e barabardy. Ýurduň milli pulunyň hümmeti çalasynlyk bilen gaçýar.
- 2017-nji ýylda bir lira 100 teňňe boldy, indi 14 teňňeden pes. Ýurtda işsizligiň derejesi ýokary we garyplyk ösýär. Bularyň hemmesi adamlaryň ýagdaýyna we keýpine täsir edýär. Ýagdaý protestlerden öňem şonuň ýalydy - diýip, student belleýär.
Şol bir wagtyň özünde, gazagystanlynyň pikiriçe, Türkiýede diňe oppozision duýgularyň bardygyny aýdyp bolmaz. Dolandyryjy partiýanyň jemgyýetiň dürli gatlaklarynda ýeterlik goldawçysy bar.
- Internetdäki, sosial ulgamlardaky wakalary yzarlasaňyz, bularyň ählihalk protestlerdigi barada pikir döräp biler. Ýöne beýle däl, - diýip, student hasap edýär, - Stambulda 15 milliondan gowrak adam ýaşaýar we protestlere ýüzlerçe müň adam çykýar. Ýagny, bular oppozisiýa partiýasy tarapyndan guralan we ony goldaýan adamlaryň gatnaşmagyndaky ýygnaklar.
Türkiýäniň kiçi şäherçesindäki uniwersitetde okaýan student, ýurtda parahatçylykly protestleriň medeniýetiniň bardygyny nygtaýar. Raýatlar öz pikirlerini aýtmak üçin hukuklaryny nädip ulanmalydygyny bilýärler.
- Kantar döwründe (Gazagystandaky ýanwar wakalary. - red.) adamlar köçelere çykdylar. Emma nägilelik medeniýetimiz pes: dükanyň penjireleri döwüldi we dükanlar talandy. Türkiýede - sosial ulgamlarda surat gördüm - bir gyz talyp mitingde “Jemgyýetçilik şertnamasy” atly kitaby tutup durdy. Bu ýokary protest medeniýetiniň alamaty dälmi? - diýip, gazagystanly pikirini paýlaşýar, - Türk halky gaty romantik. Biz diri galan, post-kolonial halk. Adam gymmatlyklaryna başgaça garaýarlar, başgaça gürleşýärler - birek-birege has köp üns berýärler. Bizde mitinglere barýan adamlary polisiýa ulaglaryna dykyp salýarlar. Bu ýerde adamlar arkaýyn köçelere çykýarlar. Hawa, prowokasiýalar bolýar, soň polisiýa göz ýaşardyjy gazy ulanýar. Emma gödek basyp ýatyrmak ýaly zat ýok.
"KÖNE GWARDIÝA ÇEKILMEK ISLEMEÝÄR"
Türkiýäniň kiçi bir şäherçesinde ýaşaýan we hyzmat pudagynda işleýän türkmen blogçysy Döwlet (howpsuzlyk sebäpli özi barada doly maglumat bermezligi haýyş etdi) ýurtdaky protestleri ýakyndan yzarlaýar. Demonstrasiýalaryň köpçülikleýin häsiýeti we gerimi onuň göwnünden turýar: çäreler diňe Ankara we Stambul ýaly uly şäherlerde däl, eýsem kiçi şäherlerde-de bolup geçýär. Döwlet, ýerli ýaşaýjylaryň syýasy wakalary işjeň ara alyp maslahatlaşýandyklaryny we öz pozisiýalaryny batyrgaý beýan edýändiklerini aýdyp, munuň iň ýapyk we repressiw döwletleriň biri hasaplanýan Türkmenistandan düýpgöter tapawutlanýandygyny aýdýar.
- Ýaşaýan şäherimde Ymamogluny goldaýan çäreler bar. Adamlar çykyp nägileligini görkezýärler - diýip, Döwlet - bu ýagdaýa köne gwardiýanyň gitmek islemeýändigi sebäp bolýar, olar öz garşydaşlaryndan gorkýar. Olar bilen öňünden söweşýär, gorkuzýar we wepalylyga iterýär, diýýär.
Blogçy, Türkiýedäki watandaşlarynyň köpüsiniň syýasatdan daşlaşmaga synanyşýandygyny öňe sürýär. Olar protestler barada pikirini paýlaşmaýarlar we taraplaryň hiç birini goldamaýarlar. Döwlet munuň sebäbini migrant işçileriň zordan gün görmäge çalyşýandygy we örän agyr ýagdaýdadygy bilen düşündirýär.
Resmi maglumatlara görä, Türkiýede 200 müňden gowrak türkmen ýaşaýar. Hakyky san has köp bolup biler: Türkmenistanyň raýatlary gazanç üçin Türkiýä barýarlar we şol ýerde köp ýyllap, käte bikanun ýagdaýda galýarlar. Müňlerçe adamyň pasportlarynyň möhleti gutarýar we olar öz ýurduna barsalar, soň çykyp bilmezlikden gorkýarlar.
- Halkymyzyň protestler barada näme pikir edýändigini sorasaňyz, bu jogapsyz. Türkiýedäki türkmenleriň 80 göterimi bikanun ýaşaýar, olaryň pasportlarynyň möhleti gutardy, 15-20 göterimi bolsa gyzyklanmaýar. Biz gepleşýäris, ýöne bu temadan teswir berip bilmeýäris. Türkmen hökümetiniň türk hökümeti bilen ýakyndan işleşýändigi sebäpli aktiwistlerimiziň deportasiýa edilen ýagdaýlary boldy. Söhbetdeşligimizde, özümize degişli temalary - pasportlary, ýaşamak üçin jaýy, işi ara alyp maslahatlaşýarys - diýip, Döwlet düşündirýär.
Blogçynyň bellemegine görä, liranyň hümmetiniň peselmegine we ýokary inflýasiýa garamazdan, türkmenler öýlerine dolanmaga howlukmaýarlar.
- Bu ýerde hemme zat gymmat, ýöne Türkmenistandan has gowy. Şol ýerde aýda 100 dollar gazanyp bilersiňiz. Türkiýede bolsa, ýaşaýyş jaýyny töläp we azyk satyn alanyňyzdan soň 300-500 dollar gazanyp bolýar. Şepagat uýasy we öý işgäri bolup işleýän aýallar öýlerine müň dollara çenli iberip bilýärler. Olar näme üçin Türkmenistana gitmek islemeýärler? Olar soň şol ýerden gaýdyp bilmezler we ol ýerde garyplyk bar. Çagalary geýindirip we iýmitlendirip bolmaýar, - diýip, Döwlet aýdýar. - Bu ýerde ýaşaýanlaryň köpüsi 15 ýyl bäri maşgalalaryny görmeýär. Bu hakykatdanam gorkunç ýagdaý.
TÜRKIÝEDE MUNDAN SOŇ NÄME BOLAR?
Oppozisiýa Ekrem Ymamogluny goldamak üçin 29-njy martda Stambulda ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen ýörişden soň, protestleriň indi her dynç güni yzygiderli geçiriljekdigini aýtdy.
"Bu başlangyç" diýip, Halk-respublikan partiýasynyň lideri Ozgur Ozel Ymamogluny we onuň bilen bile tussag edilen (derňewiň çäginde ýüz töweregi adam tussag edildi) beýleki partiýa agzalaryny goldaýan uly demonstrasiýadan soň X platformasynda ýazdy.
Oppozisiýa we onuň tarapdarlary tussag edilmeleri syýasy matlaply diýip atlandyrdylar, ýöne türk hökümeti tutha-tutluklaryň arkasynda Erdoganyň durandygyny aýdýanlara garşy berk garşylyk görkezdi. Ankara ýurduň kazyýet ulgamynyň garaşsyzdygyny we yzarlamalaryň syýasy maksatly däldigini aýdýar.
Ymamoglunyň geçen ýyl şäher häkimliginde geçirilen saýlawda ýeňiş gazanmagyndan soň, syýasy karýerasynda uly ösüşe eýe boljakdygy çak edilipdi we bu ýagdaý bir wagtlar Stambulyň häkimi, soň premýer-ministr we soňra prezident bolan Erdoganyň ösüşi bilen deňeşdirilipdi.
Erdogan 2014-nji ýyldan bäri prezidentlik wezipesini eýeleýär we konstitusiýa laýyklykda, onuň mandaty 2028-nji ýylda gutarýar we ol soň gaýtadan saýlanyp bilmeýär. Şeýle-de bolsa, prezidentiň tankytçylary onuň Konstitusiýa üýtgetmeleri girizip biljekdigini we saýlawlaryň, belki-de irki döwürlerde geçiriljekdigini aradan aýyrmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum