Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdebi tamamlaýan okuwçylara harby gulluga çagyryş haty gowşurylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şu ýyl orta mekdebi tamamlaýan okuwçy oglanlara harby gulluga çagyryş haty gowşurylyp başlandy. Mundan ozal, garaşsyz neşir bu hatyň Mary welaýatyndaky mekdep okuwçylaryna hem gowşurylýandygyny habar berdi.

"1-nji maýdan başlap Türkmenabadyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary tapgyrlaýyn esasda şäheriň harby komissariatyna çagyrylyp, saglyk toparyndan geçirilip başlandy. Her gün iki mekdebiň okuwçylary barýar. Her mekdepde dört sany 11-nji synp bar. Saglyk toparyndan geçen ýaşlara harby gulluga çagyryş hatlary gowşuryldy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 5-nji maýda aýtdy.

Harby gulluga çagyryş hatlarynda 10-22-nji iýun aralygy görkezilýär. Eger okuwçy oglanlar bu wagt aralygynda harby gulluga alnyp gidilse, onda bu, ýene geçen ýyllardaky tejribäniň gaýtalanjakdygyny yşarat edýär. Ýagny okuwçy oglanlar mekdebi tamamlandyklary baradaky şahadatnamalaryny ellerine almazdan, bu çäre mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmazdan, olaryň gutardyş synaglaryndan dessine harby gulluga alnyp gidiljekdigini aňladýar.

Şol bir wagtda, habarçymyz saglyk ýagdaýynda näsazlyklar ýüze çykarylan okuwçy oglanlaryň ýörite ýollanma bilen, Türkmenabat şäher hassahanasyna ugradylýandygyny hem aýtdy.

"Şu günler bu hassahanada 11-nji synp okuwçy oglanlary köp görse bolýar. Bu hassahana esasanam maýyplar we harby gulluga gitjek raýatlar üçin niýetlenendir" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk harby gulluga çagyryş hatlarynyň saglyk toparyndan geçen ähli oglanlara gowşurylýandygyny ýa-da gowşurylmaýandygyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa bu barada şäheriň harby bölüminden hem kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu ýagdaýlar barada ilkinji bolup habar beren "Turkmen.news" neşiri harby bölüme baran oglanlaryň ilki saglyk barlaglaryndan geçirilýändigini, soňra olara ýokary okuw jaýyna (ÝOJ)girmäge taýýarlanýandygy ýa-da mekdepden soň harby gulluga goşulmagy kabul edilýändigi barada beýannama ýazmagyň teklip edilýändigini aýtdy.

"Eger uçurym ÝOJ-a girmegi meýilleşdirýän bolsa, onda ol beýannamada haýsy okuw jaýyna ýüz tutýandygyny, haýsy hünäri saýlaýandygyny, giriş synaglarynyň wagtyny we ş.m. jikme-jiklikleri beýan etmeli. Şol bir wagtda, ol pasportynyň nusgasyny hem tabşyrmaly. Eger ol ÝOJ-dan çakylyk alyp, oktýabr aýyna çenli okamaga gidip bilmese, onda ol nobatdaky güýzki möwsümde, ýagny noýabr aýynda harby gulluga çagyrylýar" diýip, neşir 2-nji maýda çap eden maglumatynda belleýär.

Ýatlatsak, Türkmenistanda ýaşlara ÝOJ-a girmek üçin harby gulluga çagyryşy bir gezeklik yza süýşürmek mümkinçiligi geçen ýylyň sentýabr aýynda kanunlaşdyryldy. Bu mümkinçilik Türkmenistanyň "Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky" kanunynyň rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky resminama geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda gol çekdi.

Resmi metbugata görä, "ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, Türkmenistanda 18 ýaşyny dolduran ýigitleriň harby gulluga çagyryş möhleti wagtlaýyn yza süýşüriler".

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Azatlyk ýurduň orta mekdeplerini we ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýan raýatlaryň gutardyş synaglaryndan soň, dessine harby gulluga alnyp gidilýändigi barada yzygiderli habar berdi.

Habarçylarymyz, ýerli harby bölümleriň işgärlerine salgylanyp, ýaşlaryň mekdepden dessine harby gulluga alnyp gidilmeginiň sebäplerini ýurduň harby pudagynda esger ýetmezçiligi bilen düşündiripdiler.

Türkmenistanda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak möwsümi dowam edýär. Prezident bu baradaky permana 15-nji martda gol çekdi. Ýurtda raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri ýurduň prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek, 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG