Sepleriň elýeterliligi

 
Germaniýanyň daşary işler ministri Baerbok Kiýewe sapar edýär, Putiniň yza çekmek taktikalary barada duýdurýar
Soňky habar

Germaniýanyň daşary işler ministri Baerbok Kiýewe sapar edýär, Putiniň yza çekmek taktikalary barada duýdurýar


Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok (sagda) Ukraina sapar edýär. (arhiw suraty)
Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok (sagda) Ukraina sapar edýär. (arhiw suraty)

Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok Kiýewe öňünden yglan edilmedik sapar bilen geldi. Ol Ukrainadaky urşy bes etmek boýunça parahatçylyk gepleşikleriniň dowamynda Russiýanyň uzaga çekmek taktikalaryndan ägä bolmaga çagyrdy.

Wezipesinden gidip barýan german diplomaty Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy doly gerimli urşa başlandan soň, bu ýurda dokuzynjy gezek sapar edýär. Ol ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky ilerleýän gepleşikleriň arasynda, Kiýewiň parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga taýýardygyna ynanýandygyny aýtdy.

“NATO-nyň daşary işler ministrleriniň golaýdaky duşuşygynda, biz Amerikan tarapyna Putiniň yza çekmek taktikalaryna boýun bolmaly däldigini aýan ederis” diýip, ol 1-nji aprelde Ukrainanyň paýtagtyna gelenden soň beýanat bilen çykyş etdi.

Baerbokyň beýanaty ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň eger-de Moskwa onuň ok atyşyklary bes etmek başlangyçlaryny petiklese, onda Russiýanyň nebit önmüçiligine täze tarifleri girizmek baradaky haýbatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de Tramp, eger Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Waşington bilen möhüm mineral serişdeleri boýunça ylalaşygy baglaşmasa, onda onuň “uly, uly problemalar” bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy.

“Ol seýrek duş gelýän magdanlar boýunça ylalaşykdan yza çekilmäge synanyşýar, eger-de ol muny etse, onda onuň uy, uly problemalary bolar” diýip, Tramp 30-njy martda ukrain prezidentini göz öňünde tutup çykyş etdi.

“Biz seýrek serişdeler boýunça ylalaşdyk. Indi bolsa, ol, bilýäňizmi, men ylalaşyga täzeden garamak isleýän diýýär”.

“Ol NATO agzasy bolmak isleýär, ýöne ol hiç haçan NATO agzasy bolmaz. Ol muňa düşünýär” diýip, Tramp sözüne goşdy.

28-nji martda Ukrainanyň hökümeti Birleşen Ştatlaryň seýrek ýer serişdeleri boýunça deslapky ylalaşygyny seljerýändigini aýtdy. Bu Waşingtonyň şertnamanyň şertlerini birnäçe gezek üýtgedendigi baradaky media habarlarynyň arasynda bolup geçdi.

Ukrainanyň ykdysadyýet ministri Ýuliýa Swyrydenko hökümet ýygnagynda eden çykyşynda Kiýewiň şertnama boýunça öz pozisiýasyny formirleýändigini, ýagny düzýändigini, ýöne kanun çykaryjylaryň bu mesele baradaky pozisiýalarynyň diňe ylalaşyk gazanylandan soň mälim ediljekdigini aýtdy. Ol şondan öň, ylalaşyk gazanylmazyndan öň jemgyýetçilik pikir alyşmalarynyň geçirilmeginiň zyýanly boljakdygyny aýtdy.

Ukraina, seýrek duşýan ýerasty minerallar bilen birlikde, möhüm magdanlarlaryň uly bölegine eýe bolup durýar, ýöne olaryň anyk mukdary näbellili bolmagynda galýar.

Seýrek duşýan ýerasty minerallar goranyş tehnologiýalary, kompýuterler, smartfonlar we batareýalar ýaly enjamlar üçin zerur bolansoň, olaryň gymmatyna ýokary baha berilýär.

Ukraina we ABŞ şu aýyň başynda Ukrainanyň möhüm mineral baýlyklaryny bielikde özleşdirmek boýunça töwerekleýin şertnama baglaşmak ylalaşygyna geldi.

Ylalaşyk baglaşmak, oňa gol çekilmegi baradaky tagallalar 28-nji fewralda Ak tamda, Tramp bilen Zelenskiniň arasynda dörän gyzgalaňly çekişmeden soň başa barman galdy.

Şu aralykda, 30-njy martda Tramp, eger prezident Wladimir Putiniň Ukrainadaky urşy soňlamak ugrunda edýän tagallalaryny bökdeýändigini duýsa, Russiýanyň ähli nebitine 25-50 göterim möçberinde goşmaça tarif girizjekdigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG