Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda VPN-ler ýene petiklenip başlandy, Internetiň tizligi haýallaýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Geçen hepde soňunda Internet petiklemeleri has-da güýçlendirildi, ozal işleýän birnäçe wirtual şahsy torlar (VPN-ler) soňky üç gün bäri yzly-yzyna petiklenýär, diýip günbatar Balkan welaýatyndan bolan birnäçe ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda Internet ulgamy berk häkimiýet gözegçiligi astynda saklanýar, köp sanly maglumat çeşmeleri petik astynda galýar. Adamlar Internet torundan köplenç diňe VPN-ler arkaly päsgelçiliksiz peýdalanyp bilýärler.

“Express VPN, Super VPN, Shadowsocks VPN we Jump VPN ýaly 10-dan gowrak VPN hyzmaty petiklendi. Bu VPN-lerden tölegsiz peýdalanyp bolýardy” diýip, balkanly ulanyjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebit merkezinde bir-birekden işleýän VPN soraýan adamlara has köp duş gelip başlandygyny aýdýar.

“Türkmenistanda azat metbugat serişdeleriniň web sahypalaryna diňe şular ýaly hyzmatlaryň üsti bilen girip bolýar. Bu ýurtda garaşsyz habarlar beýlede dursun hatda howa maglumatlaryny çap edýän saýtlaryň hem petiklenýän pursatlary bolýar” diýip, ýerli ulanyjylar aýdýar.

Mundan iki ýyl çemesi ozal, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Maryland hem-de Çikago uniwersitetleriniň bilelikde geçiren barlaglarynda Türkmenistanyň çäginde 122 müňden gowrak websaýtyň petik astynda saklanýandygy anyklandy.

Petikli saýtlaryň tas 75 göterimden gowragynyň habar saýtlary, VPN hyzmatlaryny hödürleýän sahypalar, güýmenje saýtlary, gözleg motorlary, biznes sahypalary, onlaýn söwda gurallary, sosial torlar we şulara meňzeş beýleki maglumat çeşmeleri bolandygy anyklandy.

Türkmen häkimiýetleri bu ýurtda diňe milli ahlak kadalaryna gabat gelmeýän maglumat çeşmeleriniň, şeýle-de terrorçylygy ündeýän websaýtlaryň petiklenýändigini aýdýarlar.

Ýurduň çäginde girmeklik gadagan edilýän saýtlaryň hatarynda Facebook, Instagram we YouTube ýaly iri sosial media torlary hem bar. Öňki ýyllarda geçirilen barlaglar bu ýurtda BBC, Reuters we DW ýaly halkara habar serişdeleriniň web sahypalarynyň hem petik astynda saklanýandygyny anyklady.

Azatlyk Radiosynyň web sahypasy hem Türkmenistanda gadaganlykda galýar, okyjylar diňe wirtual şahsy torlaryň üsti bilen bu maglumat çeşmesine girip bilýärler. Radionyň web sahypasy ulanyjylara tölegsiz Psiphon VPN goşundysynyň çelgisini hödürleýär.

Balkanabatly ýaşaýjylar soňky üç günden gowrak wagt bäri Internetiň tizliginiň hem ep-esli haýallandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli aragatnaşyk hünärmeni wirtual şahsy torlara garşy häkimiýetler tarapyndan bat berilýän nobatdaky göreşiň sosial torlarda döwlet ýolbaşçylaryna garşy arz-şikaýat wideolarynyň sanynyň artmagy bilen düşündirilýändigini aýdýar.

“Halk arasynda YouTube, TikTok ýaly saýtlar arkaly Arkadag we onuň ogluna arz-şikaýat bildirip düşürilýän wideolaryň sany artypdyr” diýip, aragatnaşyk hünärmeni aýdýar.

Ýerli synçylar Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň Internet ulgamynda paýlaşylýan wideo ýüzlenmelere oňyn garamaýandyklaryny aýdýarlar.

Wirtual şahsy torlar petiklenip, Internetiň tizligi haýallaýan mahaly, günbatar welaýatdan bolan ýaşaýjylar “Horjun TW” ýaly petiksiz işleýän wideo platformalaryň ýaýlymlarynyň hem kynlaşandygyny aýdýarlar.

Internet tizligini barlamak boýunça “SpeedTest” ulgamynyň 2025-nji ýylyň fewral aýynda täzelän soňky barlaglaryna görä, Türkmenistan fiksirlenen internetiň, ýagny öý internetiniň tizligi boýunça, sekuntda 3.78 mb/s tizlik bilen, barlag geçirilen 154 ýurduň arasynda 153-nji orunda ýerleşdirildi. Soňky barlaglarda Türkmenistan mobil internetiň tizligi boýunça çap edilen sanawa goşulmandyr.

Mundan ozal, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy 2023-nji ýylyň fewralynda şahsy taraplar üçin fiksirlenen internetiň iň ýokary tizligini 6 mb/sekunda çykarypdy. Ýöne bu üýtgeşmelerden soňra hem, öýlerine Internet çekdiren raýatlar tizligiň wada berlenden juda haýal bolandygyny aýtdylar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy wirtual şahsy torlara garşy alnyp barylýan göreşiň fonunda, Balkan welaýatynda ofislere we dükanlara oturdylan wideokameralaryň hem sökülip başlanandygyny habar berýärler.

“Bazarlarda, dükanlarda we ofislerde oturdylan wideokameralar häkimiýetler tarapyndan sökülip başlandy. Şeýle enjamlaryň daşary ýurtlar tarapyndan içalyçylykda ulanylýan bolmagy mümkin diýen pikirler ileri sürülýär. Şeýle kameralar oturdylan dükanlara we ofislere uzak aralykdan Internet üsti bilen tomaşa edip bolýardy” diýip, balkanly çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda wirtual şahsy torlara garşy göreşiň güýçlendirilmegi, Internet tizligiň haýalladylmagy hem-de ofislere we dükanlara oturdylan kameralaryň aýyrdylyp başlanmagy boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary türkmen häkimiýetlerini Internet ulgamyna elýeterliligi berk çäklendirmekde tankytlaýar.

Internet çäklendirmelerine garamazdan, resmiler soňky ýyllarda ýurtda sanly ulgamlaryň ösdürilýändigini, dürli pudaklaryň digitallaşdyrylýandygyny gaýtalaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG