Türkmenbaşyda ýerli belgisi bolmadyk awtoulaglar saklanýar we başga welaýatlardan gelen zähmet migrantlaryny tutmak üçin reýdler geçirilýär. Bu aralykda, deňziniň kenaryndaky başga bir şäherçede Hazarda (Çeleken) dynç alýanlar kowulýar.
Türkmenbaşy şäheriniň polisiýasy beýleki sebitlerden gelýänleri kowmak çärelerini güýçlendirdi. Bu barada 29-njy iýulda Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy maglumat berdi.
"Polisiýa işlemek üçin bu ýere gelen içerki migrantlary tutýar, başga welaýatlaryň belgileri bolan awtoulaglary saklaýar we tenini satýan aýallary anyklamak, botoksly hem-de sary saçly aýallary saklamak üçin reýd geçirýär" -diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýerli belgisi bolmadyk awtoulaglaryň 230-dan gowragy jerime duralgasyna eltilipdir.
Bu aralykda, kenar ýakasynda ýerleşýän beýleki oba-şäherlerinde reýdler geçirilýär. Hususan-da, Hazarda (Çeleken) dynç alýan adamlar kowulýar.
"Beýleki welaýatlardan gelen käbir adamlar Çelekende dynç alýarlar, sebäbi bu ýer Awazadaky ýaly gymmat däl. Marydan Çelekene çenli adam başyna 500-600 manat taksi bilen gidip bolýar. Sanjym şahadatnamasy bolmasa-da, Çelekene 100 manat berip, girip bolýar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Hazar deňziniň kenaryndaky oturymly ýerlerde dörän bu ýagdaý tomus möwsüminiň ortasynda ýüze çykýar.
Balkan welaýatynyň häkimiýetleri bolup geçýän wakalar barada resmi düşündiriş bermeýärler. Ýerli çeşmeler bolsa, häzirki reýdleriň ýurt baştutanynyň we hökümet agzalarynyň tomus dynç alyşyny adatdakysy ýaly awgust aýynda Hazaryň kenarynda geçirmegine görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
"Awaza birinji awgustdan ýapyk bolar, sebäbi bu ýere ýokary derejeli resmiler we olaryň maşgala agzalary geler" diýip, efirde adynyň agzalmazlygyny soran çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Polisiýanyň reýdleri ýerli ilaty dynç alyş möwsüminde ýaşaýyş jaýyny kereý bermek, söwda etmek we hususy ulaglary bilen gazanç etmek mümkinçiliginden mahrum edip, ýaramaz täsir ýetirdi. Zähmet migrantlary hem girdeýjilerini ýitirýärler.
Şeýle ýagdaý sebitde, esasanam dynç alyş möwsüminde yzygiderli ýüze çykýar. Iýul aýynyň başynda Azatlygyň habarçylary ygtybarly çeşmelere salgylanyp, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşlarynyň dynç almak üçin Awaza milli syýahatçylyk zolagyna gelendiklerini habar berdiler. Şonda prezidentiň garyndaşlarynyň gelmegi Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary üçin dürli oňaýsyzlyklary döretdi. Şäheriň käbir köçeleri, bazarlary we söwda merkezleri günde birnäçe gezek ýapyldy. Awazada dynç alýan beýleki welaýat ýaşaýjylary öz öýlerine gitmek üçin howa we demir ýol biletlerini satyn alyp bilmediler.
Şol bir wagtyň özünde, Balkan welaýatynyň deňiz kenarlarynda ilata suwa düşmegiň gadagan edilendigi habar berildi. Habarçylaryň we çeşmeleriň aýtmagyna görä, Awaza syýahatçylyk sebitindäki kenarlardan başga ýerlerinde deňizde ýüzmek gadagan bolupdyr. Şol suwa düşmek gadaganlygy, hatda Türkmenistan üçinem aşa yssy hasaplanýan howa şertlerine gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum