Balkan welaýatynda deňiz kenarlarynda ýerli ilata suwa düşmek gadagan edilýär. Türkmenistanyň günbatar sebitindäki habarçylar we çeşmeler diňe Awaza syýahatçylyk zolagynda ýüzmäge rugsat berilýändigini, Hazar deňziniň beýleki kenar ýakalarynda ilatyň suwa düşmegine rugsat berilmeýändigini we bu gadagançylygyň gijelerine belli bir derejede bozulýandygyny habar berýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Gyýanlynyň we Hazaryň (Çeleken) ýaşaýjylary deňizde suwa düşmek gadaganlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýerli ýaşaýjylar we dynç almak üçin baranlar gündiz deňizde ýüzüp bilmeýärler. Gijelerine gadaganlyk belli bir derejde gowşaýar, hususan-da, bu gadagançylykdan para berip geçip bolýar.
Yssy howada suwa düşmek gadagançylygy ilata köp oňaýsyzlyklary döredýär we ýerli ilaty seýrek girdeji çeşmesinden mahrum edýär.
"Gyýanlyda we Hazarda onlarça hususy myhman öýleriň biznesi çökdi. 3 ýyllap maýa ýatyrylan kiçi myhmanhanalar - çadyr şekili öýjagazlar durup tozdy" diýip, Azatlygyň welaýatdaky habarçysy aýtdy.
Bu aralykda, deňizde suwa düşmek gadagançylygy Türkmenbaşy şäherine hem degişli. "Bu günler her ýerde deňize 30 metr galanda, geçmek gadagan diýlen duýduryşlar ýazylan. Deňze golaýlan adamlara 100 manat jerime töletdirýärler" diýip, habarçy aýdýar.
Habarçy berk gadagançylyga garamazdan, kenar ýakalarynda balyk tutýan balykçylaryň käte duş gelýändigini belleýär.
Garaşsyz neşir “Turkmen.news” Hazar we Garabogaz şäherlerinde suwa düşmek gadagançylygy barada habar berýär we soňky günlerde gözegçiligiň hasam güýçlendirilendigini, indi adamlaryň diňe bir suwa düşmek däl, eýsem kenarýaka ýerlerde gezelenç edip bilmeýändigini habar berýär.
Kenar ýakalaryndaky ýaşaýyş ýerlerde suwa düşmek gadagançylygy yssy howaly ýurt üçinem günüň aşa gyzýan wagtyna gabat geldi.
"Bu yssyda, iň bolmanda kenar ýakasynda gezmek, deňiz şemalyny duýmak isleýärsiň. Ýöne indi bu-da mümkin däl" diýip, Türkmen.news çeşmesine salgylanýar.
Garaşsyz neşir suwa düşmek gadaganlygy sebäpli sosial nägileligiň döreýändigini belleýär. "Sosial ulgamlarda ýerli häkimiýetlere we paýtagta köpçülikleýin hat ýazmak üçin çagyryş edilýär.
Balkan welaýatynda ýerleşýän ýurduň esasy syýahatçylyk zolagy bolan Awazada dynç almak bolsa hemmä elýeterli däl.
“Turkmen.news” neşiriniň habaryna görä, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary Awaza barmak üçin ýerli ýaşaýyş rugsadyny, pasportyny we COVID-19 garşy waksina şahadatnamasyny görkezip, iki sany polisiýa barlag nokadyndan geçmeli bolýarlar. Beýleki sebitleriň ýaşaýjylary bolsa, Awaza barmak üçin migrasiýa gullugyndan-da rugsady we dynç alyş putýowkasyny gökezmeli bolýarlar.
Bir gün öň Azatlygyň çeşmeleri dynç alyş zolagyna girmegiň çäklendirilendigini we Awaza bilen ýanaşyk ýerleşýän Turemenbaşy şäherinde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berdiler.
Çeşmäniň habaryna görä, ýaşaýjylar üçin dörän oňaýsyzlyk prezidentiň garyndaşlarynyň sebite barmagy bilen bagly bolupdyr. "Prezidentiň dogan-garyndaşlary Awaza geldi. Türkmenbaşy şäheriniň käbir köçeleri, bazarlary we söwda merkezleri günde azyndan üç gezek ýapylýar. Şonda bu köçelere, bazarlara we söwda merkezlerine ýönekeý adamlar goýberilmeýär" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Mundan başga-da, sebitde transport kynçylyklary has-da ýitileşipdir. Awazada dynç alyp, öz ýaşaýan welaýatlaryna dolanmak isleýän türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi uçar we otly biletlerini tapyp bilmedi. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatyndan habar berdiler.
Hazar ýakasyndaky ýaşaýyş ýerlerde ilatyň deňizde suwa düşmeginiň gadagan edilmeginiň we Türkmenbaşydaky çäklendirmeleriň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.