Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýangyç gytçylygy emele geldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde ýangyç gytçylygy emele geldi. Soňky bir hepde bäri sebitiň ýangyç beketlerinde benzin we dizel çäkli möçberde satylýar. Munuň bilen baglylykda, şu günler ýoluň gyralarynda eli boklaşkaly durup, ýangyç soraýan sürüjiler köpelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitden maglumat berdiler.

"Türkmenbaşy, Hazar, Balkanabat şäherleriniň we Bereket, Serdar, Magtymguly etraplarynyň ýangyç beketlerinde günüň ikinji ýarymyna ýetmänkä, uly nobatlar emele gelýär. Hazar şäherinde benzin sagatly satuwa çykarylýar. Gytçylyk Bereket, Serdar, Magtymguly etraplarynda has-da ýiti duýulýar. Awtoulagyndaky ýangyjyň gutarandygy sebäpli, ýoluň gyrasynda benzin diläp duran sürüjiler köpelýär" diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, 13-nji iýulda Türkmenbaşy-Aşgabat awtomagistralyň ugrundaky, Serdar-Zau-Bamy aralygyndaky ýangyç bekedinde ýangyjyň hiç bir görnüşi satylmady.

"Ýol polisiýasy, beketlerde nobat döremezligi üçin, ulaglary beketlere goýbermeýär. Mundan ozal bu derejede benzin gytçylygy bolmandy. A95 markaly benzin bolmasa, A92 markaly bolardy. Häzir A95-iň bir litri 1 manat 50 teňňä, A92-niň bir litri 1 manat 30 teňňä barabar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Ýangyja baý Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň günbatar welaýatynda dörän ýangyç gytçylygy we onuň sebäpleri barada ilata aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Bu gytçylygyň haçana çenli dowam etjekdigi barada hem hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne ýangyç guýýan beketleriň birnäçe işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, gytçylygyň sebäbi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda abatlaýyş işleriniň geçirilip başlanmagy we onda önümçiligiň doly ýa belli bir möçberde çäklendirilmegi bilen baglanyşykly.

Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalýan toplumdan kommentariýa alyp bilmedi. Toplumda abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi ýa-da sebitde ýangyç gytçylygynyň emele gelendigi barada onuň resmi websaýtynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne şu aýyň başynda prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” karara gol çekdi. Resmi habara görä, 1-nji iýulda gol goýlan karara laýyklykda, degişli kompaniýalar bilen zerur enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnamalary baglaşmak göz öňünde tutulýar.

"Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bökdençsiz işlemegine mümkinçilik berer" diýlip, habarda bellenildi.

Azatlyk häzirki gytçylygyň gürrüňi edilýän karar bilen baglanyşyklymy ýa däldigini anyklap bilmedi. Ýöne bu gytçylyk sebitiň etraplarynyň we şäherleriniň arasynda kireý edýän hususy taksileriň azalmagyna we olaryň bahasynyň 100% gymmatlamagyna getirdi.

"Türkmenbaşy-Balkanabat aralygyna 50 manat kireý alan taksiler indi 100 manat alýarlar" diýip, ýaşaýjy 14-nji iýulda aýtdy.

Ýangyç ýetmezçiligi döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik awtobuslarynyň hem gatnaw tertibini çäklendirmegine getirdi. Geçen hepde Balkanabat-Çeleken aralygyndaky awtobus gatnawy togtadyldy.

"Balkanabatdaky döwlet awtobuslary hem gündelik gatnawlarynyň sanyny ýiti azaltdy. Mysal üçin, günüň dowamynda 12 gatnaw amala aşyrýan 2-nji belgili awtobus indi günde üç sapar - irden sagat 8-de, günortan 12-de we ikindin 5:20-de - gatnaýar. Şäherde döwlet taksileriniň sany hem göz-görtele azaldy. Türkmenbaşynyň Awaza sebitinde dynç alyş möwsümi dowam edýändigi sebäpli döwlet taksileri öňki tertipde işleýär" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda Seýdiniň we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary, şeýle-de Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodlar toplumy hereket edýär.

Häkimiýetler ýurtda ýangyjyň önümçiliginiň artdyrylýandygy we onuň daşary ýurtlara eksportynyň giňeldilýändigi barada ýygy-ýygydan habar berýärler. 13-nji iýulda wise-premýer Çarymyrat Purçekow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Ahaldaky zawodda önümçilik meýilnamasynyň 120,8 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Muňa garamazdan, ýangyja baý Türkmenistanyň raýatlary ýangyç ýetmezçiligi bilen wagtal-wagtal ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle gytçylyk soňky gezek geçen ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda Lebap welaýatynda ýüze çykypdy.

Balkanda emele gelen ýangyç gytçylygy, Russiýanyň Ukraina essasyz çomzagynyň arasynda, tutuş dünýäde, hususan-da Ýewropada ýangyç-energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýiti derejede gymmatlan wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG