Saglygy goraýyş indeksiniň 2024-nji ýyldaky görkezijilerinde Türkmenistan, Saglygy goraýyş ulgamynyň hili boýunça baha berlen ýurtlaryň sanawynda 27, 3 ball alyp, 110 orundan 95-nji orny eýeledi. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu habary GEOWORLD žurnalynyň web sahypasyna salgylanyp berdi.
Sebitdäki goňşular barada aýdylanda, Gazagystan 78-nji, Özbegistan 64-nji, Russiýa 42-nji ýerde. Bu sanawda Gyrgyzystan we Täjigistan ýok.
Ilkinji bäş orny Taýwan, Günorta Koreýa, Awstraliýa, Kanada we Şwesiýa eýeledi.
Reýtingi Boliwiýa, Paragwaý, Nepal, Gonduras we El Salwador jemleýär.