Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary ygtybarly çeşmelere salgylanyp, prezident Serdar Berdimuhamedowyň dogan-garyndaşlarynyň Hazaryň kenarynda dynç almak üçin "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelendigini habar berýärler. Bu waka, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň adaty durmuşynda käbir bökdençlikleri döredýär. Bu aralykda, sebitde dowam edýän transport kynçylyklary geçen hepde has-da ýitileşdi. Awazada dynç alyp, öz ýaşaýan welaýatlaryna dolanmak isleýän türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi uçar we otly gatnawlaryna bilet tapyp bilmedi. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatyndan habar berdiler.
"Prezidentiň dogan-garyndaşlary Awaza geldi. Türkmenbaşy şäheriniň käbir köçeleri, bazarlary we söwda merkezleri günde azyndan üç gezek ýapylýar. Şonda bu köçelere, bazarlara we söwda merkezlerine ýönekeý adamlar goýberilmeýär" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Bu barada resmi metbugatda hiç hili maglumat berilmeýär. Ýöne şu günler Hazar deňziniň kenarynda we Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Awazada dynç alyş möwsümi dowam edýär. Türkmenistanda her ýylyň iýul we awgust aýlarynda döwlet baştutanynyň we onuň maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň Awazada dynç alýandygy barada Azatlygyň habarçylary mundan ozalky ýyllarda ençeme gezek habar berdiler. Görnüşinden, bu tejribäni täze prezident hem dowam etdirýäne meňzeýär.
Habarçylarymyz şäherde polisiýanyň gözegçiliginiň güýçlendirilendigini hem habar berýärler. Olaryň maglumatlaryna görä, şenbe we ýekşenbe günleri (2-3-nji iýulda) şäher polisiýasy myhmanhanalara "ahlak terbiýeçilik" reýdlerini geçirdi.
"Myhmanhanalarda 15 sany raýat bikanun jynsy gatnaşykda güman edilip saklandy" diýip, ýagdaýdan habarly ygtybarly çeşmämiz 4-nji iýulda gürrüň berdi.
Ýatlatsak, şeýle reýdler şu ýylyň aprel aýynda hem geçirilipdi. Şonda Türkmenbaşyda resmi nikasyz bile ýaşamakda güman edilen jübütlere 10 müň manatdan başlanýan jerimeler töletdirilip, administratiw temmi berlipdi.
Şu günler Türkmenbaşyda maska dakynýan raýatlara gözegçilikler hem güýçlendirildi. Ulaglarda maska dakynýan raýatlara 50-100 manat aralygynda jerime salynýar. Şäher polisiýasy ulaglarda maska dakynmazlyk barada jar salýar.
Bu aralykda, sebitde dowam edýän transport kynçylyklary geçen hepde has-da ýitileşdi. Awazada dynç alyp, öz ýaşaýan welaýatlaryna dolanmak isleýän türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi uçar we otly gatnawlaryna bilet tapyp bilmedi.
"COVID çäklendirmeleri sebäpli soňky 2-3 ýylyň dowamynda deňiz syýahatyny küýsän köp raýat Awaza geldi. Ýöne bu raýatlar yzlaryna gitmekde kynçylyk çekýärler. Sebäbi Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyndaky otly gatnawy we hepdede bir gün welaýatlara uçar gatnawy adamlaryň talabyny ödäp bilmeýär" diýip, ýagdaýdan habarly ygtybarly çeşmämiz 4-nji iýunda gürrüň berdi.
Maýyň aýagynda türkmen häkimiýetleri Aşgabat şäherinden we welaýat merkezlerinden ýolagçy otly we uçar gatnawlarynyň bölekleýin dikeldilýändigini yglan etdiler. Bu gatnawlar pandemiýa aladalary sebäpli çäklendirilipdi. Ýöne habarçylarymyz dikeldilen uçar we otly gatnawlarynyň ilatyň islegini ödäp bilmeýändigi barada iýunyň başyndan bäri habar berip gelýärler.
Türkmenbaşydaky habarçylarymyz häzirki transport bökdençlikleriniň raýatlaryň onlarçasynyň şäheriň aeroportunda we demirýol wokzalynda nägilelik bildirmegine getirendigini habar berýärler.
"400 çemesi raýat uçar we otly biledini satyn alyp bilmedi. Bu raýatlar hepdäniň ahyrynda wokzalda we aeroportda nägilelik bildirdiler. Mu[a garamazdan, hökümet goşmaça otly ýa uçar reýslerini goýmaýar. Haýyşlar we arzalar diňlenmeýär. Hatda goşmaça awtobus gatnawy hem goýulmaýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.
2007-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada karar kabul etdi. Şondan soňky ýyllarda sebitde myhmanhanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Ýurtda pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlary heniz-de doly dikeldilmeýän mahaly, Awaza ýurt raýatlarynyň deňziň kenarynda dynç almagy üçin ýeke-täk ýer bolmagynda galýar.
Habarçylarymyz transport kynçylyklarynyň otly we uçar biletleriniň satuwynda korrupsiýanyň "gülläp ösmegine " getirendigini hem habar berýärler.
"Uçar we otly biletleriniň hiç biri resmi bahasyna satylmaýar. Adamlar islendik biledi satyn almak üçin onuň hakyky bahasyndan üç-dört esse köp çykdajy etmeli bolýarlar" diýip, ýolagçylaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sebitde uçar we otly biletleriniň gytçylygy hususy taksileriň bahasyny "keýgiň şahyna" çykardy. Türkmenbaşy-Aşgabat aralygy üçin taksi nyrhlarynyň bahasy 800 manatdan 1500 manada gymmatlady.
"Umuman taksi hem tapdyrmaýar. Otly ýolbeletleri hem, wagonyň koridorlarynda, geçelgelerinde ýatyp gitmek üçin her adamdan 1000 manat soraýarlar. Umuman, bu ýerde oturyp ýa ýatyp gitmek üçin hem ýer tapylmaýar. Tanyş tapan raýatlar ýük daşaýan "Kamaz" kysymly ulaglarda öz ýaşaýan welaýatlaryna gaýtdylar" diýip, ýolagçy belledi.
"Transporta gözegçilik edýän ýolbaşçylar nirä seredýärkä, beýle korrupsiýa we uçar, otly biletleriniň şeýle derejede gymmatlamagy, Türkmenistanyň 30 ýyl garaşsyzlyk taryhynda görlüp-eşidilmändi" diýip, ol sözüne goşdy.
Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri Awazada ýurt raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Ýöne olar syýahatçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.