Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwada ABŞ-nyň dört esgerini alyp barýarka batan ulag suwdan çykaryldy


Halas ediş toparlary ýiten dört amerikan esgerini alyp barýan wagtynda Litwada suwa çümen harby ulagy tapdy. Ondaky esgerler şu wagta çenli ýiten diýlip bilinýärdi.

“M88 Herkules” sowutly ulagy Litwanyň Belarus bilen serhediniň golaýyndaky Pabrade harby tälim meýdançasynda başlanan halas ediş operasiýasyndan alty gün soň, 31-nji martda, irden tapyldy.

Litwanyň goranmak ministri Dowile Sakaliene ýiten dört esgeriň ykbalynyň entek kesgitlenmändigini aýtdy.

"Biz häzir bu barada gürläp bilmeris, sebäbi, ilkinji nobatda, bu barada entek maglumat ýok we, maglumat alanymyzdan soň hem, amerikalylaryň ilkinji bolup habar bermelidigi barada berk ylalaşyk bar" diýip, Sakaliene 31-nji martda Litwanyň jemgyýetçilik radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG