Türkmenistanda aşa yssy howanyň höküm sürýän mahaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky split-ulgamlaryny söküp aýyrýar. Resmiler munuň sebäplerini "prezident Serdar Berdimuhamedowyň dogan-garyndaşlarynyň we ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň Awazada dynç alýandygy" bilen düşündirýärler.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler ýaşaýyş jaýlaryndaky sowadyjylary söküp aýyrmak işine geçen hepdäniň ahyrynda girişdiler.
Bu işleriň çäginde şäheriň 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji etrapçalaryndaky, Şagadam we Azady köçeleriniň ugrundaky köp gatly jaýlardan split-ulgamlary sökülip aýrylýar.
"Bu işler häkimligiň tabşyrygy esasynda jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri tarapyndan amal edilýär" diýip, ýagdaýdan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 4-nji iýulda gürrüň berdi.
Şu günler Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy 40 gradusdan aşýar, Balkanda 31-35 gradus aralygynda üýtgäp durýar. Häkimiýetler tomsuň jokrama yssy günlerinde ýaşaýjylaryň split-ulgamlarynyň sökülüp aýrylmagy we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler.
Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan häkimligiň birnäçe işgäri bu çäreleriň häzirki pursatda amal edilmeginiň iki sebäbiniň bardygyny gürrüň berdi.
"Munuň esasy sebäbi häzirki pursatda prezidentiň dogan-garyndaşlarynyň we ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň Awazada dynç alýandygy bilen baglanyşykly. Olar bu ýerde dynç alýan wagty, jaýlardaky split-ulgamlary görünmeli däl" diýip, häkimligiň işgäri aýtdy.
Azatlygyň bu barada Türkmenbaşy şäher häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.
Ýöne prezident Serdar Berdimuhamedowyň dogan-garyndaşlarynyň Hazaryň kenarynda dynç almak üçin "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelendigini, Azatlygyň ýerli habarçylary ygtybarly çeşmelere salgylanyp, 4-nji iýulda habar berdiler. Şonda olar munuň bilen bagly, Türkmenbaşynyň ýaşaýjylarynyň adaty durmuşynda käbir bökdençlikleriň dörändigini, käbir köçeleriň, bazarlaryň we söwda merkezleriniň günde azyndan üç gezek ýapylýandygyny we olara ýönekeý ilatyň goýberilmeýändigini gürrüň berdiler.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan häkimligiň işgärleri, sowadyjylaryň sökülmeginiň ikinji sebäbini şäherdäki elektrik transformatorlarynyň kuwwatynyň ýetmän, ýygy-ýygydan hatardan çykýandygy bilen baglanyşdyrdylar.
"Üç-dört otagly jaýlarda köplenç iki-üç maşgala, gaýyn ene we gaýyn ata bir ýa-da iki ogly we gelinleri, agtyklary bilen ýaşaýar. Netijede, tomsuň jokrama yssy günlerinde her otagda bir kondisionere zerurlyk döreýär" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl şäher häkimiýetleri "elektrik transformatorlaryndaky bökdençligiň öňüni almak maksady bilen", köp gatly jaýlardaky split-ulgamlarynyň aglabasyny söküp aýyrdylar.
"Geçen ýyl üç-dört otagly jaýlaryň her birinde diňe bir sany kondisioner goýmaga rugsat berildi. Galan kondisionerler sökülip aýryldy. Bir kondisioneri hem, görünmez ýaly edip, balkonda ýa-da jaýlaryň girelgelerinde goýdurdylar. Köçe tarapdaky kondisionerleriň ählisi sökülip aýryldy. Häzirki pursatda jaýlaryň balkonlaryndaky sowadyjylary hem söküp aýyrýarlar. Adamlar jokrama yssyda nähili gün görmeli? Muňa jogap berýän adam ýok" diýip, ýerli ýaşaýjy sözüni jemledi.
Türkmenistanda, hususan-da paýtagt Aşgabatda köp gatly jaýlaryň diwarlarynda oturdylan gurallaryň, şol sanda split-ulgamlarynyň köpçülikleýin sökülip aýrylmagy 2017-nji ýylda güýçlenipdi. Şonda häkimligiň işgärleri dilden beren düşündirişlerinde, munuň "ýokardan berlen tabşyrykdygyny" aýdyp, şeýle gurallaryň "jaýlaryň görküni zaýalaýandygyny" mälim edipdiler.
Türkmenbaşyda split-ulgamlarynyň sökülmegi bilen bagly soňky waka, Türkmenistanda iki hepdeden gowrak wagt bäri anomal derejede yssy howanyň höküm süren mahalyna gabat geldi. Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary aşa yssy howa şertlerinde saglygy ýaramazlaşýan adamlaryň keselhana ýerleşdirilýändigi, uly adamlaryň, hem-de çagalaryň arasynda güýçli içgeçmäniň ýaýraýandygy, yssy howanyň gowaçalara zarba urýandygy, mallaryň köpçülikleýin gyrylýandygy barada habar berdiler.
Howa maglumatlaryny çap edýän "Accuweather" neşiriniň habarynda Türkmenbaşyda bu hepde howanyň birneme salkynlandygyny synlasa bolýar. Şäherde bu hepde howanyň temperaturasy 30-35 gradus aralygynda üýtgäp durýan bolsa, öňümizdäki hepde 36 gradusa çenli ýokarlanýar.
Türkmen häkimiýetleri aşa yssy howa we jaýlardaky split-ulgamlarynyň sökülmegi barada resmi derejede beýanat bilen çykyş etmeýärler. Döwlet telewideniýesiniň reportažlarynda hem, ilata ‘paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmek we günüň ýiti şöhlesinden goranmak’ barada maslahat bermek bilen çäklenilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.