Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärdeşler arkalaşyklary nädip 'eziji, işgärlerden pul ýygnaýan' toparlara öwrüldi?


Türkmenistanda geçirilýän mejbury-meýletin ýowarlar dowam edýär. Arhiw suraty
Türkmenistanda geçirilýän mejbury-meýletin ýowarlar dowam edýär. Arhiw suraty

Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň işgäri diýlende esasan işgärlerden pul ýygnaýan adamlar göz öňüne gelýär, ýöne olaryň döredýän kynçylyklary diňe maşgala agzalarynyň, hususan-da çagalaryň we garrylaryň agzyndan kesilip alynýan pullar bilen hem gutarmaýar diýip, 55 ýaşly işgär aýtdy. 

Türkmenistanda meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramasy hasaplanýan kärdeşler arkalaşyklarynyň "arkalaşyk etmekden" geçen, mejbury zähmetiň dowam etdirilmegine, şol sanda adamlaryň soňy gelmeýän ýowarlarda dowamly ezilmegine hem ”ýardamçy” bolýandygy habar berilýär.

Mary sebitiniň edara-kärhanalarynda kanun esasynda döredilen we işleýän kärdeşler arkalaşyklary öz wezipe-borçlaryny ýerine ýetirmeýär, tersine, işgärler üçin goşmaça maddy we ruhy kynçylyklary döredýän bikanun işler bilen meşgullanýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy aýtdy.

Ýurduň beýleki sebitlerinde, hatda paýtagt Aşgabatda hem Azatlyk bilen söhbetdeş bolan adamlar kärdeşler arkalaşygynyň işgärlerinden nägilediklerini aýtdylar.

Il arasynda sowet döwründen bäri profsoýuz guramasy diýip bilinýän, garaşsyzlyk ýyllarynda Kärdeşler arkalaşygy diýip atlandyrylan guramanyň işgärleri, aýry-aýrylykda gürleşen raýatlaryň tassyklamaklaryna görä, “kärdeşler arkalaşygy” diýen aňlatmanyň, öz kanuny wezipeleriniň nämäni aňladýandygyny hem unudana meňzeýär.

Profsoýuz ýa kärdeşler arkalaşygy guramasynyň işgäri diýlende esasan işgärlerden ol ýa-da beýleki çäre üçin pul ýygnaýan adamlar göz öňüne gelýär, ýöne olaryň döredýän kynçylyklary diňe maşgala agzalarynyň, hususan-da çagalaryň we garrylaryň agzyndan kesilip alynýan pullar bilen hem gutarmaýar diýip, 55 ýaşly aşgabatly işgär telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

“Olar bir topar gerekmejek işleri edýärler, manysyz ýa-da işgärler üçin zyýanly buýruklara gol çekmek üçin döredilen topara meňzeýär” diýip, maryly ýaşaýjy hem bu aýdylanlary tassyk etdi.

Adatça, bu guramanyň agzalary baýramçylyklarda işgärlere berilmeli sowgatlary paýlaýar, edara-kärhanalarda geçirilýän ýygnaklarda ýokardan gelýän görkezmeleriň, buýruklaryň manysyny düşündirýär, eger işgärlerde nägilelik bolsa, iş beriji bilen işgäriň arasynda düşünişmezlik dörese hem şol toparyň agzalary çözýär. Emma indi adamlar profsoýuza gyssaga düşülende kömek alyp boljak gurama, işgäriň arkasyny tutýan hossar hökmünde garamaýar, olar "mejbury zähmetiň we goşmaça salgytlaryň wekilleri" diýip, radionyň söhbetdeşleri aýdýar.

Radionyň söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklary we topar agzalary köplenç ýagdaýda edara-kärhanalaryň başlyklarynyň "öz adamlary" bolýar we diňe şolaryň bähbitlerine, işgärleriň bolsa zyýanyna işleýär.

“Kärdeşler arkalaşyklary kanun boýunça işgärleriň hukuklaryny goramaly, emma olar hakykatda adamlaryň kanun esasynda eýe bolan hukuklaryny iş ýüzünde ýok etmek üçin göreşýän topar bolup durýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran maryly işgär radionyň habarçysyna aýtdy.

Aýdylmagyna görä, edara-kärhanalardaky profsoýuz toparlarynyň her aýda ilki bilen edýän esasy işi dürli bahana bilen aýlyk alan adamlardan pul çöplemekden ybarat bolup, olar bu puly edara başlyklaryna eltip berýär.

Pagta ýygymy, pilieçilik, şugundyr hasylyny ýetişdirmek, abuna ýazyşlyk, Gyzyl Ýarymaý birleşigine serişde ýygnamak ýaly birnäçe bahana bilen pul ýygnalýar.

Munuň üstesine, baýramçylyklarda işgärleri sylaglamak, höweslendirmek üçin goýberilýän serişdeleri hem doly işgärlere siňdirmän, arzan sowgatlary alyp berip, öz jübilerini galňadýarlar.

Mysal üçin, Täze ýylda berilýän sowgatlar üçin möhleti geçen ýa-da geçip barýan süýji-kökeleri arzan bahadan alyp, gutulara salyp, sowgat hökmünde paýlaýarlar diýip, habarçy bilen gürleşen işgärler aýdýar.

Mundan başga, käbir edaralardaky profsoýuz guramalarynyň “alanlaryny az görýändigi, öz taýýarlan arzan sowgatlardan hem özlerine köp alyp galmaga çalyşýandygy” habar berilýär.

“Profsoýuz başlygy bolup geçen adam derrew gurplanyp başlaýar” diýip, radio bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan birnäçe işgär aýtdy.

Şu aralykda “Türkmenistanyň Hronikasy” eýeçiligiň ähli görnüşindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň, studentleriň we ýokary klas okuwçylarynyň Aşgabatda, 20-nji martda prezident tarapyndan bag ekmek kampaniýasy başlanaly bäri, her gün irden edara, okuw jaýlarynyň töwereklerinde, seýilgählerde we meýdançalarda özlerine bölünip berlen ýerlerde köçe süpürmäge, zir-zibil çöplemäge çykarylýandygyny habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, günde geçirilýän ýowarlarda adamlara polisiýa tarapyndan gözegçilik edilýär we “işden gaçalak edýär” diýip bilnen adamlaryň suratlary alnyp, olaryň subutnama hökmünde prokuratura iberiljekdigi aýdylýar.

Hukuk goraýjylar Türkmenistanyň oba hojalygynda, şol sanda pagtaçylykda, pilieçilikde, şugundyr ýetişdirmek giňden ulanylýan mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyrýarlar. Emma häkimiýetler bu çagyryşlara jogap bermän, bag ekmek, şäherlerde arassaçylygy saklamak ýaly işlerde hem, mejbury ýowarlary ulanyp, adamlaryň "iş, okuw we dynç alyş wagtlaryny talaýarlar" diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary, kanunda aýdylmagyna görä, agzalarynyň zähmet we onuň bilen baglanyşykdaky beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de olary goramak, zähmeti gorap saklamak we onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünär bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramalary bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG