3-nji aprelde Russiýanyň dron hüjümi Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryna zarba urdy. Netijede, azyndan üç adam öldi, 32-si bolsa ýaralandy diýip, ýerli resmiler habar berýär.
Sebit häkimi Oleh Synýehubowyň Telegram arkaly beren maglumatyna görä, ýaralananlaryň arasynda iki çaga hem bar.
Ol birnäçe gatly jaýyň zyýan çekendigini we bir binanyň üçeginde ýangyn başlanandygyny aýtdy. Hüjümden birnäçe sagat soň halas ediş toparlary harabalyklaryň astyndan diri galanlary gözlemek işlerini dowam etdirdiler. Şäher häkimi Ihor Terehow rus goşunlarynyň bary-ýogy 40 minutda Harkiwe azyndan 14 zarba urandygyny habar berdi.
Harkiw şäheriniň golaýyndaky Ruski Tişki obasynda hem bir adam dron hüjüminde ýaralandy. Sebit häkimiýetleriniň maglumatyna görä, soňky hepdede bu oba birnäçe gezek dron hüjümlerine sezewar boldy.
Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Dnipro şäherinde geçirilen köpçülikleýin dron hüjüminde üç adam ýaralandy diýip, sebit häkimi habar berdi.
Şeýle hem, Zaporižýe sebitinde azyndan ýedi sany dron nyşanalara hüjüm edip, bir adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.