Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

8-njy synp okuwçylary indiki synpa synagsyz geçip, dersleri ýene bir ýyl gaýtalamaly bolarlar


Orta mekdepdäki ýygnak. Türkmenistan (arhiw suraty)
Orta mekdepdäki ýygnak. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda orta mekdepler 12 ýyllyk bilim tertibine geçeli bäri 12-nji synpy tamamlan okuwçylar şu ýyl ilkinji gezek uçurym bolarlar. Emma 2013-2014-nji okuw ýylynda durmuşa geçirilip başlanan bu täze okuw tertibiniň netijeleri okuwçylara we olara berilýän bilimiň hiline şu çaka çenli täsir ýetirmegini dowam etdirýär.

Şu ýyl sekizinji synpda okaýan okuwçylar bir synpdan başgasyna geçiş ekzamenlerini tabşyrmakdan boşadylypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, bu ýagdaý dokuzynjy synpa geçýän okuwçylaryň indiki okuw ýylynyň dowamynda ýene-de şol bir okuw programmasyny gaýtalajakdygy bilen bagly.

"Mekdeplerde sekizinji synpda okaýanlar, dokuzynjy synpa geçseler-de okuw dersleri iki ýyllap gaýtalanýar" diýip, çeşme 1-nji aprelde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bilim pudagyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler 8-nji synpda okaýan okuwçylaryň synpdan synpa geçiş synaglardan "bökdürilmeginiň" Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň görkezmesi esasynda amala aşyrylýandygyny aýtdylar.

"Munuň sebäbini bilim ministrliginiň çinownikleri Türkmenistanda orta bilim berýän mekdepleriň orta bilim hakda berilýän sertifikatlary 12 ýyla geçirmegi bilen baglaýarlar" diýip, çeşme aýdýar.

Göz öňünde tutulýan häzirki bilim tertibini çeşme şeýle düşündirdi: "Ýagny mundan öň mekdep 11 ýyllyk orta bilim beren bolsa, geçen ýyldan 12 ýyla geçip, häzirki 8-nji synpda okaýan çagalar indiki synpda almaly mowzuklary geçendigi sebäpli, ikinji gezek synagdan geçmez ýaly ders synaglaryndan bökdürilýär".

Bilim ministrliginiň resmi websaýtynda orta bilim programmasynyň durmuşa geçirilişine degişli jikme-jik düşündirişler ýok. Azatlyk Radiosy saýtda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, maglumat alyp bilmedi.

Bilim pudagyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler orta bilimiň 12 ýyla geçirilmeginden soň okuw tertibiniň örän bulaşykdygyna ünsi çekdiler.

"Umuman formal taýdan dünýä standartlaryna laýyklap, 12 ýyl okamaly edilýär, ýöne muňa garamazdan, mekdep programmasy bulam-bujar ýagdaýa düşdi. Sebäbi ýokardan görkezme esasynda edildi we ýeterlik taýýarlyk görülmedi" diýip, çeşme belleýär.

Türkmenistanda orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw tertibine geçirilmegi baradaky karara 2013-nji ýylda gol çekilipdi. 2013-2014-nji okuw ýylynda durmuşa geçirilip başlanan bu programma laýyklykda şu ýyl 12-nji synpy tamamlan okuwçylar ilkinji gezek uçurym bolarlar. Olar esasan 2007-nji ýylda doglan okuwçylar. Ýatlatsak, orta bilimiň 12 ýyl tertibine geçirilmeginiň netijesinde 2014-nji ýylda mekdeplerde uçurym bolmandy.

Orta mekdeplerde 12 ýyllyk bilim bermek üçin ýörite programmanyň işlenip düzülmändigi üstümizdäki okuw ýylynyň başynda belli boldy. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri diňe bir 12-nji klas okuwçylary üçin däl, eýsem birnäçe synp üçin zerur okuw kitaplarynyň çap edilmändigini ýazdy.

"11-nji synpda okuwçylar 10-njy synpda okan sapaklaryny gaýtaladylar. Indi muny üçünji gezek gaýtalaýarlar. Uzak wagt bäri mugallymlar üçin okuw goldanmalary ýok. Mugallym tema boýunça bellikleri edýär we olar bilen klasa girýär "- diýip, neşir aşgabatly mugallymy sitirledi. Şeýle-de, maglumatda hatda köne kitaplaryň hem ýetmezçilik edýändigi, käbir mekdeplerde 3-5 okuwçy üçin bir okuw kitabynyň berlendigi bellenipdi.

Şeýle-de, garasyz neşir ýurduň orta mekdeplerinde ulanylýan ençeme kitabyň mazmunynyň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe, ýagny mekdep biliminiň möhleti 10 ýyldan 9 ýyla çenli azaldylan döwründen bäri üýtgemändigini belledi.

Türkmenistany 2007-nji we 2022-nji ýyllar aralygynda dolandyran Gurbanguly Berdimuhamedow mekdep biliminiň dowamlylygyny 10 ýyldan 12 ýyla çenli ýokarlandyrmak barada 2013-nji ýylda karara gol çekende bu özgertmeleriň bilim ulgamyny "güýç we bagt" döwrüne gabat getirmek we mekdep okuwçylarynyň gözýetimini giňeltmek hem-de häzirki zaman tehnologiýalary baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmak ýaly maksatlara gönükdirilendigini belläpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG