ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, Brýusselde geçirilýän NATO-nyň daşary işler ministrleriniň iki günlük duşuşygyna gatnaşyp, Birleşen Ştatlaryň Ýaranlykdaky ornunyň öňküsi ýaly güýçli galýandygyny nygtady. Ol, prezident Donald Trampyň NATO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleginiň bardygyny aýdyp, Ýaranlygyň 32 agzasyny goranyş ukyplaryny güýçlendirmek üçin harby çykdajylaryny artdyrmaga çagyrdy.
Duşuşykdan öň, NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte hem Trampyň Ýaranlykdaky borçnamalary bilen bagly dörän aladalary gowşatmaga synanyşdy. Ol, käbir agyr sözleriň aýdylandygyny kabul edip, ABŞ-nyň NATO bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyna şübhe bilen garaýanlaryň bardygyny belledi. Şeýle-de, Rýutte: “Men doly ynanýaryn – bu hyzmatdaşlyk dowam eder we ABŞ bu Ýaranlykda galýar. Olaryň ygrarlylygy aç-açan görünýär” diýip belledi.
NATO agza ýurtlary Russiýanyň Ukrainadaky alyp barýan doly gerimli urşuna garşy umumy bir pozisiýa görkezmäge çalyşýarlar. Ýöne käbir Ýewropa ýurtlary Waşingtonyň hereketleriniň olaryň tagallalaryny äsgermezlik etmek hökmünde kabul edilmeginden aladalanýarlar.
Ok atyşlygy çalt togtatmak isleýän Waşington, Ukrainanyň käbir territorial eglişikleri etmeli bolup biljekdigi baradaky pikiri orta atdy we Russiýa bilen gepleşikleri täzeden dikeltmek ugrunda ädim ätdi.