Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyndan soň balkanlylara 'zaýalanan un' satyldy


Balkanabat şäheri (arhiw suraty)
Balkanabat şäheri (arhiw suraty)

Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary birnäçe aý bäri satyn alyp bilmedik un paýoklaryny satyn almak mümkinçiligine eýe boldular. Bu unuň döwlet dükanlarynda uly arakesmeden soň 3-nji aprelde satylyp, başlanmagy Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň yzýanyna gabat geldi.

"Balkanabadyň häkimligi Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň yzýany, ýagny 3-nji aprelde şäher ilatyna ençeme aý bäri berilmeýän un paýoguny paýlady. Paýokly unuň haýsy aý üçin berlendigi belli däl. Adamlara bu barada maglumat berilmedi" diýip, balkanly çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda ilat üçin ýeňillendirilen bahadan çäkli mukdarda satylýan azyk önümleriň sanawyna girýän unuň bu sapar satylan görnüşi iňňän erbet bolupdyr.

"Unuň hili şol bir dereje pes. Ol unyň ysyndan ýaňa öýde oturar ýaly däl" diýip, çeşme unuň hilini suratlandyrdy.

Balkanabatly ýaşaýjy penşenbe güni şäheriň 5-nji bazaryna degişli döwlet dükanynda satyn alan unuň içinde gurçuk tapylandygyny we onda ýakymsyz ysyň bardygyny gürrüň berdi.

"Paýlanan unuň öndürilen senesini görkezýän kagyzy gördüm. Ol 2021-nji ýylda öndürilendigi ýazylan, 1-nji sort un ekeni. Balkanabat galla kärhanasynda öndürilipdir. Bu unuň ýaramlylyk möhleti öndürilen senesinden 1 ýyla çenli diýlip, ýazylypdyr. Unuň hili onuň galla kärhanasynyň ammarynda ýagyş suwundan zyýan çekene meňzeýär" diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Şeýle-de bolsa, şeýle pes hilli un hem hemmä satylmaýar. Adamlar çäkli mukdarda satylýan uny satyn almak üçin öz ýaşaýan ýerine degişli dükana baryp, nobatda durup almaly bolýarlar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar birnäçe aý garaşdyrylyp, satylan bu uny gören adamlaryň örän lapykeç bolandygyny aýtdylar.

"Ilatyň bu uny iýip, iýmitden-çörekden zäherlenmek ähtimallygy ýokary. Döwlet paýok beresi gelmeýän bolsa, bermesin. Möhleti geçen un-ýag bermegi adamlaryň saglygyna we ömrüne örän howply" diýip, balkanly çeşme aýdýar.

Döwlet dükanlarynda satylýan unuň esasy hyrydarlary maddy ýagdaýy örän gowşak adamlar bolup, olaryň azyk üpjünçiligi döwlet dükanlaryndaky ýeňillendirilen bahaly harytlara garaşly bolýar.

Döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümler il içinde "paýlanýan paýok" diýlip atlandyrylsa-da, pes hilli we köplenç iýmite ýaramaýan bu azyklary adamlar pula satyn alýar.

Hususan-da, un adam başynda adatça bir aýyna 5 kilogram möçberde bir kilogramy 5 manatdan satylýar. Bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 1,4 dollara barabar. Bazarda satylýan unuň bahasy birnäçe esse ýokary bolup, hususan-da Gazagystanda öndürilen unuň bahasy bir kilogramy 22 manada ýetýär.

"Iň erbedi, dükanlaryň aglaba böleginde ilata möhleti geçen we gurçukly porsy ysly un paýlandy. Döwlet dükanlary satylan unlary yzyna gaýdyp almajakdyklaryny aýtdylar. Satyjylar adamlara oba ýerlerinde sygyr saklaýan tanyşlaryňyz bar bolsa, şolara sataýyň diýdiler. 'Bize ýokardan tabşyryk berildi, satylan harytlary yzyna almaň diýdiler. Biziň edip biljek kömegimiz ýok' diýip, satyjylar aýtdylar" diýip, balkanly çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk döwlet dükanlarynda möhleti geçen unuň satylmagyna degişli ýagdaýlar barada Balkanabadyň häkimlik we söwda resmilerinden teswir alyp bolmady.

Berdimuhamedowyň Balkana sapary

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna sapar edendigini döwlet mediasy 2-nji aprelde habar berdi.

Resmi habarda onuň Hazarýaka sebite saparynyň dowamynda deňiz kenaryndaky täze desgalaryň guruljak ýerlerine baryp görendigi we Balkanabatdaky halkara aeroportunyň gurluşygy we planlaşdyrylýan halkara çärelerine taýýarlyk bilen tanyşandygy habar berildi. Şeýle-de, uly Berdimuhamedow Awaza baryp, ol ýerdäki binalary synlapdyr, emma resmi habarda onuň ilatyň durmuşyna gönüden-göni täsir ýetirýän ýagdaýlar bilen gyzyklanmagy barada agzalmady.

Türkmenistanda un gytçylygy soňky ýedi ýyl bäri saklanyp galýar.

Ýurtda ýylda 1,4 million tonna galla öndürilýändigini yglan edýän türkmen hökümeti ilata çäkli mukdarda ýeňillikli bahadan ýerli uny satmak düzgünini ýatyrmaýar, emma ony doly berjaý etmeýär we bökdençlikleriň sebäplerini ilata resmi taýdan düşündirmeýär.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistan daşary ýurtlardan uly mukdarda un satyn alýar.

2024-nji ýylda Türkmenistan rus bugdaý ununy import edýän ýurtlaryň üçlügine girdi. TASS agentliginiň Russiýanyň "Agroexport" federal merkezine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan rus ununy iň köp import eden ýurtlaryň arasynda Owganystandan we Hytaýdan soň üçünjisi bolupdyr. “Başinform” agentligi diňe bir dekabr aýynda Başgyrtystanyň Türkmenistana 400 tonnadan gowrak bugdaý ununy eksport edendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG