Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň wekili Dmitriýew Waşingtonda ABŞ resmileri bilen duşuşdy


Kirill Dmitriýew
Kirill Dmitriýew

Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň başlygy we prezident Wladimir Putiniň maýa goýum-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Kirill Dmitriýew 3-nji aprelde Waşingtonda ABŞ administrasiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda Arktikada, seýrek metallarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dmitriýew amerikan kärdeşlerini Russiýa çagyrandygyny aýtdy. Bu barada TASS gullugy habar berýär.

Dmitriýew duşuşyk geçiren ABŞ resmileriniň atlaryny anyklaşdyrmady, ýöne gepleşikleriň oňyn geçendigini belledi. Mundan öň, onuň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff bilen duşuşjakdygy barada näresmi maglumatlar peýda bolupdy.

Ol Tramp administrasiýasynyň meseleleri çözmäge meýillidigini we Russiýanyň pozisiýasyna düşünme bilen garaýandygyny aýdypdyr. Dmitriýew Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda pandemiýa sebäpli togtadylan göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmak islegini hem beýan edipdir.

Bu sapar, Russiýanyň Ukrainadaky söweşiniň başlanmagyndan bäri, ýokary derejeli rus resmisiniň Waşingtona eden ilkinji resmi sapary boldy. Wiza bermek üçin Dmitriýewe garşy yglan edilen sanksiýalar wagtlaýyn aýryldy. Döwlet departamentiniň wekilleri gizlinlik şertleri sebäpli, wiza meseleleri boýunça düşündiriş bermekden saklandylar.

XS
SM
MD
LG