Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow Samarkantda ÝB-niň ýolbaşçylary bilen duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen. Samarkand. 3-nji aprel
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen. Samarkand. 3-nji aprel

3-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän ilkinji Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi sammitiniň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, hususan-da, energiýa, söwda we ulag-logistika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär diýip, resmi metbugatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG