Täze hasabat Türkmenistanda geçen ýylyň pagta hasylynda mejbury zähmetden yzygiderli peýdalanylandygyny äşgär edensoň, düýbi Britaniýada ýerleşýän Etiki söwda başlangyjy (ETI) garaşsyz guramasy global moda markalaryny Türkmenistandan pagta almagy bes etmäge çagyrdy. Bu barada ecotextile.com neşiri habar berdi.
Hökümete dahylsyz iki gurama – Turkmen.news hem-de Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy golaýda Türkmenistanda 2020-nji ýylda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetiň ulanylyşy barada hasabat çap etdi. Hasabat Türkmenistanyň dört sebitinde – Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda mejbury zähmetden peýdalanylyşy barada habar berdi.
Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň hasabaty barlag döwründe Türkmenistanda býujet edaralarynyň işgärleriniň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň, ýörite ýokary okuw jaýlarynyň, kolležleriň we liseýleriň talyplarynyň hem-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň mejbury pagta ýygymyna çekilendigini açyp görkezýär. Azatlygyň habarçylarynyň hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda pagta ýygymyndan boýun gaçyran işgärlere işden kowulmak, studentlere okuwdan kowulmak howpy abanýar.
Mundan ozal, 2016-njy ýylda “H&M”, “Espirit”, “Adidas”, “IKEA” ýaly global brendler Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyna alada bildirdiler. “H&M” türkmen pagtasyny satyn almakda ýüz öwürdi.
Mejbury zähmet bilen bagly aladalaryň arasynda 2018-nji ýylyň maý aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi. Bu gadagançylyk heniz hem öz güýjünde galýar.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän Etiki söwda başlangyjy (ETI) işçileriň goraglylygyna we önümçilikde bellenen etiki düzgünleriň berjaý edilişine syn edýär.
“Clarks”, “GAP”, “H&M”, “Marks & Spencer”, “KappAhl”, “Lee Cooper”, “C&A”, “Next”, “Orsay”, “New Look”, “M&Co” ýaly global brendler Etiki söwda başlangyjynyň (ETI) agzasydyr.
Galyberse-de, ETI Britaniýanyň Halkara ösüş departamenti tarapyndan goldanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.