Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň mugallymlary özlerinden talap edilýän köpçülikleýin syýasy çäreler we mejbury arassaçylyk işleri sebäpli mugallymçylyk mertebeleriniň depelenýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri bilen anonim şertde söhbetdeş bolan etrabyň 12-nji we 14-nji mekdepleriniň ençeme mugallymy indi birnäçe gün bäri özleriniň köçeleri we meýdançalary arassalamak işlerine çekilýändiklerini gürrüň berdiler.
Häzirki wagt olar etrabyň uly ýollarynyň we ekin meýdanlarynyň gyralaryny syryp-süpürip, haşal otlary arassalaýarlar. Şeýle-de, olar ýerli häkimiýetler tarapyndan her mekdebe bölünip berlen ekin meýdanlaryny arassalap, bu ýerde agaçlary we gülleri ekmäge mejbur edilýärler.
Mundanam başga, halaçly mugallymlar ýylyň dowamynda häkimiýetleriň guramaçylygyndaky köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga, pile öndürmäge, pagta ýygmaga, her aýda iki-üç gün ýollary arassalamaga, zeý kanallarynyň golaýyndaky ýylgynlary ýygmaga mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.
Mugallymlar özlerinden talap edilýän bu mejbury arassaçylyk işleri sebäpli köçä çykar-a ýüzleriniň galmandygyny, özlerini ne okuwçylaryň, ne-de olaryň ene-atalarynyň sylaýandygyny belleýärler.
“Biz ne hojalyk işlerimize ýetiş bilýäris, ne-de okuwçylara ýeterlik derejede bilim berip bilýäris. Bizi ýolbaşçylar hem äsgermeýär. Köçede okuwçylaryň ene-atalaryna duş gelsek, olar okuwçylardan yzygiderli pul ýygnanýandygyny aýdyp, nägile bolýarlar. Olara “Bizden hem talap edilýär, başga alajymyz ýok” diýmek bilen çäklenýäris. Mugallymçylyk kärini saýlanymyza ökünýäris” diýip, Halajyň 14-nji mekdebiniň anonim şertde maglumat beren mugallymy gürrüň berdi.
Ol häkimiýetleriň talaplaryna boýun bolmadyk mugallymlara işinden çykarylmak howpunyň abanýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Türkmenistanda mekdep mugallymlary häkimiýetleriň guramaçylygyndaky çärelere köpçülikleýin gatnaşmaga mejbur edilýärler. Olar köçeleri süpürmek, baglaryň otuny çapmak, pagta ýygmak, pile önümçiligine gatnaşmak ýaly işlere hem çekilýärler.
Şol bir wagtda, ýurtda mugallymlaryň köçe arassalaýyş işlerine gatnaşandygy üçin goşmaça hak tölenmeýär.
Mundanam başga, mugallymlar kanikul günlerinde hem okuwçylarynyň “akylly” bolmagyna jogap bermäge mejbur bolýarlar. Olar okuwçylaryň dynç alyş wagtynda düzgün bozmagyna ýol bermeli däl.
2-nji ýanwarda aşgabatly mugallymlar “biabraýçylykdan gaçyp”, gyşky dynç alşa çykan okuwçylaryny paýtagtyň görnükli ýerlerine planlaşdyrylan gezelenje äkidenlerinde öz pullaryna awtobus tutýandyklaryny habar berdiler.
“Okuwçylarymy Aşgabadyň Älem seýilgähine alyp gitmek üçin, "mekdebiň agzyndan gideýin, mekdebe-de gaýdyp geleýin” diýen niýet bilen ýörite awtobus tutdum. Awtobusyň sürüjisi bu iş üçin 300 manat aldy” diýip, Aşgabadyň “Parahat” etrapçasyndaky mekdepleriň biriniň başlangyç klas mugallymy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Üstesine-de, mugallymlar yzy üzülmeýän nobatçylykdan hem halys ýadandyklaryny, ir ertirden agşama çenli, her mugallymyň mekdepde üç sagat nobatçylyk çekýändigini aýdyp hem zeýrenýärler.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2018-nji ýylda çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň mejbury zähmete sezewar edilýändigi aýdylyp, ol mejbury iş güýjüni ulanmakda dünýä derejesinde iň ýaramaz ýagdaýly ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynda mugallymlaryň esasy wezipe borçlaryndan başga işlere çekilýändigi barada hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.