Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda arassaçylyk we abatlaýyş işleri ýaýbaňlanýar


Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Mary welaýatynyň dürli künjeklerinde arassaçylyk işleri güýçlendirilýär, býujet işgärleri arassaçylyga çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji martda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Mary welaýatynyň Murgap etrabynda lukmanlara, mugallymlara we beýleki býujet işgärlerine şenbe we ýekşenbe günleri arassaçylyk işlerine gatnaşmak tabşyrylýar. Adamlar Murgap şäherçesiniň arassaçylyk we abatlaýyş işlerine gatnaşdyrylýar. Edil şuňa meňzeş çäreler Marynyň administratiw merkezinde-de alnyp barylýar.

“Murgap etrabynda lukmanlara, mugallymlara we beýleki býujet işgärlerine ‘altynjy-bazar günleri’ öňküler ýaly dynç alman, arassaçylyk işlerine gatnaşmak tabşyryldy” diýip, bir murgaply Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Tabşyryga görä, eger-de býujet işgäriniň ýaşy uly bolsa, ýa-da ol arassaçylyk işlerine ýaramasa, onda öz ornuna ogul-gyzlaryny ýa-da gelinlerini gatnaşdyrmaly.

“Eger-de býujet işgärleri bu işlere gatnaşmasa, ýa-da özlerine derek bir adam gatnaşdyrmasa, onda olara [resmiler tarapyndan] işden kowulmak haýbaty atylýar” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüne goşdy.

Ýaşy 50-den geçen birnäçe işgär, habarçy bilen gürrüňdeşlikde, dynç günlerinde özlerinden talap edilýän arassaçylyk işlerine şikaýat bildirdiler. Olar öz orunlaryna ogul-gyzlaryny ugratmak talaplaryny hem goldamaýandyklaryny aýtdylar.

“Biz gyzymyzy özümize derek, ozal hem pagta ýygmaga, otag etmäge, ýekelemä, pile döwründe gurçuk tutmaga iberýäris, indi özümize derek arassaçylyk işlerine gatnaşdyrmaly bolduk” diýip, uly ýaşly bir mugallym aýal Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Maryda ýerine ýetirilýän arassaçylyk we abatlaýyş işlerine häkimlik resmileri gözegçilik edýär. Murgap şäherçesiniň hususy dükan eýelerinden hem abatlaýyşa goşant goşmak talap edilýär.

“Murgap şäherçesiniň hususy dükanlarynyň diwarlarynyň daş ýüzüni reňklemek, dükanlaryň daş-töweregini arassalap ýuwmak, dükanlaryň daş ýüzündäki ýazgylary täzelemek, bulardan daşgary, her dükanyň ululygyna görä, meselem, marketlerden 4000 manat, kiçi dükanlardan 1000 manat möçberinde Murgap şäherçesiniň abatlaýyş işleri üçin pul tabşyrmak talap edildi” diýip, bir dükan eýesi gürrüň berdi hem-de pul talabynyň dilden görkezme esasynda berlendigini aýtdy.

Ýöne bu talap köpleri kanagatlandyrmady. “Biz diwarlary reňklemek üçin hem-de dükanyň daşyndaky ýazgylary täzelemek üçin az çykdajy etmeris, onuň gapdalyndan näme üçin pul tabşyrmaly!?” diýip, bir dükan satyjysy soraýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, häkimlik resmileri şeýle soraglara garamazdan, pul talabynyň gyssaglydygyny aýdýarlar. “Goşant goşsaňyz siziň özüňiz üçin gowy bolar!” diýip, resmiler hususy dükan eýelerine duýduryş berýär.

Bir telekeçiniň atlandyrylmazlyk şertinde beren gürrüňine görä, murgaply hususyýetçilerden dükanlaryň daşyny martyň ahyryna çenli abatlamak talap edilýär.

Edil şulara meňzeş çäreler Mary welaýatynyň administratiw merkezinde-de göze ilýär. “Arassaçylyk işleri etraplarda diňe dynç günleri geçirilýän bolsa, Mary şäherinde hepdede ýedi gün dowam edýär” diýip, bir şäher ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Häkimlik resmileri şäherde demir haýatly edara jaýlaryň haýatlarynyň reňklenmegini talap edýär. Galyberse-de, işçilerden özlerine bölünip berlen ýerleri syryp-süpürmek hem-de ýuwmak talap edilýär.

Türkmenistanda baýramçylyk günleriniň öňüsyrasynda ýa-da prezidentiň welaýatlara edýän iş saparlarynyň öň ýany sebitlerde arassaçylyk işleri ýaýbaňlanýar. Býujet işgärleri ýol kenarlaryndaky ot-çöpleri çapmak, haşal otlary aýyrmak, ýollary syryp-süpürmek ýaly işlere çekilýär. Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, bu döwürde degişli jemagat hojalygynyň işgärleriniň iş sagatlary adatdakysyndan uzaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG