Lebap welaýatynyň birnäçe obasyndan Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan daýhanlaryň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler etraplarda adamlary zor bilen ýüpek gurçuk saklamaga mejbur edýärler.
Ýüpek gurçugyny almaga barmaýanlaryň bolsa, ýörite ony gapysynyň öňüne eltip: "Eger ýüpek gurçugyny alman pile planyna goşant goşmasaň, onda eliňdäki kärende ýeriňi alarys we başga çäreleri hem göreris“ diýen görnüşde haýbat atylyp, adamlaryň zor bilen ýüpek gurçugyny saklamaga mejbur edilýändigini öňe sürýärler.
"Owal daýhanlaryň seretmekden boýun towlaýan ýüpek gurçuklaryna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýatlardaky bölümlerinde ýörite esgerler tarapyndan seredilýärdi. Goşun bölümleri mundan biraz girdeji hem gazanýardy. Mundan owal, oba ýerlerinde pile üçin niýetlenen onlarça gektarlap tut baglary bardy. Häzir indi etraplarda pagta planyny dolmak çäginde ekin meýdanlaryny hasam giňeltmek maksady bilen diýip, tut baglary köpçülikleýin ýagdaýda aýrylyp, ýok edileni sebäpli harbylar hem ýüpek gurçugyny saklamakdan boýun towlaýarlar. Daýhan birleşiklerinde ýeterlik tut baglary galmany sebäpli indi diňe harbylar däl, eýsem ýönekeý adamlar hem ýüpek gurçugyny saklamakdan gaça durýarlar” diýip, Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda maglumat beren lebaply käbir daýhanlar aýdýarlar.
"Ýüpek gurçugyny saklamak üçin hem ýörite amatly şertler gerek bolýar. Ony jaýyňda saklasaň, soň hökman jaýy bejermeli bolýar we bu hem ykdysady krizisiň möwjän döwründe daýhanlar üçin artykmaç çykdajy bolýar. Garaz tutan gurçugyň girdejisi soň jaýy oňartmagyň çykdaýjysyna ýetenok. Bizi ýüpek gurçugyny saklamaga mejbur edýän ýerli oba arçynlaryndan ýeterlik tut tapyp bermegi we pileden soň hem jaýy oňarmak üçin ediljek çykdajynyň iň azyndan üçden bir bölegine kömek edilmegini soradyk. Arçynlar "Tudy biz size nireden tapyp bereli? Özüňiz nädip tapsaňyz, şeýdip tapyň. Biziň edip biljek zadymyz ýok. Pileden soň jaýyňyzam özüňiz oňaryň, oňa-da biz kömek edip bimeýäris. Biz näme ol puly jübimizden berelimi? Siz gurçuklary alyň, soň ony näme etseňiz şony ediň, ony alyp, biziň başymyzdan sowsaňyz bolany” diýýärler” görnüşinde lebaply daýhanlar Azatlyk Radiosyna beren maglumatynyň üstüni ýetirýär.
Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan maryly we lebaply daýhanlaryň aýtmagyna görä, ýüpek gurçugyny saklamakdan boýun towlaýan käbir hojalyklaryň elindäki kärende ýerleri alynýar ýa-da olara şeýle haýbat atylýar.
"Arçynlygyň işgärleri polisiýa bilen bile daýhanlara basyş edip, olara zor bilen ýüpek gurçugyny aldyrýarlar. Ýerli häkimiýetlere garşylyk görkezjek bolýanlardan ýörite düşündiriş ýazyp bermegi talap edilýär. Gurçugy alan adamlar hem beýleki etraplara gidip, tut gözlemeli bolýarlar. Häzir her düýp tudyň ýapragyna 10 manat soralýar. Daýhanlar elindäki kärende ýerlerini ýitirmejek bolup, ýüpek gurçugyny almaga mejbur bolýarlar. Häzir indi pagta meýdanlarynda ýekeleme işleri başlady. Daýhanlary bir tarapdan pagta planyny dolmaly, beýleki tarapdan hem pile planyny dolmaly diýip gyssaýarlar. Daýhanlar gaty kyn we çykgynsyz ýagdaýda bolany üçin Azatlyk Radiosynyň üsti bilen arzymyzy eşitdirmek isledik” diýip, lebaply we maryly kärendeçiler gürrüň berýär.
"Ýüpek gurçugyny idetmäge daýhanlaryň oňaýly çemeleşmeýändigi üçin ýerli häkimiýerler pile möwsüminde jogapkärçiligi mekdep mugallymlarynyň üstüne ýykýarlar. Mugallymlar hem öz gezeginde okuwçylara basyş edýärler. Mugallymlar okuwçylardan her gün tut ýapragyny getirmegini talap edýärler. Mekdebe tut ýapragyny getirmeýän okuwçylara bolsa, gowy bahalaryň goýulmajagyny, olar bilen ekzamenlerde hasaplaşyk boljagyny aýdýarlar. Häzir bu Lebap welaýatynyň ylaýta-da Sakar etrabyndan Halaç etrabyna bolan böleginde has ýaýbaň ýagdaý” diýip, lebaply ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna maglumat berýär.
Gepiň gerdişine görä ýatlasak, Azatlyk Radiosyna mundan owal Mary welaýatynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminiň başlamagy bilen her bir edara-kärhanalara hem gurçuk tohumlarynyň berilmeli edilendigi barada maglumatlar gowşupdy.
Sözi jemlesek, Türkmenistanyň döwlet metbugatynda 9-njy fewralda peýda bolan habarda ýurtda döwlet baştutany tarapyndan 2018-nji ýylda 2030 tonna pile öndürmek plan borçnamasynyň kararlaşdyrylandygy habar berilýär.