Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda pagta ýagyna we una telefon simini ýükleýärler


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Un, çörek, pagta ýagy Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplügi üçin esasy iýmit bolýar. Emma hatda bu önümleri hem satyn almak ilat üçin synaga öwrülýär. Täjirçilik bahasyndan birneme arzan ýagny subsidirlenen bahadan satylýan önümler dükanlarda seýrek bolýar, käbir ýagdaýlarda geçmeýän harytlar bilen bile satylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler.

Adam başyna 1 litr pagta ýagyndan we 5 kilogram undan ybarat azyk paýyny satyn almak üçin soňky günlerde Türkmenbaşyda öý telefonyny çekmek üçin ulanyýan 10 metr kabel satyn almaly boldy. Şeýlelikde 1 litr pagta ýagy 19 manada satylan bolsa, telefon kabeli 20 manada satyldy. Geçen gezek awgustda ýerli dükanlarda ýanwar aýynyň un paýy satylanda ýerli alyjylar rezin ädikleri satyn almaga mejbur edildi, şol aýakgaplar köplenç taýsyz boldy.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, uzaga çeken arakesmeden soň Türkmenbaşyda satylyp başlan köp garaşylan bu önümler aprel aýynyň azyk paýy bolup, önümler belli bir dükana birikdirilen raýatlara sanawa görä we talonlar esasynda satylypdyr.

"Bu önümleriň köpden bäri satylmandygy sebäpli dükanlaryň öňünde ullakan nobatlar emele geldi. Nobata durýan adamlaryň aglaba bölegine azyk ýetmeýär" - diýip, Azatlygyň habarçysy 26-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, alyjylara önümleriň bolmalysyndan az çekilip, satylandygyna garamazdan, azyk hemmä ýetmändir.

"1, 16, 28 belgili dükanlarda un bolmalysynda az çekilip satyldy. Mysal üçin, maşgalada bäş adam bolsa, her birine 5 kilogram un bolanda, jemi 25 kilogram berilmeli. Köpler özlerine berlen un paýynyň agramynyň 22 kilograma ýetmändigini anykladylar. Şol ýagdaýlarda adamlar dükana gaýdyp gelip, nägileligini bildirjek bolanlarynda satyjylar indi giçdigini aýtdylar, käbirleri indiki gezek has köp goşjakdyklaryna söz berdiler" diýip, habarçy, şeýle-de bolsa, köpleriň un satyn alyp bileninde razy bolandygyny aýtdy.

Ykdysady kynçylyklaryň arasynda köpçülik soňky iki ýylda döwlet dükanlarynda-da täjirçilik bahalaryna ýakynlaşan subsidirlenen nyrhly azyk önümlerini satyn almak isleýär. Köpler, döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan önüm satyn alnanda-da, zordan gün görýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda azyk paýlary gijikdirilip satylýar. Hususan-da, awgustda Mary welaýatynyň käbir obalarynda ýaşaýjylar ýanwar aýynyň hasabyna un paýyny satyn alyp bildiler.

Gyt önümleriň gapdalyndan başga bir harytlaryň ýüklenip satylmagy Türkmenistanda adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Soňky ýyllarda azyk paýlarynyň gapdalyndan möhleti geçen azyk önümleri we senagat hatyrlary, şol sanda rezin şypbyklar, çelekler, legenler we hatda prezidentiň portretleri goşulyp satyldy. Adamlar şol hatyrlara, islemeseler-de, zerur azyk önümlerini satyn almak üçin razy bolmaga mejbur edildiler.

Türkmenistanda un we çörek gytçylygy, azyk krizisi 2017-nji ýyldan bäri dowam edýär. Bäş ýyl töweregi wagt bäri türkmen hökümeti azyk ýetmezçiligini resmi taýdan boýun alman gelýär. Tersine ýurduň häkimiýetleri barha artýan kynçylyklary çözmegiň ýerine ilata gözegçiligini yzygiderli güýçlendirýär.

Soňky günlerde Türkmenbaşyda un we ýag paýlary satylanda, dükanlaryň ýöredýän sanawlarynyň üstesine, alyjyardan azyk kartoçkalar we pasport talap edildi. Habarçymyz bu ýol bilen satyjylaryň alyjylaryň başga biriniň talonlaryny ulanyp, azyk satyn almagynyň öňüni almaga synanyşandygyny belledi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG