Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilatyň çörek üpjünçiligi bilen bagly problema has-da ýitileşýär. Raýatlar çörek nobatlaryna indi gijeden durup başlaýarlar. Çäkli möçberde satuwa çykarylýan çöregiň üstünde dawa-jenjeller hem bolýar. Bu aralykda, paýtagtyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna azyk paýlary oktýabryň ahyryndan bäri paýlanmaýar. Paýtagtyň döwlet dükanlaryndaky azyk problemalarynyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.
Onuň sözlerine görä, 79-njy dükana çörek gije getirilýär we ertesi güni irden sagat 5:30-da satuwa çykarylýar. Ýaşaýjylar bir sanysy 60 teňňeden satylýan çöregi almak üçin gijeden nobata durýarlar. Mundan ozal, Azatlyk döwlete degişli çörek dükanlarynyň öňünde adamlaryň daňdan sagat 4-5 aralygynda nobata durup başlaýandygyny habar beripdi.
"Nobatda dawa-jenjel, ýakalaşyk köp bolýar. Sebäbi dükana getirilen çörek nobata duran adamlaryň hemmesine ýetmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Agzalýan dükanyň golaýynda ýerleşýän, çörek we çörek önümlerini satýan hususy dükanda hem arzan bahadan çöregiň satylyp başlanmagy bilen, bu ýerde-de adamlaryň uly nobatlary emele geldi.
"Irden satuwa çykarylýan çörek 1 manat, günüň dowamynda satylýan, gara undan bişirilen çörek 1 manat 20 teňňeden satylýar. Bu ýere Aşgabadyň etegindäki etraplardan we obalardan köp adam gelýär. Bu ýerde çörek satylyp gutaran dessine gapyny ýapýarlar. Adamlar köpçülikleýin üýşüp, ikinji tapgyryň gelmegine garaşýarlar. Çöregiň satuwyna polisiýa gözegçilik edýär we her bir adama üç sany çörek satylýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyz döwlet dükanlarynda çörek problemasynyň ýitileşmeginiň arasynda, hususy dükanlarda hem çörek önümleriniň görnüşleriniň azalandygyny aýdýar.
"Mundan ozal hususy öndürijiler hamyr maýasyz çörekleri tamdyrda bişirip satýardylar. Bu çörege ilat arasynda uly isleg bardy, ýöne häzir ony bişirmegi bes etdiler" diýip, ýaşaýjy belledi.
Soňky ýyllarda döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň, şol sanda çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalar barha ýitileşýär. Hususan-da, soňky hepdelerde alyjylar ir bilen ýagty düşmänkä, dükanlar entek açylmanka köpçülik bolup ýygnanyşýarlar we satuwyň başlamagyna garaşyp durýarlar. Nobatlara polisiýa işgärleri we raýat geýimli howpsuzlyk işgärleri gözegçilik edýär.
Çörek üpjünçiligindäki problemalaryň arasynda, ilata azyk paýlarynyň öz wagtynda paýlanmagy bilen bagly kynçylyklar hem saklanýar. Habarçymyz paýtagtyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna azyk paýlarynyň oktýabryň ahyryndan bäri paýlanmaýandygyny habar berýär.
"Döwlet dükanlaryna jaň edip, munuň sebäpleri barada hiç hili maglumat alyp bolanok" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Şol bir wagtda, habarçymyz 23-nji noýabrda Parahat etrapçalarynyň käbir jaýlaryna azyk paýlarynyň getirilendigini, ýaşaýjylaryň her bir azyk paýy üçin 80-90 manat töländigini hem habar berdi.
"Bu sapar towuk ýumurtgasyny hem getirdiler. Öňki sapar ýumurtganyň diňe özüni getiripdiler we 15 ýumurtganyň her biri üçin 1 manat, jemi 15 manat we azygy getirendikleri üçin-de 3 manat töläpdik. Düýn 20 ýumurtga, iki towuk buduny, 1 kilogram şeker, 1 litr ösümlik ýagyny we 1 kilogram tüwi (10 manat) getirdiler" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda işsizligiň arasynda, hususy söwdadaky azyk önümleriniň bahasy köp maşgalalaryň maddy mümkinçiliginden ýokary bolmagynda galýar. Bu ýagdaý köp ýaşaýjylary döwlet tarapyndan ilata paýlanýan subsidirlenen azyk önümlerine, şol sanda çörege garaşly goýýar.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady we azyk krizisini aç-açan boýun almaýar. Muňa derek, ýurtda öndürilýän azyk önümleriniň eksporty artdyrylýar we prezidentiň talabyna görä, täze desgalara, şol sanda 19-njy noýabrda Aşgabadyň demirgazyk böleginde açylan “Garagum” myhmanhanasyna millionlarça dollar serişde sarp edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.