Türkmenistanda azyk krizisi barha agyrlaşýar. Täjirçilik bahalarynyň yzygiderli ösmegi bilen bir wagtda subsidirlenen bahalar puja çykdy, üstesine, indi subsidirlenen bahadan diýlip satylýan önümler ilata bazar bahalaryndan hem ýokary nyrhdan hödürlenýär. Bu aralykda azyk satyn alyp bilmeýän maşgalalar köpelýär.
Aşgabadyň ýaşaýjylaryna nobatdaky azyk paýy eltildi, emma onuň bahasy öňki bahasyndan ýene has ýokary bolup çykdy. Döwlet tarapyndan subsidirlenen bahalardan hödürlenýän önümleriň şu gezekki nyrhy hatda bazar bahalaryndanam ep-esli gymmat bolupdyr.
Hususan-da, 27-nji ýanwarda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumyna getirilen azyk paýy 120 manatdan hödürlenipdir. Azyk paýy bir kilogram şekerden, bir kilogram tüwüden, ösümlik ýagyndan, 15 towuk ýumurtgasyndan düzülýär. Ýaşaýjylar bu önümleri hiç kimiň satyn almandygyny gürrüň berdiler. Sebäbi bu önümleriň bahasy bazar önümlerinden has gymmada düşýär.
Azatlygyň habarçylary şol gün paýtagtyň bazarlarynda bu önümleriň bahalary barada gyzyklandylar. Bazarlarda ösümlik ýagynyň ortaça bahasy - 35 manat, lomaý bahasy- 33 manat; şeker - 18 manat, lomaý bahasy- 16 manat; tüwi -10 manat, towuk ýumurtgasy bir sanysy - 3 manat. Umuman alanyňda, bu önümlerden düzülen azygyň bazar bahasy bölek satuw bahasyndan hasaplananda 108 manada barabar bolýar. Mundan başga-da, Aşgabatda öýlere eltilip satylýan iýmit paýlaryndan tapawutlylykda, bazarlarda we hususy dükanlarda harytlary saýlap alyp bolýar.
Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylaryndan biriniň aýtmagyna görä, alyjylar getirilen azyk paýlaryny satyn almakdan ýüz öwürensoň, satyjylar harytlaryny zor bilen satjak bolupdyr.
"Ýaşaýjylaryň hiç biri-de gymmat bahadan bu önümleri satyn almak islemedi. Soňra söwda işgärleri önümleri zor bilen satjak boldular. Olar geljekde towuk budlaryny getirjekdiklerini aýdyp, ýöne häzirki harytlary almanlaryň subsidirlenen azyk önümlerinden mahrum ediljegini öňe sürdüler" diýip, aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.
Aşgabatda subsidirlenen bahalardan önümler aýda birnäçe gezek öýlere eltilýär. Azyk önümlerini öýlerde satmak praktikasy 2021-nji ýylyň maý aýynda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň dükanlaryň öňündäki nobatlaryň prezident kakasyny abraýdan düşürýändigini aýtmagynyň yzýany başlandy. Türkmenistanyň sebitlerinde subsidirlenen önümleriň satuwy dükanlarda bolup geçýär we uly nobatlary döredýär.
Azyk önümlerini subsidirlenen bahalardan satmak düzgüni Türkmenistanda uzak wagt bäri bar, emma soňky ýyllarda döwlet tarapyndan subsidirlenýän bahalardan satylan önümlere ilat tarapyndan isleg ýokarlandy. Emma olaryň bahasy 2021-nji ýylyň fewral aýynda ýokarlanyp başlady. Bahalaryň ýokarlanmagy azyk ýetmezçiliginiň dowam edýän wagtynda ýüze çykdy.
Şu ýylyň başyndan bäri ýurtda, hatda paýtagtda-da çörek ýetmezçiligi artdy, gijelerine çörek nobatlary tutulýar.
Ýurduň häkimiýetleri 2017-nji ýylyň güýzünden bäri dörän çörek, un we beýleki azyklaryň ýetmezçiligini resmi taýdan häzire çenli ykrar etmediler. Hökümetiň halkyň zerurlyklaryna göz ýummagy, ilatyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesiniň pese gaçmagyna sebäp boldy. Azatlygyň habarçylarynyň habar berşi ýaly öýsüz-öwzarsyzlaryň, dilegçileriň sany köpelýär, jenaýatçylyk artýar. Adamlaryň emlägini satýan we zatlaryny iýmite çalşýan halatlary has köp duş gelýär.
Ýurduň häkimiýetleri problemalary çözmegiň ýerine ilata gözegçiligi we basyşy artdyrýarlar. Goňşy Gazagystanda gazyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli geçirilen protestleriň fonunda Türkmenistan interneti çäklendirdi, ilata gözegçiligi güýçlendirdi, nägile adamlary yzarlamagyny artdyrdy we prezidentiň propagandasyny güýçlendirdi.
Mundan ozal ýurduň ýolbaşçylary milli habar beriş serişdelerinden azyk howpsuzlygy ugrunda üstünlik gazanylandygy hakynda habar bermegi ençeme gezek talap edipdi. Ondan soň azyk ýetmezçiliginiň we nobatlaryň fonunda döwlet metbugatynda “azyk bolçulygy” termini köp ulanylyp başlandy. Hökümetçi neşirlerde ýurtda azyk ýetmezçiliginiň bardygyny inkär edýän maglumatlar peýda boldy we ilatyň nobatda durmagy mugtçulygy aňladýan “aksiz önümleriniň paýlanyşy” diýlip atlandyryldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.