Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda ilata martyň we apreliň un paýy satyldy


Un nobatynda duran ýaşaýjylar. Arhiw suraty
Un nobatynda duran ýaşaýjylar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan satylýan azyk önümleriniň gytçylygy saklanýarka, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ilata mart we aprel aýlary üçin un paýlary satyldy. Ýerli ýaşaýjylar ýarym ýyl gijikdirilip paýlanan bu unuň hiliniň pesdigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, uny paýlanan gününde alyp ýetişmedik ýaşaýjylaryň un paýlary berilmeýär.

Baýramaly etrabynyň "Mekan" daýhan birleşiginde un paýlarynyň satylmagy we onuň hili, şeýle-de un paýyny alyp bilmedik ýaşaýjylar barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 19-njy oktýabrda habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, sebitdäki döwlet dükanlary adam başyna her aý üçin 5 , jemi 10 kilogram un paýlady. Bu un, ýany bilen mejbury satylýan harytlary hem goşanyňda, 14-16 manada düşdi.

Habarçymyz ilata paýlanan unuň hiliniň juda pesdigini, muňa garamazdan, ykdysady kynçylyklar zerarly güzeran eklenji agyrlaşan köp maşgalanyň bu azyga garaşlydygyny, şol sebäpli onuň hyrydarynyň köp bolandygyny aýdýar.

"Unuň içi gurçukly we bitli bolup, ondan çörek bişirmek üçin ony birnäçe gezek elekden geçirmeli bolýarys. Hemişeki ýaly unuň hili pes bolsa-da, ilat ýene şol un paýogunyň paýlanmagyna garaşýar. Sebäbi bazalarda birinji sort unuň bir haltasy 300-400 manat bahalanýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz uny paýlanan gününde alyp ýetişmedik ýaşaýjylaryň un paýlarynyň berilmeýändigini, döwlet dükanlarynyň işgärleriniň muny mart we aprel aýlary üçin resminamalaryň jemlenendigi bilen düşündirýändigini aýtdy.

"Unuň haçan paýlanjakdygy barada bir ýa birnäçe gün öňünden bildiriş edilmeýändigi sebäpli işleýän ýaşaýjylaryň käbiri unuň paýlanýandygyny wagtynda bilip ýetişmeýär. Şol sebäpli olar un paýlaryny almaga agşamara işden soň ýa-da ertesi barýarlar. Ýöne dükan işgärleri 'resminamalaryň doldurylyp ýapylandygyny' aýdyp, olara un paýlaryny bermeýärler. Olar ýaşaýjylaryň bu aýlar üçin un paýlaryny köýdürýärler" diýip, başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, dükan işgärleri ilata paýlamadyk unlaryny gymmat bahadan hususyýetçilere satýarlar.

"Bu shemany merkezden gelýän hiç bir barlagçy çözüp bilmeýär ýa-da olaryň çözesleri gelmeýär. Sebäbi bu barada barlagçylara edilýän şikaýatlaryň hem oňyn netijesi bolmaýar. Barlagçylaryň jübülerine pul salnyp, bu problemalaryň üsti ýapylýana meňzeýär" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýerli edarasyndan we Baýramaly etrap häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda, ýurtda köp maşgala subsidirlenen bahalardan satylýan azyk önümlerine uly isleg bildirýär.

Ýöne soňky aýlarda häkimiýetler bu önümleriň, şol sanda un, çörek, ýag, şeker ýaly harytlaryň satuwyny has-da çäklendirdiler. Geçen hepde ýurduň Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz sebitde eýýäm iki aýdan hem aşa wagt bäri subsidirlenen önümleriň aglabasynyň ilata paýlanmaýandygyny habar berdiler.

Şeýle-de, şol hepdäniň başynda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan çöregiň bahasynyň dört esse ýokarlanandygy mälim boldy.

Türkmen häkimiýetleri ençeme ýyl bäri dowam edýän azyk krizisini boýun almaýarlar. Muňa derek, häkimiýetler her ýyl ýurtda galla plan borçnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylýandygyny tekrarlaýarlar.

Türkmenistan şu ýyl ýurtda 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalandygyny yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG