Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygy saklanyp galýarka, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri ýaşaýjylara ýanwar aýynda berilmeli uny satyp başladylar. Ýaşaýjylar tas sekiz aý giç paýlanýan bu uny almak üçin bitaý ädikleri we içki geýimleri hem satyn almaga mejbur edildiler.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, 18-nji awgustda daňdan garaňkyda, sagat 4-de şäheriň döwlet dükanlary ilata un paýlaryny berip başlady.
Ýerli ýaşaýjylar döwlet bahasyndan we adam başyna çäkli möçberde satylýan bu unuň hiliniň pesdigini hem-de reňkiniň garadygyny aýdýarlar. Üstesine-de, olar unuň gapdalyndan rezin ädikleri satyn almaga mejbur edilendiklerini belleýärler.
"Bu un diňe şäherde propiskasy bar raýatlara paýlandy. Her bir adam dört kilogram un we 250 gram pagta ýagyny satyn alyp bildi. Ýöne ýaşaýjylar bulary almak üçin Türkmenistanda öndürilen, bahasy 30 manat bolan rezin ädikleri hem satyn almaly boldular" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ol çagalar üçin niýetlenen rezin ädikleriň bitaýdygyny, olary ulanyp bolmajakdygyny, ýöne un we ýag paýlaryny almak isleýän adamlaryň ony satyn almaga mejbur edilendigini hem belledi.
"Bu ädikleri kimler satdyrýar? Ondan kimler gazanç edýär? Kimiň bähbidi bar? Bu soraglaryň jogabyny anyklap bolmady. Ýöne bu ädigi satyn almasaň, onda un we ýag paýyňy bermeýärler" diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, 130-njy, 146-njy we 1-nji döwlet dükanlary ýaşaýjylardan aýallaryň we erkekleriň iç geýimlerini, plasmassa şlang tämizleýji şotka ýaly hojalyk harytlaryny hem satyn almagy talap etdiler.
"Un we ýag paýlarynyň gapdalyndan bu önümleri satyn almadyk adamlara, paýoklaryň berilmejekdigi aýdyldy. Paýok nobatyna duran adamlar un we ýag almak üçin bu önümleri satyn almaga mejbur boldular" diýip, başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz şu günler şäheriň döwlet dükanlarynda gözegçiligiň güýçlendirilendigini, söwdanyň amal edilşine, işgärlere we alyjylara Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň berk gözegçilik edýändigini hem habar berýär.
Dükan satyjylarynyň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, gözegçiligiň güýçlendirilmegi häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda we Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Awazada ýokary wezipeli döwlet emeldarlarynyň dynç alýandygy bilen baglanyşykly.
Ýatlatsak, prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýulynda geçiren hökümet mejlisinde ýurduň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini aýtdy. Olar, adatça bolşy ýaly, zähmet rugsadynda Awazada, "Arçmanda", "Ýyly suwda" ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alýarlar.
"Döwlet dükanlaryna gözegçilik edýän howpsuzlyk, şol sanda MHM işgärleri azyk paýlarynyň gapdalyndan başga harytlaryň satylmagyna garşylyk bildiren adamlary alyp gidýärler we aýnasy garaldylan, döwlet belgili ulaglara mündirýärler. Olar adamlary gorkuzyp, olara haýbat atýarlar we "seslerini çykarman, berleni alyp, güm bolmagy" tabşyrýarlar" diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýerli edarasyndan kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri, geçen ýyllarda bolşy ýaly bu ýyl hem, türkmen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini yglan etdiler. 29-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda bu ýyl ýurduň harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrylandygy mälim edildi.
Muňa garamazdan, Türkmenistanda ýiti azyk krizisi, şol sanda un we çörek gytçylygy indi bäş ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Häkimiýetler ilaty her aý subsidirlenen bahadan satylýan un bilen kadaly üpjün edip bilmeýärler. Iýunda Mary welaýatyndaky habarçylarymyz käbir şäherlerdäki, etraplardaky we obalardaky döwlet dükanlarynyň ilata geçen ýylyň dekabr aýy üçin un "paýogynyň", aradan alty aý geçen soň, paýlap başlandygyny habar berdiler.
Döwlet dükanlarynda çöregiň üpjünçiligi hem kadaly ýola goýulmaýar. Döwlet dükanlaryna getirilýän çöregiň möçberiniň azdygy sebäpli nobata duran adamlaryň ählisi çörek satyn alyp bilmeýär.
Türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlaryndaky ýiti azyk gytçylygyny, un we çörek ýetmezçiligini aç-açan boýun almaýarlar. Döwlet metbugaty bolsa, ýurtda "azyk bolçulygynyň" höküm sürýändigini tekrarlap, tekjeleri harytlardan doldurylan dükanlar barada wideo reportažlary yzygiderli görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum