Dünýäniň adam gaçakçylygyna garşy göreşiň Halkara gününi belleýän wagtynda Türkiýede bikanun ýagdaýda galan türkmen migrantynyň we aktiwistiniň, protest çäresinden soň deportasiýa lagerinde oturanyna on gün boldy.
"Dürsoltan Taganowa ozal Türkmenistandan zähmet migrasiýasyna çykan on müňlerçe naçaryň diňe biri bolan bolsa, indi ol haksyzlyga garşy göreşiň simwolyna öwrüldi" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýewropaly türkmen aýtdy.
"Biz onuň geljekki ykbalynyň nähili boljagy baradaky habara her gün garaşýarys, eger ol Türkmenistana deportasiýa edilse, köp adamyň göwni çöker, sebäbi Aşgabat aktiwistleri bagyşlamaýar" diýip, 60 ýaşyndaky filolog sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň Demokratik saýlawy (TDS) hereketiniň wekili Myrat Gurbanowyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Dürsoltan Taganowa Stambulda 19-njy iýulda saklandy we 20-nji iýulda, gyssanmaç karar kabul edilip, deportasiýa lagerine geçirildi.
Şu sebäpden ol bu kararyň "syýasy karar" bolandygyny, bu işe Türkmenistanyň hökümetiniň gatyşandygyny öňe sürýrär.
M.Gurbanowyň aýtmagyna görä, polisiýada D.Taganowanyň garşysyna açylan derňew işi ýapyldy, sebäbi türkmen konsullygynyň şikaýaty esassyz bolup çykdy.
Şol bir wagtda-da ol türk häkimiýetleriniň Taganowanyň bosgunlyk baradaky arzasyny kabul etmeýändigini, ikinjiden ony her gün boşatmak wadasyny berýändigini, emma sözünde tapylmaýandygyny aýdýar.
TDS lideriniň sözüne görä, Taganowanyň adam hukuklary bozulýar we bu hukuk bozulmasynyň arkasynda syýasy sebäpler bar. Ýöne ol özleriniň halkara guramalary, aklawçylar bilen işleşýändigini we aktiwistiň Türkmenistana berlip bilinmejegini ynandryýar, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryna ters gelýändigini öňe sürýär.
Şeýle-de M.Gurbanow häzir Stambulyň deportasiýa lagerinde Taganowadan başga 22 türkmenistanlynyň bardygyny, emma uçar gatnawy bolmansoň, olaryň bu golaýda deportasiýa edilip bilinmejekdigini belledi.
Türkmen hökümeti ýurtdaky işsizlik, korrupsiýa zerarly maşgalasyny ekläp bilmän, ýa okuw, hünär üçin daşary ýurtlara giden we şol ýerlerde galan raýatlary barada, daşary ýurtlarda kyn ýagdaýa düşen türkmenistanlylar hakynda hiç bir maglumat çap etmeýär.
Muňa derek, garaşsyz neşirlerde çykýan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleri ýurt içinde-de, ýurt daşynda-da öz raýatlaryny yzarlamak, gorkuzyp saklamak ýa wagtlaýyn susdurmak, daşary ýurt raýatlygyny alan türkmenleri ala tutmak tagallalaryny edýär, Adam gaçakçylygyna garşy halkara güni dymyp belleýär.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz feýsbok sahypasynda bu gün mynasybetli gysgaça habar çap edip, Döwlet departamentiniň adam gaçakçylygyndan habardar bolmak, onuň pidalaryny anyklamak we olara kömek etmek baradaky maglumatlaryny çap eden saýtynyň salgysyny berdi. Ol saýtda her bir adamyň adam gaçakçylygynyň pidalaryny tapmak mümkinçiliginiň bardygy aýdylýar.
Türkmenistandan daşary ýurtlara çykyp, pasport möhletleri geçen, gazanç, eklenç mümkinçiligini ýitirmekden gorkup, emele gelen ýagdaýyň 'bendisi' bolup galan zähmet migrantlary, dürli hasaplamalara görä, ýüz müňlerçe raýatdan habar berýär. Olaryň her biri adam gaçakçylygynyň, zorlugyň ýa ezilmegiň, öz isleginiň tersine, güýç bilen ýa-da ykdysady mätäçlikde ulanylmagyň pidasy bolup biler.
Dürsoltan Taganowa dolanyp gelsek, ol19-njy iýulda, Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde gurnalan rugsat berilmedik demonstrasiýa, protest çäresine gatnaşandygy üçin tussag edilen 80 çemesi türkmenistanlynyň biri boldy we, beýlekiler boşadylsa hem, 9 ýyl ozal pasport möhletiniň geçendigi, bikanun ýagdaýda ýaşaýandygy üçin diýlip, deportasiýa merkezine geçirildi.
TDS lideriniň sözüne görä, häzir ol Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanda iş bähbitleri bolan türk biznesmenleriniň gatyşmalary sebäpli boşadylman saklanýar.
Azatlyk bu işi synlaýar we D.Taganowanyň kanun meseleleri barada dowamly maglumat bermäge çalyşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.