Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň serhedinden daşary ýurtlara bikanun ýollardan çykyp, Owganystan bilen Eýranyň üstünden, Türkiýä barandan soň döwlet serhet düzgünini bozandygy sebäpli saklanýan gaçgak bosgun türkmen migrantlary barasynda türk mediasynda yzygiderli maglumatlar berilýär.
Güzeran kynçylygy sebäpli öz ýurdundan bikanun ýoldan çykyp, başga ýurtlaryň serhedini bozýanlar diňe Türkmenistanyň raýatlardan ybarat bolman, şol bir wagtyň özünde Owganystanda we Pakistanda ýaşaýan etniki türkmenleriň hem şeýle görnüşde gaçgak bosgunlyga mejbur bolýandygy öňe sürülýär.
Türk media serişdelerinde ýaýran habarlarda aýdylşyna görä, Stambulyň migrasiýa polisi 31-nji oktýabrda owganystanly türkmenleriň köpçülikde ýaşaýan Zeýtinburnu atly etrabynyň polisi bilen barlag geçiripdir. Barlagyň netijesinde, Türkiýäniň döwlet serhedini bikanun ýoldan geçip, Stambula gelen 2 türkmenistanly, 139 owganystanly, biri özbegistanly we ýene biri hem Pakistanly – jemi 143 gaçgak bosguny saklapdyr.
Polis çeşmeleri saklanan gaçgak bosgunlaryň deportasiýa edilmegi üçin, resmi işleriň başlandygyny mälim edýär.
Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmeleri, şol sanda Zeýtinburnu atly etrapda köpçülik bolup ýaşaýan owganystanly türkmenleriň wekilleri türk metbugatynda ýaýran maglumatyň dogrudygyny we saklanan gaçgak bosgunlaryň arasynda türkmenistanlylardan daşaryn owganystanly we pakistanly türkmen gaçgak bosgunlaryň hem bardygyny tassyklaýarlar.
Bu waka barasynda Stambuldaky Owganystan türkmenleriniň raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylaryndan Döwletmyrat Çary: "Asudalyk operasiýasy çäginde etrabyň köçelerinde we meýdançalarynda türk polisi raýatlaryň dokumentlerini gözden geçiripdir. Polis ýurda bikanun ýollardan giren gaçgak bosgunlary saklapdyr. Resmiler şeýle howpsuzlyk çäresiniň yzygiderli ýagdaýda gaýtalanjagyny bildirdi" diýip, Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
Stambulda ýaşaýan we işleýän owganystanly türkmenleriň wekili Kowus bolsa, Zeýtinburnunda saklanan gaçgak bosgunlaryň arasynda türkmenistanly, owganystanly we pakistanly türkmenleriň bardygyny bildirdi.
Ýeri gelende ýatlasak, türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 1-nji noýabrda hem Elazyg welaýatynyň Karakoçan etrabynda, Türkiýäniň Agry we Wan welaýatlaryndaky döwlet serhedini bikanun ýoldan geçip, Stambula gaýdan Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Burmanyň raýatlaryndan emele gelen gaçgak bosgunlaryň saklanandygyny beýan edipdi. Şeýle-de, olaryň arasynda aýallar bilen çagalaryň hem bardygy aýdylypdy. Ýöne ýerli çeşmeler saklanan 48 gaçgak bosgunyň näçesiniň türkmenistanlydygy, näçesiniň çaga ýa-da aýaldygy, nireden gelip, nirä barýandygy barasynda, jikme-jik maglumat bermekden saklandy.
Türk mediasyndaky owalky habarlarda, bikanun ýoldan Eýran-Türkiýe serhedini geçip, gaçgak ýagdaýda Bingöl şäherinden awtobus bilen Stambula gitmäge synanyşan 6 türkmenistanly, jemi 62 daşary ýurtly gaçgagyň 27-nji iýulda saklanandygyny beýan edipdi.
Türkiýäniň döwlet serhedini bikanun ýoldan geçip Stambula barýan gaçgak bosgun türkmenleriň Gara deňziň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna gitmäge synanyşyk edýän mahaly saklanandygy barasynda hem türk mediasy habar beripdi. Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, sentýabr aýynyň ortasynda žandarm gullugy bilen deňiz howpsuzlygy işgärleri tarapyndan gurnalan bir operasiýada, birnäçe uly gaýyk bilen Türkiýäniň günbatar Gara deňiz sebitinden, Rumyniýa we Bolgariýa bikanun ýagdaýda gitmäge synanyşan biri türkmenistanly bolmak bilen 820 siriýaly, 10 yrakly, 2 owganystanly we bir rumyniýaly gaçgak bosgunlar ele salnypdy.
Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistanyň döwlet kontrollygyndaky metbugatynda, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda bikanun ýollardan daşary ýurtlara bosgunlyk edýän türkmenler barasynda hiç hili maglumat berilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, dürli ýurtlaryň serhedini bikanun ýollardan geçýän gaçgak türkmen bosgunlarynyň soňky ykballary barasynda hem degişli türkmen ýa-da daşary ýurtly resmilerden nähilidir bir kommentariýa almak, Azatlyk Radiosyna başartmaýar.