Günbatar harby liderleri Ukrainada öz esgerlerini ýerleşdirmek mümkinçiliklerini maslahat ederler, olar Russiýa bilen konfliktdäki mümkin ok atyşyklary bes etmek düzgünine gözegçilik ederler, şeýle-de bu ýurduň täze howpsuzlyk gurluşynyň bir bölegi bolar diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski özüniň gijeki ýüzlenmesinde mälim etdi.
“Bu biziň başlangyç nokadymyz: Ukrainanyň armiýasy ýeterlik derejede kuwwatly bolmaly, we bu esasda, tutuş howpsuzlyk arhitekturasy gurulmaly” diýip, Zelenski aýtdy. “Bu duşuşyk bary-ýogy birnäçe günden – anna güni (4-nji aprelde) bolar. Oňa hyzmatdaş döwletleriň wekilleri, ýagny harby wekilleri gatnaşar” diýip, ol sözüne goşdy.
Zelenski 1-nji aprelde Kiýewde Germaniýanyň wezipesinden gidip barýan daşary işler ministri Annalena Baerbok bilen duşuşdy we “çäkli ýurtlaryň” öz kontingentini ugratmaga meýillidigini belledi.
Ukrainanyň lideri Baerbok bilen geçiren metbugat ýygnagynyň dowamynda, ýaranlarynyň bu tagallara goşulmaga taýýardygy baradaky “has anyk” jogaplaryna garaşýandygyny belledi.
Fransiýa bilen Britaniýa mümkin ok atyşyklary bes etmek düzgünine gözegçilik etjek meýillileriň koalisiýasy diýilýäniniň çäginde öz goşunlaryny ibermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Zelenski wideo-ýüzlenmesinde Ukrainanyň ABŞ hyzmatdaşlaryna “Russiýanyň energiýa ulgamy bilen bagly ylalaşyklary bozandygy baradaky ähli gerekli maglumatlary” hödürländigini hem belledi. Ol 1-nji aprelde Hersona hüjüm edilendigini, şol sanda Russiýanyň dronunyň şäheriň energiýa desgalaryny “ýörite matlap bilen” nyşana alandygyny we netijede şäheriň toksuz galandygyny aýtdy.
“Biz şeýle ähli bozulmalaryň dokumentlerşdirilip, biziň hyzmatdaşlarymyzyň hem muňa çäre görmegini isleýäris” diýip, ol aýtdy.
Zelenski munuň bilen Kiýew bilen Moskwanyň birek-biregiň energiýa desgalaryna zarba urmazlyk baradaky ylalaşygyny göz öňünde tutdy. Bu baradaky ylalaşyk 25-nji martda Ak tam tarapyndan yglan edilipdi.
Baerbokyň Ukraina sapary dowamynda Germaniýa ynsanperwer we durnuklylyk maksatlary üçin goşmaça 130 million ýewro pul serişdesini yglan etdi.
1-nji aprel güni gije Russiýa Harkiwe garşy giň gerimli dron hüjümini amala aşyrdy. Häkim Ihor Terekow “Şahed” kysymly 13 dronuň şähere zarba urandygyny we dört adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Forum