Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwistlerini yzarlamagy ‘bes etmeli’


Proteste çykan türkmen raýatlary (arhiw suraty)
Proteste çykan türkmen raýatlary (arhiw suraty)

Adam hukuklaryny goraýan toparlaryň ençemesi Türkmenistanyň hem içinde, hem-de daşynda türkmen raýat aktiwistlerine garşy, şeýle-de ýurduň daşynda protest hereketlerine gatnaşýanlary yzyna dolamak üçin, aktiwistleriň ýurduň içindäki garyndaşlaryna garşy edilýän basyşlaryň güýçlenmegine alada bildirdi.

23-nji iýulda adam hukuklaryny goraýjy ondan gowrak toparyň gol goýan beýanatynda Türkmenistanyň dünýäniň iň bir repressiw ýurtlaryň biridigine, şeýle-de 2019-njy ýylyň tomsundan başlap daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň jemgyýetleriniň arasynda, şol sanda Türkmenistanyň öz içinde-de protest hereketleriniň güýçlenip başlandygyna üns çekilýär.

Beýanata gol goýanlaryň biri, Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy toparynyň başlygy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, şu ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda gopan tupandan soň, türkmen häkimiýetleriniň goluny gowşunyp, ejir çeken ilata harasatyň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmakda tasdan hiç zat etmezligi protest hereketleriniň täze tolkunyny döretdi.

Tuhbatullin türkmen häkimiýetleriniň meseläni çözmegiň deregine, wakalary ýaşyrmak, adamlara basyş etmek boýunça adaty tejribesine baş goşandyklaryny hem belledi.

Ýatlatsak, harasatyň yzýany türkmen häkimiýetleri ejir çeken sebitlere barýan ýollary petikläp, weýrançylyk barada Internet üsti bilen maglumat paýlaşýan aktiwistleri yzarlady we olara basyş görkezdi. Munuň yzy bilen, 13-nji maýda Türkmenabadyň sebitleriniň birinde ýaşaýjylaryň protest geçirip, şäheriň köçeleriniň birini hem petikländigi barada maglumat gowuşdy.

Lebapda we Maryda bolup geçen tebigy betbagtçylyklar barada türkmen hökümeti we döwlet habar beriş serişdeleri dymsa-da, ýurt daşyndaky türkmenler dymmady. Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary Türkiýede, Demirgazyk Kiprde, Birleşen Ştatlarda türkmen hökümetiniň we prezidentiniň alyp barýan syýasatyna garşy açyk protest bildirmäge başladylar.

Protest çäreleri baradaky maglumatlar Internetde giňden ýaýrady. Munuň netijesinde, protest çärelerine has köp adam gatnaşyp başlady we öňe sürülýän talaplaryň sanawy artdy.

Türkmen häkimiýetleri protest tolkunlarynyň aktiwliginiň öňüni aljak bolup, aktiwistlere we olaryň maşgala agzalaryna garşy basyşlaryny güýçlendirdiler.

Türkiýede bilim alýan türkmen studentleriniň sözlerine görä, Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň işgärleri olaryň umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, mobil telefonlaryndaky maglumatlary, şol sanda şahsy hat alyşmalaryny, suratlaryny barlapdyrlar. Eger-de protest hereketlerine gatnaşan aktiwistler bilen bagly kontaktlar ýa-da suratlar tapylan bolsa, onda studentleriň ilki deportasiýa edilip, soňy bilen-de türmä basyljakdygy bilen haýbat atylypdyr.

Türkiýede, Russiýada we beýleki käbir ýurtlarda telefon arkaly jaňlar edilip, fiziki taýdan zulum görkeziljekdigi bilen hem gorkuzylypdyr.

Türkmenistanyň öz içinde-de aktiwistlere we olaryň ýakynlaryna basyşlaryň güýçlenendigi barada habarlar gowuşýar. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, soňky aýlarda ýurduň içinde-de protest çärelerini gurnamak, türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan listowkalary paýlamak synanyşyklary edilýär.

YouTube-de “Wepa Çopan” lakamy bilen çykyş edýän türkmen aktiwistiniň sözüne görä, Türkmenistanda häkimiýetler onuň ene-atasyna, aýalyna we çagalaryna basyş görkezip, ony ‘sem etmäge’ synanyşýarlar.

16-njy iýunda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda, Internetde oppozisiýanyň birleşmegine çagyryş eden, Myrat Düşemow atly ýene bir aktiwist tussag edildi. Birnäçe günden soň, ol öý tussaglygyna geçirildi.

26-njy maýda türkmenleriň Stambuldaky protest çäresini gurnan Hanym Rasullowanyň Türkmenistandaky dosty hem ençeme gezek Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň ýerli edarasyna çagyryldy. Howpsuzlyk gulluklary Rasullowanyň protest hereketlerinden el çekmegini talap edip, onuň dostuny ýençdiler. 24-25-nji iýunda ony bir gije-gündizläp Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň edarasynda suwsuz, iýmitsiz sakladylar we gaýtadan urdular. Rasullowanyň ýakynlaryna hem basyş edilýändigi bellenilýär.

Iýulda Baýramaly şäherinde polisiýa Internet çatlarynda “Gülnar” lakamy bilen tanalýan üç gyz dogany gorkuzyp, olara fiziki taýdan şikes ýetirmek bilen haýbat atdylar.

Beýanata gol goýan adam hukuklaryny goraýjy topar bu hili ýene başga-da ýagdaýlaryň hasaba alnandygyny nygtaýarlar.

Beýanatda Türkmenistanyň dürli pikirliligi basgalamak tejribesinden el çekmegine, aktiwistleri yzarlamagyny bes etmegine we emele gelip başlan graždan jemgyýetçiligi bilen dialoga başlamaga çagyryş edilýär. Beýanatyň awtorlary diňe şu ýagdaýlarda syýasy gapma-garşylygyň ýitileşmeginiň öňüni alyp boljakdygyny we toplanan meseleler üçin konstruktiw çözgüt tapmaga mümkinçilik dörejekdigini belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG